Informasiýa-kommunikasiýa we innowasion tehnologiýalary [PDF]

  • Commentary
  • 1589238
  • 0 0 0
  • Gefällt Ihnen dieses papier und der download? Sie können Ihre eigene PDF-Datei in wenigen Minuten kostenlos online veröffentlichen! Anmelden
Datei wird geladen, bitte warten...
Zitiervorschau

M. Çüriýew, S. Gandymow, A. Nurmuhammedow, I. Abdurahmanowa

INFORMASIÝA-KOMMUNIKASIÝA WE INNOWASION TEHNOLOGIÝALARY Umumy orta bilim berýän mekdepleriň XI synpy üçin synag okuw kitaby Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenildi

Aşgabat Türkmen döwlet neşirýat gullugy 2014

UOK 373.1:004 Ç 81 Çüriýew M. we başg. Ç 81    Informasiýa-kommunikasiýa we innowasion tehnologiýalary. Umumy orta bilim berýän mekdepleriň XI synpy üçin synag okuw kitaby. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014.

TDKP № 272, 2014

KBK 32.97 ýa 72

© M. Çüriýew we başg., 2014.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET TUGRASY

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET BAÝDAGY

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SENASY Janym gurban saňa, erkana ýurdum, Mert pederleň ruhy bardyr köňülde, Bitarap, garaşsyz topragyň nurdur, Baýdagyň belentdir dünýäň öňünde. Gaýtalama: Halkyň guran Baky beýik binasy, Berkarar döwletim, jigerim janym, Başlaryň täji sen, diller senasy, Dünýä dursun, sen dur, Türkmenistanym! Gardaşdyr tireler, amandyr iller, Owal-ahyr birdir biziň ganymyz. Harasatlar almaz, syndyrmaz siller, Nesiller döş gerip gorar şanymyz. Gaýtalama: Halkyň guran Baky beýik binasy, Berkarar döwletim, jigerim janym, Başlaryň täji sen, diller senasy, Dünýä dursun, sen dur, Türkmenistanym!

Sözbaşy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda çykaran Permanyna laýyklykda Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasy tassyklandy. Şol sebäpli «Informasiýa-kommunikasiýa we innowasion tehnologiýalary» okuw dersiniň maksatlary we meselelerine, onuň düzümine gaýtadan seredildi. Netijede, onuň esasynda täze okuw dersleriň döredilmek mümkinçilik­ leri kesgitlenildi. Informasion we kommunikasion tehnologiýalaryň ýokary depginler bilen ösmegi we innowasion tehnologiýala­ rynyň adamyň işiniň ähli taraplaryna edýän täsiri täze «Informasiýa-kommunikasiýa we innowasion tehnologiýalary» okuw dersiniň girizilmegine şert döretdi. Umumy orta bilim berýän mekdeplerde informasiýa-kommunikasiýa we innowasion tehnologiýalarynyň öwredilmegi informasion jemgyýetde okuwçylary praktiki taýdan durmuşa taýýarlamaga gönükdirilendir. Okuw dersiniň esasy mazmuny informasiýa we informasion prosesler baradaky bilimiň elementlerinden; informasion we kommunikasion tehnologiýalary dürli ders ugurlarynda ulanmakdan, innowasion tehnologiýalary bilen tanyşmakdan ybaratdyr. Okuw dersiniň şu okuw kitabyndaky mazmuny okuw prosesinde yzygiderli aşakdaky düzümlerde beýan edilýär: 7

– informasion sistemalar we olaryň esasy düşünjeleri we düzüm bölekleri; – maglumat bazalary we SQL dili; – kommunikasiýa we tor tehnologiýalary; – howpsuzlyk tehnologiýalary; – innowasion tehnologiýalar. Okuw kitabyndaky maglumat «Informasiýa-kommunikasiýa we innowasion tehnologiýalary» okuw dersiniň seredýän meseleleriniň yzygiderliligine laýyklykda bölümlere bölünendir. Okuw kitabynda informasion sistemalaryň esasy düşünjelerine we funksional niýetlenilişine, maglumat bazalarynda ýöriteleşdirilen SQL talaplary döretmek meselesine, tor tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerine, informasion sistemalarynda işlenilende ýüze çykýan howpsuzlyk meselelerine, iň soňky innowasion tehnologiýalaryna seredilýär. Öwrenilen zatlary berkitmek we okaýanlarda tejribelik tärlerini ösdürmek üçin okuw kitabynda bilimi barlamak üçin soraglar hem-de alnan bilimleri tejribede ulanmaga mümkinçilik berýän zerur amaly işler getirilendir.

8

I bölüm. Informasion sistemalar

§1. Özara hereket edýän elementler bilen emele gelen sistemalar, elementleriň ýagdaýlary, elementleriň arasynda informasiýanyň alyş-çalşygy Sistema – özara baglanyşykly böleklerden (elementlerden) ybarat bolan we bir bitewi zat görnüşindäki çylşyrymly obýektdir. Sistemanyň hemme bölekleri biri-biri bilen bellibir gatnaşykda bolýar. Islendik sistema diňe bir öz bölekleriniň düzümi bilen däl-de, şol bölekleriň bir bitewi zada birleşmeginiň tertibi we usuly bilen kesgitlenýär. Her sistema bellibir maksada (wezipesine) eýedir. Sistemanyň ilkinji esasy häsiýeti – onuň maksadalaýyklygydyr. Düzüm gurluşy – sistemanyň elementleriniň arasyn­ daky baglanyşyklaryň tertibidir, sistemanyň häsiýetleri oňa bagly bolup durýar. Hatda şol bir düzümli we aýratyn gurluşly sistemalar üýtgeşik häsiýetlere eýe bolup, dürli maksatlar üçin ulanylyp bilner. Element düzüminiň ýa-da düzüm gurluşynyň bozulmagy sistemanyň maksadalaýyklygynyň bölekleýin ýa-da tutuşlaýyn ýitmegine getirýär. Mundan başga-da, has uly sistemanyň düzümine girýän sistema kömekçi sistema diýlip atlandyrylýar. Informasion baglanyşyklar nämeden ybarat? Jogap aýdyň ýalydyr: informasiýanyň alyş-çalşygyndan, siste­ manyň bir elementinden beýlekisine çenli informasiýany geçir­mekden. Emma informasiýany bir ýerde saklaman geçirip bolmaýar. Informasiýany geçirmek üçin, ony bir ýerden almak gerek we ol iberilenden soňra ony ýerleşdirmek gerek bolýar. 9

Giň manyda informasion sistema diýip, maksady informasiýa bilen işlemekden ybarat bolan islendik guramaçylyk düzüm gurluşy atlandyryp bolýar, meselem: kitaphanany, demir ýollaryň sorag-jogap gullugyny, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň edarasyny (gazet redaksiýasyny, telemerkezi, radiostudiýany). Bu ýagdaýda informasion sistema bolup, dolandyryş düzüm gurluşyň hemme bölümleri çykyş edýär. Islendik informasion sistemanyň esasynda maglumat­ laryň düzümleşdirilen toplumy – maglumatlaryň düzüm gurluşy durýandyr. Informasion sistemanyň işlemegini üpjün etmek üçin goldaýan serişdeler bolmalydyr, olar sistema we ulanyjy görnüşlerine bölünýärler. Sistema serişdeleriň maksady – maglumatlaryň abatlygyny, olaryň täzelenmegini we goranylmagyny üpjün etmek. Ulanyjy serişdeleriň (goşundylaryň) maksady – ahyrky ulanyjylaryň işiniň amatlylygyny üpjün etmekdir. Mundan beýläk kompýuter informasion sistemalary barada gürrüň ediler. Informasion sistema (IS) – kompýuter tehnikasynyň esasynda gurnalan, informasiýanyň ägirt uly möçberini saklamak, gözlemek, işläp taýýarlamak we geçirmek üçin niýetlenen, bellibir ugurlarda peýdalanylýan sistemadyr. IS-i tehniki serişdeler boýunça toparlara bölmek Topara bölmegiň birinji alamaty tehniki serişdeleri ulanmak boýunça kesgitlenýär. Iň ýönekeý IS bir kompýuterde işleýär. Hemme informasiýa şol kompýuteriň ýadynda jemlenýär hem-de şol ýatda sistemanyň tutuş programma üpjünçiligi işleýändir. Lokal toruň esasyndaky IS – edara, kärhana, firma hyzmat edýän informasion sistemalardyr. Şeýle sistemada aýlanýan informasiýa tor boýunça dürli ulanyjylaryň arasynda iberilip bilýär; umumy elýeterli maglumatlaryň dürli bölekleri toruň dürli kompýuterlerinde saklanylyp bilýär. Global kompýuter torlaryň esasynda işleýän IS – Internetiň hemme gulluklary. Olaryň arasynda iň ulusy bolup World Wide Web (bütindünýä kerebi) çykyş 10

edýär. Emma umumy bolmadyk, elýeterligi we masştaby boýunça çäklendirilen global informasion sistemalaryň köp sanysy bardyr – olar korporatiw sistemalardyr. Olar bir pudaklaýyn dolandyryş edaranyň kärhanalarynyň lokal torlaryny özara birleşdirip bilýär hem-de sebitleýin, ministrligiň çäginde olaryň netijeli dolandyrylmagyna ýardam berip bilýär. Eger siz demir ýol ýa-da uçar arkaly uzak aralyklara gitmek üçin biletleri satyn alan bolsaňyz, diýmek, siz ýöriteleşdirilen global toruň esasynda işleýän ulag informasion sistemanyň hyzmatlaryndan peýdalanypsyňyz. Maksatlary boýunça IS toparlara bölmek Informasion sistemalaryň has gadymy we köp ulanyl­ ýan görnüşi bolup, informasion sorag-jogap ýa-da informasion-gözleg sistemalary (IGS) çykyş edýär. Şeýle sistemalary peýdalanmagyň esasy maksady – gepleşik düzgüninde ulanyjylaryň talaplaryna işjeň ýagdaýda jogap tapmakdyr. Saklanylýan maglumatlaryň uly möçberi, olaryň hemişe täzelenmegi IGS üçin mahsus häsiýetler bolup durýar. Internetiň gözleg serwerleri – tor serişdeleriniň informasion sorag-jogap sistemalarydyr. Informasion sistemalaryň başga görnüşi – dolandyryş sistemalary. Şeýle sistemalaryň esasy maksady – dolandyryş çözgütleri işläp düzmek. Dolandyryş sistemalary bütinleý awtomatiki ýa-da awtomatlaşdyrylan bolýar. Awtomatiki dolandyryş sistemalary (ADS) adam gatnaşmazdan işleýärler. Olar tehniki gurluşlary, önümçilik gurnawlary, tehnologik proseslerini dolandyryş ulgamlary. Meselem, ADU (Awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamlary) fiziki tejribehanalarynda elementar bölejiklerini tizleşdiriji guralyň işini, himiki reaktoryň işini ýa-da önümçilik kärhanasynda awtomatiki ugry dolandyrmak üçin ulanylýar. Dolandyryş ulgamyň işini kompýuter ýerine ýetirýär, ol programma düzüjiler tarapyndan taýýarlanan programma boýunça işleýär. Awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamyndaky dolandyryş hakyky wagtyň düzgüninde bolup 11

geçýär. Bu bolsa, dolandyrýan buýruklaryň dolandyrylýan fiziki proses bilen bir wagtda işlenilmelidigini aňladýar. Şol sebäpli dolandyrylýan obýektiň işiniň ýokarlanmagy bilen dolandyryjy kompýuteriň işjeňligi hem ýokarlanmalydyr. Dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlaryna (DAU) adam-maşyn ulgamlary diýip bolýar. Olaryň içinde kompýuter dolandyryjy adamyň kömekçisi hökmünde çykyş edýär. DAU-da kompýuteriň wezipesi adama çözgüt kabul etmek üçin operatiw ýagdaýda zerur bolan informasiýany bermekdir. Şonda kompýuter öz içine goýlan matematiki modelleriň esasynda ýeterlikçe derejede çylşyrymly maglumatlaryň işlenip taýýarlanylmagyny amala aşyryp bilýär. Uly DAU‑lar kärhanalary, energiýa sistemalaryny, eýsem, önümçiligiň tutuş pudaklaryny dolandyrýarlar. Informasion sistemalaryň ýene bir görnüşi bolup, kompýuteriň esasyndaky öwrediji sistemalar çykyş edýär. Şeýle sistemanyň iň ýönekeý görnüşi – şahsy kompýuterde ulanyjynyň özbaşdak düzgünde işleýän öwrediji programmasydyr. Kompýuter torlarynyň mümkinçiliklerini peýdalanýan sistemalar ondan has çylşyrymly bolup durýar. Global torlarda işleýän uzak aralykdaky öwrediji sistemalar has çylşyrymly we göwrümli hasaplanylýar. Aragatnaşygyň ýokary tizlikli sistemalary multimedia teh­nologiýasy bilen bilelikde hakyky wagtda (online ýagdaýda) okuwlary guramaga, aralykdaky umumy okuwlary, seminarlary, maslahatlary geçirmäge, hasaplary we synaglary kabul etmäge mümkinçilik berýär. Ekspert sistemalary – bellibir ders ugurlarynda bilimleriň modellerine esaslanandyr. Ekspert sistemasy öz içinde ýokary derejeli hünärmeniň bellibir ders ugrundaky bilimini jemleýär hem-de ulanyja maslahat bermek üçin, çylşyrymly çözgütleri kabul etmek, formal ýagdaýa kyn getirilýän meseleleri çözmekde ulanylýar. Ekspert sistemalary arkaly çözülýän meseleleriň mysaly hökmünde näsag adamyň keselini anyklaýyş; çylşyrymly tehnikanyň (mese12

lem, kosmos gämisiniň) bozuklygynyň sebäplerini kesgitlemek; bozuklygy düzetmek üçin maslahat bermek; kabul edilen dolandyryş çözgüdiniň ähtimal netijelerini kesgitlemek we ş.m. bolup durýandyr. Geoinformasion sistemalar (GIS), ylmy barlaglaryň awtomatlaşdyrylan sistemalary (YBAS), taslamagy awtomatlaşdyrmagyň sistemalary (TAS) we beýlekiler bardyr. Informasion sistemanyň umumy düzüm gurluşyna, ulanylýan ugruna garamazdan kömekçi sistemalaryň utgaş­ masy hökmünde garamak bolýar. Bu ýagdaýda toparlaşdyr­ magyň düzüm gurluşlaýyn alamaty göz öňünde tutulýar, kömekçi sistemalar bolsa, üpjün ediji diýlip atlandyrylýar. Şeýlelik bilen, islendik informasion sistemanyň düzüm gurluşy üpjün ediji kömekçi sistemalaryň utgaşmasy hök­ münde görkezilip bilner (1-nji surat). Üpjün ediji kömekçi sistemalaryň arasynda, adatça, informasion, tehniki, matematiki, programma, guramaçylyk we hukuk üpjünçiligini belleýärler. Informasion üpjünçiligi – informasiýany toparlara bölmegiň we kodirlemegiň bitewi ulgamynyň, bir nusga getirilen resminamalar ulgamlarynyň, informasion akymlarynyň ülňüleriniň utgaşmasydyr, şeýle hem maglumatlar bazalaryny gurmagyň usulyýetidir. Tehniki üpjünçilik – informasion sistemanyň işlemegi üçin tehniki serişdeleriň toplumy, şeýle hem, şol serişdelere bolan degişli resminamalar we tehnologiki prosesler. Tehniki üpjünçilik Matematiki üpjünçilik Programma üpjünçiligi

Informasion üpjünçilik Informasion sistema

Guramaçylyk üpjünçiligi Hukuk üpjünçiligi

1-nji surat. Informasion sistema we onuň kömekçi sistemalary

13

Matematiki we programma üpjünçiligi – matematiki usullaryň, modelleriň,algoritmleriň we informasion sistemalaryň maksatlaryny, wezipelerini amala aşyrmak, şeýle hem tehniki serişdeleriň toplumyny kadaly işletmek üçin programmalaryň jemidir. Guramaçylyk üpjünçiligi – informasion sistemasy işlenip düzülende we ulanylanda işgärleriň tehniki serişdeler bilen we özleriniň arasynda özara baglanyşygyny düzgünleşdirýän usullaryň we serişdeleriň jemidir. Hukuk üpjünçiligi – informasion sistemalaryň döredilmegini, ýuridiki derejesini we işlemegini kesgitleýän, informasiýanyň alynmagyny, özgerdilmegini we ulanylmagyny düzgünleşdirýän hukuk kadalaryň jemidir. Informasion sistemalary döredilende ýa-da ol toparlara bölünende çözülýän meseleleriň formal – matematiki we algoritmik teswiri bilen bagly bolan meseleler hökmany ýüze çykýandyr. Tutuş sistemanyň işiniň netijeliligi, şeýle hem, alnan informasiýanyň netijesinde çözgüt kabul edilende adamyň oňa gatnaşýan derejesi bilen kesgitlenýän awtomatlaşdyrmagyň derejesi formallaşdyrmagyň derejesine köp möçberde baglydyr. Meseläniň matematiki teswiri näçe takyk bolsa, şonça hem maglumatlary kompýuter arkaly işläp taýýarlamagyň mümkinçiligi ýokary bolýar hem‑de ony çözmek üçin adam şonça az derejede gatnaşýandyr. Şol hem meseläniň awtomatlaşdyrylmagynyň derejesini kesgitleýändir. Soraglar 1. Häzirki zaman informasion sistemanyň haýsy esasy alamatlaryny belläp bolýar? 2. Şular ýaly sistemalar Informasion sistemalaryň haýsy görnüşlerine degişli: – ýurduň dürli sebitleri üçin howa maglumaty sistemasy; – uçarmansyz kosmos gämisini dolandyryş sistemasy; – uly howa menziliniň dispetçer gullugynyň sistemasy; – kardiologiýa klinikasynda anyklaýyş sistemasy? 3. Mekdebiň işinde informasion sistemalary peýdalanmagyň mümkin bolan ugurlaryny oýlap tapyň. Siziň oýlap tapan sistemaňyz informasion sistemalaryň haýsy görnüşlerine degişli?

14

§2. Dolandyryş çözgüdi taýýarlaýyş, kabul ediş we dolandyryjy täsiri işläp düzmek hökmünde. Dolandyryş ters baglanyşygyň orny Dolandyryş proseslerini öwrenmek bilen kibernetika ylmy meşgul bolýar. Kibernetikanyň başlangyjyny 1948‑nji ýylda neşir edilen «Kibernetika, ýa-da haýwandaky we maşyndaky dolandyryş we baglanyşyk» kitaby bilen amerikan alymy Norbert Winer döretdi. Dolandyryş – kibernetikanyň esasy düşünjeleriniň biridir, ol sistemanyň hereketiniň üýtgemegini, onuň daşky dünýä bilen özara gatnaşygynyň maksadyna ýetmek üçin ugrukdyrylmagyny kesgitleýär. Şonda hereket düşnüksiz amala aşyrylyp bilner, ýagny dolandyryş bu tebigatyň adaty ýagdaýydyr, eger berlen proseslere garalsa, ol materiýanyň ösüşiniň has ýokary derejesinde emele gelýär. Dolandyryş barada gürrüň edilende, dolandyryl­ýan obýekte täsir edilende ony, sistemanyň adamyň aňly‑dü­şün­ jeli işi bilen gönümel ýa-da bir zadyň üsti bilen baglanyşykly işiniň maksadyna laýyk gelýän ýagdaýa getirýän täsiri göz öňünde tutýarlar. Janly tebigatyň derejesinde şol hadysalar düşünjesiz bolup geçýär, diňe adam jemgyýetinde dolandyryjy obýektiň dolandyrylýan obýekte bolan täsiri adam tarapyndan aňly-düşünjeli bellenilýändir. Dolandyryş prosesinde dolandyryjy we dolandyrylýan elementler göz öňünde tutulýar. Şeýle hem dolandyryjy tä‑ sir düşünjesi girizilýär. Dolandyryş diýip, bellibir düzüm gurluşy saklamagy, işiň düzgünini we düzümini goldamagy, funksiýalaryň, maksatlaryň we programmalaryň amala aşyrylmagyny üpjün edýän dürli tebigatyň gurnalan sistemalaryň (biologiki, durmuş taýdan, tehniki) elementar funksiýasyna düşünilýär. Dolandyryş prosesi bellibir ülňi boýunça amala aşyrylýar. Dolandyryş organy we obýekti bardyr, olaryň birinjisi dolandyryş täsiri döredýär hem-de maksat bilen netijäniň biri-birine laýyk gelmezligini minimuma getirmek 15

üçin dolandyrylýan sistemanyň ýagdaýyny belleýär. Ikinji element, bellibir utgaşyk işi ýerine ýetirip, dolandyryjy organ bilen gatnaşygy ters baglanyşyk arkaly goldaýar. Informasiýany geçirýän kanallaryň özi bolsa ters baglanyşygyň kanallary we zynjyrlary diýlip atlandyrylýar. Ters baglanyşyk ýok bolanda ülňi «gönümel baglanyşykly dolandyryş» adyny göterýär. Dolandyryş nazaryýeti diňe tehniki sistemalaryna degişli däldir. Tejribelik, dolandyryşyň fundamental shemasynda islendik sistemany dolandyrmagyň esaslarynyň (kanunalaýyklyklaryň) goýlandygyny görkezdi, olar haçanda dolandyrylýan obýektiň ýagdaýy barada zerur bolan maglumatyň ýoklugy sebäpli gönümel baglanyşykly dolandyryş sistemasy netijeli däl bolan ýagdaýda gerek bolýar. Bellibir iş bilen meşgul bolýan adamlar toparyna degişlilikde, eger ýolbaşçy toparyň işiniň netijelerini seljermeýän bolsa, bu toparda gowy netije görkezmek mümkin däl. Dolandyryş prosesleri modelirlenende dolandyryşyň, adatça, üç görnüşine seredýärler: açyk, ters baglanyşykly dolandyryş (ýapyk), adaptiw. Açyk dolandyryş özüniň gazanylmagy üçin zerur bolan dolandyryjy täsiri kesgitleýän maksadyň bolmagyny göz öňünde tutýar. Açyk dolandyryşyň düzüm gurluşy ýönekeýdir. Onuň çyzykly bolmagy we ters baglanyşygyň ýoklugy dolandyryşy ýönekeýleşdirýär. Obýektiň işiniň netijesi öň meýilleşdirilenden üýtgände, köplenç, seljeriş geçirilýär, ol şol üýtgemegiň sebäbini düşündirmäge kömek bermek bilen, dolandyryş usulyny üýtgetmek meselesini öňde goýmaýar. dolandyrýan



dolandyrylýan

Ýapyk dolandyryşda netijäni almaga täsir edýän faktorlar hasaba alynýandyr; oňyn däl ýagdaýlary düzetmek we oňyn täsiri güýçlendirmek üçin dolandyryşy üýtgetmek 16

mümkinçiligiň bardygy göz öňünde tutulýar. Eger oňyn däl faktoryň täsiriniň netijesi janly organizmleriň inersion güýçleri sebäpli ýeterlikçe uzak wagtdan bildirýän bolsa, onda dolandyryş usulyýetinde ep-esli kynçylyklar döreýär. Ýapyk dolandyryş, esasan, wagtyň gysga aralyklaryna ni­ ýetlenendir. dolandyrýan



dolandyrylýan

Adaptiw dolandyryş ýapyk dolandyryşdan daşky faktorlary hasaba alýan bloguň bardygy bilen tapawutlanýar, şol faktorlar sistemanyň işiniň netijesi alynmazdan öň seljerilýändir. Çaklama bolanda bolsa, onuň täsirini aýyrmak boýunça çäreler (oňyn däl baglanyşyk) görülýär ýa-da onuň oňyn netijesini ýokarlandyrmak üçin çäreler ylalaşylýar. Dolandyryşyň şeýle usulyýetinde seljerişiň blogy ýapyk dolandyryşdakydan has çylşyrymly bolýar, sebäbi faktorlaryň täsirlerine obýektiw baha berýän ahyrky netije dolan­dyryjy sistema bir hadysanyň öňüni almak üçin hereket eden pursadynda belli däldir. Ylmy taýdan esaslandyrylan dogry hereket diňe, dolandyrylýan obýekti dykgatly öwrenmegiň we hemme faktorlaryň täsiriniň takyk modelini gurmagyň netijesinde hem-de zerur we obýektiw maglumatyň bolan ýagdaýynda mümkindir. Adaptiw dolandyryşy peýdalan­magyň zerurlygyny şertlendirýän esasy sebäpler bolup, prosesiň ep‑esli dowamlylygy, nädog­ ry çözgütden ýitgilere getirýän stohastiki faktorlara, tehnologiki enjamlaryň dürli toplumyna we işgärleriň hünär derejesine bagly bolmagy çykyş edýär. Adaptiw dolandyryşy barlagdan geçirmegiň ikinji wajyp faktory bolup, köp ýagdaýda ýaramaz howa hadysalaryna garaşylanda öňüni alyş hereketleriň düşünilmeýän prosesler bilen, hojalygy alyp barmakda töwekgelligi kesgitlemek bilen adamyň hereketlerinde we akyl işinde dolandyryş prosesiň adaptiwligi gul­ luk edýär. 2. Sargyt № 1307.

17

Öňde goýlan maksada ýetmeklige getirýän prosesi guramaklygyň dürli usullary bardyr. Şol sebäpli dolandyryş meseleleri çözmegiň birnäçe görnüşlerine ýol berýär. Bu ýagdaýda çözmegiň iň optimal ýoluny saýlamak zerur. Munuň üçin netijelilik ölçegi ýa-da maksatlaýyn funksiýa ulanylýar. Maksatlaýyn funksiýanyň esasy maksady – berlen maksada ýetmek üçin, meseläni çözmegiň amatly ýoluny kesgitlemek. Dolandyryş ters baglanyşygyň orny Ters baglanyşyk dolandyrylýan kömekçi sistemanyň elementleri tarapyndan dolandyrýan kömekçi siste­manyň işlemeginiň zerur şerti we oňa gözegçilik etmegiň serişdesi bolup durýar. Mundan başga-da ol, dolandyrýan kömekçi sistemanyň özüne gözeg­çilik etmek serişdesi bolmak bilen, dolandyryş işi daşky şertlere we sistemanyň mümkinçiliklerine laýyk gelmedik ýagdaýynda ony düzediji gural hökmünde çykyş edýär. Dolandyrmagyň ýönekeý tehniki sistemalarynda ters baglanyşyk, ýerine ýetiriji elementleriň dolandyrýan elementlere gönümel fiziki täsir etmegi görnüşinde amala aşyrylýar. Janly sistemalarda we durmuş taýdan sistemalarda ters baglanyşyk ýerine ýetiriji elementleriň dolandyrýan elementlere informasion täsir etme görnüşinde amala aşyrylýar. Informasion gatnaşyklar arkaly amala aşyrylýan ters baglanyşyk çeýelik, tiz hereketlilik we energiýany sarp etmekde tygşytlylyk bilen tapawutlanýar. Şeýle ters bagla­ nyşyk giňişlik we wagt bilen känbir çäklenmeýär, sebäbi informasiýany uzak aralyklara iberip we gerek bolan pursada çenli saklap bolýar. Emma şonuň bilen birlikde, ters baglanyşyk dolandyryş prosesiniň umumy «inersiýasyny» artdyrýar. Ol elmydama ýerine ýetiriji element dolandyrýan kömekçi sistemanyň täsiriniň astynda öz ýagdaýyny üýtgedenden soň hereket edýär.

18

Dolandyryş işiniň netijesiniň dolandyrýan kömekçi sistema tarapyndan meýilleşdirilen netijesine görä daşlaş­ma­ gy we golaýlaşmagy degerli ters baglanyşygy üçin örän wajypdyr. Şol sebäpli dolandyryş proseslerinde ters baglanyşyk, köplenç, otrisatel bolup durýar, ýagny eger dolandyrýan täsir, işiň berlen şertlerinde sistemanyň funksional inwariantyna laýyk gelmeýän bolsa, ol onuň peselmegine ýardam edýändir. Ters baglanyşygyň düzgüni, dolandyryşyň optimal görnüşini gözlemek üçin wagtyň we energiýanyň goşmaça sarp edilmegini talap edýän synanyşyklaryň we ýal­ ňyşlyklaryň usuly bilen amala aşyrylýar. Ters baglany­ şygyň iň pes inersiýaly sistemalar, köplenç, ulanyşdan galmaýar. Dolandyryş sistemanyň işleýiş prosesindäki gönümel we ters baglanyşyklar düzüm gurluşy boýunça bir zadyň üsti bilen amala aşyrylýan fiziki özara hereket etmekden tapawutlanýandyr. Eger ol, şol bir aralykda ulanyl­ ýan obýektleriň üsti bilen gönümel hem-de ters hereket hökmünde amala aşyrylyp bilýän bolsa, onda informasion baglanyşyk görnüşindäki gönümel we ters baglanyşyklar dürli ýollar hem-de çeşmeler we adresatlar arkaly amala aşyrylýandyr. Soraglar we ýumuşlar 1. Janly tebigatdaky, durmuş taýdan jemgyýetdäki, tehniki gurluşlardaky dolandyryjy sistemalara mysal getiriň. 2. Maksatlaýyn görkezmeleriň üýtgedilmegi dolandyrýan sistemanyň hereketine düýpli täsir edýändigine mysal getiriň. 3. Açyk we ýapyk dolandyryşyna mysal getiriň. 4. Dolandyryş sistemalarynda ters baglanyşygyň wezipesi nämeden ybarat? 5. Näme sebäpli adamyň pikir etmegi adaptiw häsiýetine eýe bolup durýar? 6. Öwrediş prosesi dolandyryş sistemalary babatda beýan ediň.

19

§3. Özüni dolandyrýan sistemalar, olaryň aýratynlyklary Käbir dolandyryş sistemalarynda dolandyryjy we dolandyrylýan zatlar, özüni dolandyrýan sistema bolup durýan bellibir sistemanyň kömekçi sistemalary hökmünde aýrylmaz bitewülikde bolýarlar. Şeýle sistemanyň çäginde dolandyrýan we dolandyrylýan kömekçi sistemalaryň özara gatnaşygy öz-özüni dolandyryş prosesi hökmünde çykyş edýär. Döreýşi boýunça özüni dolandyrýan sistemalar tebigy we emeli görnüşlere bölünýärler. Özüni dolandyrýan tebigy sistemalara hemme janly sistemalar (takmynan, wiruslardan başlap ösümlikler we haýwanlar bilen tamamlap) we durmuş taýdan sistemalar degişlidir. Özüni dolandyrýan emeli sistemalaryň hataryna adam tarapyndan döredilen, göräleýin özbaşdak hereket edýän kibernetiki gurluşlar, sehler we zawod-awtomat görnüşli tehniki sistemalar, kosmos stansiýalary we ş.m. girýär. Öz-özüni dolandyryş prosesler umumy düzgünleriň esasynda bolup geçýärler. Özüni dolandyrýan sistemalarda elementleriň baglany­ şyklarynyň çeýeligi, olaryň ýagdaýynyň üznüksiz durnuksyzlygy sistemanyň ýa-da onuň bölekleriniň esasy içki prosesleriniň bolup geçmeginiň durnuklylygy bilen utgaşylýar. Özüni dolandyrýan sistemalaryň ýaşamagynyň görnüşi bolup olaryň işlemegi çykyş edýändir. Şeýlelik bilen, olar özüniň bitewüliligini we kesgitliligini saklaýar, tutuş sistemanyň ýa-da onuň aýry bölekleriniň ýagdaýynyň üýtgemegi esasynda tapawutlanmasyny üpjün edýär. Özüni dolandyrýan sistemalar özlerini daşky gurşawdan tapawutlandyrýarlar hem-de işjeň deňagramlylygyň ýa-da ýönekeý uýgunlaşma düzgünine laýyklykda daşky şertleriň üýtgemegi bilen dinamiki deňagramlylygy goldamak arkaly özüniň onuň içine alynmagyna ýol bermeýär. Ýönekeý uýgunlaşma sistemanyň düzüm gurluşynyň üýtgemegine getirmeýär. Ol, kesgitlenen çäkde daşky şertleri üýtgän ýagdaýynda özüni dolandyrýan sistemanyň bitewü20

ligi üpjün ediler ýaly, şol sistemanyň içki prosesleriniň gaýtadan gurnalmagyndan ybarat. Dinamiki deňagramlylyk sistemanyň esasy parametr­ leriniň bahalaryny saklamak bilen aňladylýar. Özüni dolandyrýan sistemalaryň işlemegi daşky şertleriň üýtge­ meginiň bellibir çäginde inwariantlydyr, ýagny sistemanyň, esasan, käbir häsiýetleri we häsiýetnamalary onuň bölek­ leriniň durnuksyzlygynyň üsti bilen saklanylýar. Ýagdaýlary daşky faktorlary tarapyndan mejbury edilip üýtgeýän fiziki sistemalaryndan tapawutlylykda özüni dolandyrýan sistemalaryň işlemegi elmydama içki tarapdan bellibir netijäni gazanmaga gönükdirilen. Özüni dolandyrýan sistemanyň ýagdaýynyň üýtgemeginiň şeýle gönükdirilmegi onuň üçin zerurdyr we kanunalaýykdyr. Hereketiň gönükdirilmegi özüni dolandyrýan sistemanyň işlemeginiň durnuklylyk faktory ýa-da onuň funksional in‑ warianty bolup durýar. Her bir özüni dolandyrýan sistema funksional inwariant­ laryň öz toplumyna eýedir, olar sistemanyň hereketini oňa mahsus bolan daşky gurşawyň üýtgeýiş çäginde onuň ýa­ şaýjylygy üpjün ediler ýaly sazlaýarlar we ugrukdyrýarlar. Geljekde işlemegi dowam etmek üçin, özüni dolandyrýan sistema daşky we öz proseslerini tanamalydyr, daşky şertlerde ugrukdyrylmany hem-de bolup geçýän üýtgemeleri hasaba almagy başarmalydyr. Mundan başga-da, öz-özüni dolandyryş prosesi gözegçilikde saklamak bilen, ol ony ýagdaýyň üýtgemegi bilen ylalaşdyrmalydyr. Özüni dolandyrýan sistema üçin daşky gurşaw – bu oňa garaşly bolmadyk, ony hasaba almaly bolýan hem-de ýok bolmazlyk üçin oňa çemeleşmeli bolýan zatdyr. Şol sebäpli özüni dolandyrýan sistemalar daşky gurşawyň üýtgemegini we öz içki prosesleriň gidişini işjeň görkezmeli bolýar. Öz-özüni dolandyryş – özüni dolandyrýan siste­ manyň şol sistema üçin kesgitlenen daşky gurşawyň üýtgemeginiň çäginde onuň ýaşaýjylylygy we mun21

dan beýläkde, işlemegi üpjün ediler ýaly öz hereketini saýlamagyň meýilnama laýyk we maksada gönükdirilen işjeň prosesidir. Eger özüni dolandyrýan sistema, özüni ösdürmäge ukyp­ ly bolsa, onda öz-özüni dolandyryş düşünjesi özüni öwretmek we özüni kämilleşdirmek prosesleri hem girýändir. Şonuň bilen bilelikde bellibir çäkde hem-de sistemanyň talaplaryna görä onuň işleýiş şertleri hem onuň tabynlygynda bolup bilýändir. Soraglar 1. Özüni dolandyrýan sistema näme? 2. Öz-özüni dolandyryş prosesi nämäni göz öňünde tutýar? 3. Özüni dolandyrýan tebigy we emeli sistemalaryna nämeler degişli? 4. Ýönekeý uýgunlaşma düzgüni nämeden ybarat? 5. Işjeň özara hereketiň düzgüni nämeden ybarat?

§4. Dolandyryşyň çylşyrymly sistemalary barada düşünje, sistemalaryň iýerarhiýa tertibi Özüni dolandyrýan sistemalaryň elementleri we kömekçi sistemalary fiziki taýdan özara hereket edýärler. Şeýle fiziki özara hereket – özüni dolandyrýan sistemanyň ýaşamagynyň hökmany şertidir. Şonuň bilen birlikde özüni dolandyrýan sistemalaryň elementleri diňe bir fiziki özara baglaşyklar bilen baglaşan däldir. Özüni dolandyrýan sistemalar fiziki taýdan özara hereket edýän elementleriň ýönekeý jemi bolup durman, şol elementleriň bileleşigi bolup durýar. Bu ýagdaýda bileleşik diýip özüni dolandyrýan sistemanyň bitewüliginiň çäginde dürli elementleriň funksi‑ onal baglanyşygyna aýdylýar. Özüni dolandyrýan sistemanyň elementleriniň bile­ le­şigi (özüni dolandyrýan sistemalaryň bileleşigi) öz-özüni dolandyryş prosesi üçin mahsus bolan informasion baglanyşyk bilen berkidilýär. Esasy elementleriň informasion baglanyşyklaryň üzülmegi fiziki baglanyşyklaryň ýitme22

gine, işleýän hem-de fiziki bitewülik hökmünde sistemanyň dargamagyna getirýär. Meselem, merkezi nerw sistemasynyň bozulmagy hem‑de şeýlelik bilen organlaryň informasion baglanyşyklaryň ýitmegi haýwanyň ölümine getirýär, ondan soň bolsa, onuň bedeniniň himiki dargamagy we fiziki bozulmagy baş­ lanýar. Bir bal arylaryň öýjüginde dürli görnüşli balarylary birleşdirmek synanyşyklary, balarylaryň öýjüginiň dargamagyna getirýär. Millet, şol milletiň her bir agzasy üçin bir bitewi bolan dil bolmazdan funksional bitewülik hökmünde ýaşap bilmeýär. Bularyň hemmesi öz-özüni dolandyryş düzgünleriň biri hökmünde öz-özüni dolandyrýan sistemanyň elementleriniň, şeýle hem bileleşigiň çäginde özüni dolandyrýan sistemalaryň informasion baglanyşyklaryň düzgüni barada aýtmaga esas berýändir. Elementleriň işjeň özüni alyp barmagynyň, işjeň görkezilmeginiň, informasion baglanyşygyň we maksady çaklamagyň düzgünleri özüni dolandyrýan sistemalaryň elementleriniň subordinasiýasynyň we düzüm gurluşynyň iýerarhiýalylygynyň düzgüni bilen berk baglanyşandyr. Iýerarhiki baglanyşyklaryň şertleri, fiziki sistema­laryň elementleri, esasan, ugrukdyrma gatnaşyklaryna gir­ýän hem bolsa, obýektleriň fiziki özara hereket etmek proseslerinde görünýändir. Obýektleriň iýerarhiki gatnaşyklarynyň başlangyçlary jansyz tebigatdaky özara baglanyşyklaryň köp böleginiň simmetriki däl bolmagynda saklanylýandyr. Ol bolsa ilkinji we ikinji obýektleriň, kesgitleýän we kesgitlenýän özara baglanyşyklaryň, öndürýän we öndürilýän zadyň gatnaşygy bilen görkezilýändir. Aralykdaky zadyň üsti bilen bolup geçýän fiziki özara hereket etmeginiň gönükdirilendigi özakymyna emele gelýär hem-de fiziki sistemalaryň elementleriniň fiziki baglaşmalarynda aýgytly rol oýnamaýar. Şeýle gönükdirilenlik materiýanyň ewolýusiýasynyň has ýokary düzüm derejesinde özüni do23

landyrýan sistemalaryň elementleriniň subordinasiýasynyň wagtal-wagtal dikeldilýän funksional gatnaşygy hökmünde ösüşe eýe bolýar. Informasion baglanyşyk elmydama gönükdirilen proses bolup durýar. Giňişlikdäki we wagtdaky bu gönükdirilme adresatyň informasiýa çeşmesine bolan bellibir gatnaşygyny, çeşmäniň we adresatyň gatnaşygynyň subordinasiýasyny aňladýar. Dolandyryşyň elementar hereketi güýç prosesleriň güýç däl – dolandyrýan proseslere tabyn etmezden mümkin däldir, onuň ilkinji çeşmesi bolup, özüni dolandyrýan sistemanyň hemme dolandyryjy we ýerine ýetiriji elementlerde informasiýa bilen görkezilýän işjeň görkeziş gulluk edýär. Şeýle tabynlyk energetiki prosesiň düzüm gurluşynyň informasiýanyň göterýän düzüm gurluşyň täsiriniň astynda üýtgemegi bilen aňladylýar. Ýokary derejede gurnalan özüni dolandyrýan sistemalar informasiýany diňe bir ýöriteleşdirilen görkeziş organlaryndan almaýar. Informasiýanyň bir bölegi ýerine ýetiriji elementlerden gelýär, sebäbi soňkular öz proseslerini üýtgetmek bilen daşky dünýäni görkezmek ukybyna eýedir. Bu informasiýa dolandyryş faktoryna, diňe dolandyrýan kömekçi sistemasynyň üstünden deslapdan geçenden soň öwrülýär. Bu ýagdaýda informasiýa subordinasiýanyň düzgünine laýyklykda ulanylýar. Dolandyrýan we dolandyrylýan kömekçi sistemalaryň iýerarhiýasynyň üsti olaryň elementleriniň subordinasiýasy bilen doldurylýar. Ýokary derejede gurnalan sistemanyň dolandyrýan kömekçi sistemasynda elementleriň tabyn edilmegi bolup geçýär, oňa bolsa dolandyryşyň dürli derejeleriniň tabyn edilmegi laýyk gelýär. Dolandyryşyň elementar ýönekeý hereketleriniň köpüsi dolandyryşyň pes derejeleriniň elementleriniň işi bilen baglydyr. Ýokary derejeleriň elementleri bolsa tutuş sistemanyň çäginde has jogapkär hereketler üçin boşadylýar. 24

Biri-biri bilen fiziki we informasion taýdan gowşak baglaşan elementleriň işini dolandyrýan kömekçi siste­ manyň elementler iýerarhiýasy ugrukdyrýar. Mundan başga‑da, iýerarhiýa dolandyryşy we informasion bag­ lanyşygy has tygşytly usul bilen we özüni dolandyrýan siste­manyň hemme funksional inwariantlaryna laýyklykda amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Kömekçi sistemalaryň we elementleriň subordinasiýasy öz-özüni dolandyryş prosesini amala aşyrmak üçin absol­ ýut zerurdyr. Emma subordinasiýanyň düzgüniniň özi absolýut ýagdaýa öwrülip bilmeýär. Bu bolsa dolandyryşyň juda berkligine we özüni dolandyrýan sistemanyň funksio­ nal mümkinçilikleriniň gowşamagyna getirerdi. Şonuň bilen bilelikde, iýerarhiýa juda körek hem bolmaly däldir. Bu ýagdaýda dolandyryşyň pes derejeleriniň elementleriniň we ýerine ýetiriji elementleriň «awtarkiýasy» tutuşlygyna öz‑özüni dolandyryş prosesiň tertibiniň bozulmagyna, öz‑özüni dolandyryşyň iň wajyp düzgüniniň bozulmagyna – onuň bel­libir netijäni gazanmak üçin gönükdirilendiginiň bozulmagyna getirer. Sistemalaryň işlemeginiň hökmany şerti bolup «ýat» çykyş edýär, ýagny maddy serişdeler arkaly sistemanyň öňki düşen ýagdaýlaryny hem-de olara degişli has üstünlikli (funksional inwariantlara görä optimal) hem-de netijeleri pesräk (optimal däl) dolandyryş hereketleri hasaba almak we bellemek. «Ýat» toplanan informasiýany umumylaşdyrmagyň we baýlaşdyrmagyň hem-de şol sebäpli özüni dolandyrýan sistemalaryň öňdebaryjy ösüşiniň maddy şerti hökmünde gulluk edýär. Bu ösüş, eger özüni dolandyrýan sistemalar özüni gaýtadan döretme ukybyna eýe bolsa (janly sistemalar), görnüşleýin ýa-da özbaşdak bolup bilýär. Ýokary derejede gurnalan özüni dolandyrýan siste­ malaryň dolandyryş hereketleri bilen bagly bolan «hady­ salary» ýatda saklamak hem-de informasiýanyň düzü­mini 25

baýlaşdyrmak ukyby sistemanyň «tejribesiniň» toplanmagyny şertlendirýär, täze ýagdaýlarda mundan soňky dolandyryş hereketleri amala aşyrylanda sistema şol tejribä goldanýandyr. Tejribäniň toplanmagy özüni dolandyrýan sistemanyň öwreniş prosesi bolup durýar. Has ýokary derejede gurnalan janly sistema bolup adam çykyş edýär. Henize çenli emeli özüni gaýtadan döredýän we dolandyrýan sistemalary döredilmedi. Şol sebäpli, wirusdan başlap adam bilen gutarmak, özüni dolandyrýan janly sistemalaryň aýry düzgünleri barada aýtmak bolýar. Adam organizminiň funksional inwariantlaryna laýyk getirilen emeli gurşawy döretmek arkaly, jemgyýet öz ösüşiniň çäklenmedik mümkinçiliklerini üpjün edýär. Megerem, durmuş taýdan öz-özüni dolandyryşyň aýry düzgüni hökmünde tebigatyň we jemgyýetiň akyl ýetirilen obýektiw kanunlarynyň esasynda, jemgyýetiň zerurlyklary‑ na degişlilikde, daşky gurşawyň işjeň özgerdilmeginiň düz‑ günini hasap etmek bolar ýaly. Soraglar 1. Öz-özüni dolandyryş näme? 2. Özüni dolandyrýan sistemanyň hökmany şerti bolup näme durýar? 3. Bileleşik düşünjesi nämäni göz öňünde tutýar we ol jemi düşünjesinden näme bilen tapawutlanýar? 4. Ýat düşünjesi nämäni aňladýar hem-de özüni dolandyrýan sistemanyň işlemek prosesinde ol nähili rol oýnaýar?

§5. Özi guralýan sistemalar Tebigatda bar bolan hem-de adam tarapyndan döredilen sistemalaryň arasynda bellibir tapawut bardyr. Eger olaryň birinjileri üçin daşky täsirlere degişlilikde durnuk­ lylyk mah­sus bolsa, onda beýlekiler üçin daşky täsirleriň üýtgemegi sistemanyň işiniň erbetleşmegine getirýär. Şu meseläni işläp düzmek üçin dünýäni teswirlemegiň täze nazaryýetini döretmek zerurlygy ýüze çykdy, oňa «sinergeti-

26

ka» ady dakyldy. Ol guramaçylygy döretmegiň, onuň emele gelmeginiň, ösmeginiň we öz-özünden çylşyrymlaşmagynyň düzgünlerine seredýär. Sinergetika özi guralýan sistemalaryna seredýär. Özi guralýan sistema – özüniň hil taýdan kesgitliligini elmydama goldamaga, maksada gönükdirilen ýagdaýda (programmalaýyn) işlemegini we öz-özünden ösmegini, öz-özünden kämilleşmegi (öz programmalaryny we işlemek usullaryny üýtgetmek babatda) amala aşyrmaga ukyply bolan dolandyryş sistemasy. Özi guralýan sistemalar barada aýdylanda ýönekeý we çylşyrymly sistemalary bellemek ýerliklidir. Ýönekeý sistemalardan tapawutlylykda çylşyrymly özi guralýan sistemalar, öz gezeginde, pesräk derejedäki özi guralýan sistema bolup durýan elementlerden ybaratdyr. Meselem, muňa mysal hökmünde köp öýjükli organizmiň (biologik sistemanyň) öýjügini ýa-da jemgyýetdäki (durmuş taýdan sistemanyň) aýry şahsyýeti getirmek bolar. Bu ýagdaýda, diňe bir, sistema elementleriň häsiýetlerini şertlendirmän, eýsem, käbir wajyp gatnaşyklarda sistemanyň häsiýetlerini şertlendirýär. Özi guralýan sistemalarda informasiýa informasion proseslerinde ýüze çykýandyr, olar informasiýanyň gaýtadan işlenip taýýarlanylmagynyň tutuş bir tapgyryny emele getirýär: käbir kadalara we ýerine ýetirilýän maksatlara laýyklykda akyl ýetirmek, özgertmek, aragatnaşyk kanal­ lary boýunça geçirmek, ýatda saklamak we işläp taýýarlamak. Informasion prosesi özi guralýan sistemanyň hakyky ýagdaýa görä işjeňliginiň görkezilmegidir, ýagny maksada gönükdirilen ýagdaýda özüni alyp barmagy, saýlaýjylykly özara hereket etmegidir. Informasion proses bilen tertipleşdirilen üýtgemegi çalşyrmaly däldir. Birinji ýagdaýda bu daşky töweregiň üýtgemeginiň derejesini saýlamagyň we assimilleşdir­megiň (meňzeş hasaplamagyň) netijesidir, beýleki ýagdaýda bolsa 27

– fiziki, himiki we ş.m. parametrleriň üýtgemeginiň prosesidir. Informasion prosesiň parametrleri üýtgeýän ululyk bolup durýandyr. Emma, özi gurnalýan sistema tarapyndan hasaba alnyp, bu üýtgeýänleriň diňe bir bölegi özleşdirilýär. Sistema üçin bolsa ondan hem kiçi bölegi wajyp bolup, dolandyryş prosesinde özgerdilýändir. Saýlamagy we assimilleşdirmegi amala aşyrmak üçin gurşawyň bellibir diskretizasiýasy zerur, ýagny hakyky ýagdaýdan gurşawyň dürli obýektleriniň bölünip çykarylmagy (sistemanyň düzümleşdirilmegi). Diskretizasiýanyň usuly özi gurnalýan sistemalaryň tebigatynyň içine goýlan. Soraglar 1. Bir böleginiň hem eýe bolmadyk häsiýetlere bir bitewi zat näme üçin eýe bolup bilýär? 2. Näme üçin sistema durnukly ýagdaýa ymtylýar? 3. Näme üçin fundamental fiziki kanunlar ýönekeý biologiki obýektleriň hereketini çaklamaga mümkinçilik bermeýär? 4. Sinergetikanyň kanunlary biologiki sistemanyň wekilleri hökmünde Size degişli bolýarmy?

§6. Informasiýanyň mukdary bilimleriň kesgitsizliginiň peseltmek ölçegi hökmünde Eger informasiýa, bilimleriň kesgitsizliginiň peselme ölçegi hökmünde kesgitlenilse, onda bu çemeleşme bilen informasiýanyň mukdaryny kesgitläp bolýandyr. Informasiýanyň esasy ölçeg birligi hökmünde bit çykyş edýär. Bir bitiň nämedigine, deň ähtimally hadysalaryň mysallarynda düşünmek ýeňil bolýar. Eger biz sorag berip, deň ähtimallyk bilen «hawa» ýa-da «ýok» jogaby alyp bilýän bolsak, onda soraga jogap alnandan soň, informasiýanyň bir biti alynýandyr. Meselem, teňňe zyňylýar, ol bir tarapyna düşüp bilýär. Teňňe zyňylmazdan öň onuň haýsy tarapyna düşmegi barada informasiýa ýokdur. Deň ähtimallyk bilen mümkin bolan iki hadysa bolup geçer. Teňňe zyňylmazdan biziň 28

bilimlerimiziň kesgitsizligi bar (iki hadysa mümkin bolup dur) hem-de köpügiň nähili aşak düşjekdigini çaklamak mümkin däldir. Teňňe zyňlandan soň, doly aýdyňlyk bolýar, sebäbi teňňe bellibir ýagdaýda bolýar. Bu informasion habar biziň bilimlerimiziň kesgitsiz­ liginiň iki esse peselmegine getirýär, sebäbi teňňe zyňyl­ mazdan öň biz iki sany ähtimal hadysany bilýäris, ol zyňlandan diňe biri galýar, ýagny iki esse azalýar. Alnan informasiýanyň mukdary 1 bite deňdir. 1 bit – kesgitsizligiň iki esse peselmegine getirýän ýagdaýdaky informasiýa. Informasiýanyň edil şol mukdary «Eliň haýsy birinde süýji bar?» soraga bolan jogapda saklanylýandyr. (Jogabyň iki görnüşi bar – «çep elde», «sag elde»). Bit – iki sany deň ähtimally hadysalaryň arasynda saýlama geçirilende alynýan informasiýanyň iň kiçi mukdarydyr. Informasiýanyň birligi üçin «bit» ady tötänleýin saýlanan däldir. Iki netijä eýe bolan hadysa iki sanyň kömegi bilen ýazylyp bilner: 1 we 0. Meselem: «Reşka» – 1, «Orýol» – 0 ýa-da «Süýji çep elde » – 1, «Süýji sag elde» – 0. Iki bahadan (0 ýa-da 1) birini kabul edýän san ikilik san diýlip atlandyryl­ýar ýa-da iňlisçe «BInarydigiT – bit». Mümkin bolan hadysalaryň sany näçe köp bolsa, şonça hem başlangyç kesgitsizlilik ýokarydyr hem-de degişlilikde, tejribäniň netijeleri baradaky habar şonça hem köp in­ formasiýanyň mukdaryny saklaýandyr. Informasiýanyň alynýan prosesinde nähili uly kesgitsizlilik çözülen bolsa, şonça hem köp informasiýanyň mukdary alynýandyr. Informasion habarlaryň mümkin bolan N sanyny we alnan habaryň göterýän informasiýanyň I mukdaryny baglaşdyrýan formula bardyr: N = 2 I. Ýokarda seredilen teňňe zyňylýan ýagdaýyndaky informasion habary almak mysalynda kesgitsizlilik iki esse 29

azalýar, şeýlelik bilen, habaryň göterýän informasiýa mukdary 1 bite deňdir. Eger informasion habarlaryň mümkin bolan N mukdary (ýa-da başgaça hadysalaryň netijeleriniň mümkin bolan sany) belli bolsa, habaryň göterýän informasiýanyň mukdaryny kesgitlemek üçin I ululyga görä deňlemäni çözmek gerek. Meselem, testi tabşyrandan soň haýsy bahanyň goýulandygy ýa-da gözegçilik işi ýerine ýetirenden soň bellibir kesgitsizlilik ynjalyksyzlandyrmagy mümkin. Netijeler yglan edilenden soň aşakdakylary alynýar: – test üçin «tabşyrdy» ýa-da «tabşyrmady» iki sany mümkin bolan informasion habaryň biri. Formulany ulanyp, alnan informasion habarynda saklanylýan informa­siýa­nyň mukdaryny hasaplalyň: N = 2 ⇒ 2 = 2I ⇒ I = 1 bit – synag üçin 4 sany mümkin bolan «2», «3», «4» ýa-da «5» informasion habarlaryndan biri. Formula boýunça N = 4 ⇒ 4 = 2I ⇒ I = 2 bit Soraglar we ýumuşlar 1. Informasiýanyň mukdaryny kesgitsizliligiň peseliş usuly bilen ölçemeklik nämeden ybarat? 2. Bilimleriň kesgitsizliliginiň peselmegine getirýän informasion habarlaryň mysallaryny getiriň? 3. 1 bit informasiýany göterýän informasion habarlaryň mysallaryny ge­ tiriň. 4. Deň ähtimally netijeleriniň sany belli bolan hadysanyň informasiýasynyň mukdaryny nähili kesgitlemeli? Formulany düşündiriň.

§7. Informasiýany gözlemek we saýlap almak. Gözleg usullary. Saýlap almagyň ölçegleri Hemme kompýuter informasion sistemalarynda mag­ lumatlaryň gözlegi informasiýany işläp taýýarlamagyň esasy görnüşi bolup durýandyr. Maglumatlaryň islendik 30

gözlegi amala aşyrylanda, gözlegiň atributlary diýlip atlandyrylýan onuň 3 sany düzüm bölegi bardyr: 1. Maglumatlaryň toplumy – içinde gözleg amala aşy­ ryl­ýan maglumatlaryň jemi. Maglumatlaryň elementleri ýazgy diýlip atlandyrylýar. Ýazgy bir ýa-da birnäçe meýdandan ybarat bolup bilýär. Meselem, telefon kitapçadaky ýazgy fami­liýa, salgy, telefon meýdanlardan ybarat bolmagy mümkin. 2. Gözlegiň açary – bahasy boýunça gözleg amala aşy­ rylýan ýazgynyň meýdany. Meselem, bellibir adamyň telefon belgisi gözlenilýän bolsa, gözlegiň açary bolup FAMILIÝA meýdany çykyş edýär. 3. Gözlegiň ölçegi ýa-da gözlegiň şerti – tapylmaly ýazgydaky gözlegiň açarynyň kanagatlandyrmaly şerti. Meselem, eger Ataýewiň telefony gözlenilýän bolsa, onda gözlegiň ölçegi Ataýew familiýasynyň kitapçadaky her bir nobatdaky ýazgyda görkezilen familiýa bilen gabat gelmeginden ybarat. Gözleg açarlaryň birnäçesi bolup biler, şonda gözlegiň ölçegi hem birnäçe açaryň bahasyny hasaba almak bilen çylşyrymly bolar. Meselem, kitapçada Ataýew familiýaly birnäçe ýazgy bolup, emma olaryň dürli atlary bar bolsa, onda, düzümli ölçeg öz içine iki şerti alar: FAMILIÝA – Ataýew, ADY – Albert. Hem «eldeki» gözlegde hem-de awtomatlaşdyrylan gözlegde wajyp mesele bolup gözlegiň wagtyny azaltmak çykyş edýändir. Ol iki ýagdaýa bagly bolup durýar: 1) informasion saklawhanada maglumat toplumynyň gurnalyşyna; 2) adamyň ýa-da kompýuteriň gözlegiň haýsy algoritminden peýdalanylýandygyna. Birinji bentde iki ýagdaý bolmagy mümkin: ýa maglumatlar hiç-hili gurnalmadyk bolsa (bu ýagdaýa käwagt «üýşmek» diýilýär) ýa-da maglumatlar düzümleşdirilen, ýagny bellibir tertipde tertipleşdirilen. Bellibir göterijilerde saklanylýan maglumatlaryň düzümleşdirilen 31

sistemalaryny maglumatlaryň düzüm gurluşy diýip atlandyrarys. Yzygiderli barlap görmek arkaly gözleg Şeýle gözleg üçin amatly algoritm – gerekli element tapylýança köplügiň elementleriniň hemmesini yzygiderli barlap görmekdir. Elbetde, köplügiň elementlerini tötänleýin tertipde görmek bolýar (tötänleýin barlap görmegiň usuly), emma ol has ýaramaz bolmagy mümkin, sebäbi şol bir elementleriň gaýtalanyp görülmegi gözlegiň wagtyny artdyrar. Yzygiderli barlap görmek usuly ulanylanda, ortaça näçe gezek görmek gerek bolýar? Iki sany gyraky aýry ýagdaý bardyr: – gözlenilýän element seredilýänleriň içinde birinji duran mahaly. Onda diňe bir gezek seredilýär; – gözlenilýän element barlap görmegiň tertibinde iň soňky duran mahaly. Onda görmegiň sany N-e deň, bu ýerde N – maglumatlaryň umumy sany. Eger element tapylmadyk bolsa hem, edil şolar ýaly ýagdaý bolýar. Hemme ortaky ululyklary geçirilen tejribeleriň köp sany boýunça kesgitlemek gerek. Şu düzgüne matematiki statistika diýen tutuş ylym esaslanandyr. Eger tejribeleriň (gözlegleriň) sany örän uly bolsa, onda hemme bu tejribelikdäki görlen zatlaryň ortaça sany, takmynan, N/2 sana deň bolar. Bu ululyk gözlegiň dowamlylygyny – gözleg prosesiniň baş häsiýetnamasyny kesgitleýändir. Ýarpy bölmek usuly bilen gözleg Mysal üçin, bellibir çäkde bitin sany tapmak oýnuna seredeliň. Meselem, 1-den 128-e çenli aralykda. Oýunçylaryň biri bir sany öz içinden belleýär, ikinji oýunçy bolsa, sorag berip hem-de berlen soraglara diňe «hawa» ýa-da «ýok» jogaby almak bilen şol sany biljek bolýar. Gözlegiň açary bolup bu ýagdaýda san, gözlegiň çözgüdi bolup – birinji oýunçy tarapyndan bellenilen sanyň ikinji oýunçynyň aýdan sany bilen 32

gabat gelmegi çykyş edýändir. Sanlaryň natural hataryny hasaba almak bilen gözlegi amala aşyrmak bolýar, mundan başga-da, sanlaryň arasynda uludyr-kiçidir gatnaşyklar bar. Gözlegiň bu usulyna ýarpy bölmegiň usuly diýilýär. Bu usula laýyklykda, sorag berlende, onuň jogaby näbellileriň sanyny iki esse azaldar ýaly etmelidir. Birinji sorag: «San 65-den kiçimi?» – «Hawa!» – «San 32-den ulumy?» – «Ýok!» we ş.m. Şu çäkdäki islendik san iň köp bolanda 7 sorag arkaly bilinýär. Bu bolsa 128 = 27 bilen baglydyr. Ýene-de informatikanyň baş formulasy işleýär. Maglumatlaryň tertipleşdirilen toplumy üçin ýarpy bölmegiň usuly yzygiderli barlap görmegiň usulyndan (ortaça) has tiz işleýändir. Aşakdaky suratda «3» sany 1-den 8-e çenli aralykdaky bitin sanlaryň arasyndan gözlenmegi görkezilýär (2-nji surat). Eger N çäginiň maksimal sany ikilik sanyň bitin derejesine deň bolmadyk bolsa, onda soraglaryň optimal sany hemişelik ululyk bolýan däldir hem-de şu iki bahanyň birine deňdir: X ýa-da Х + 1, bu ýerde 2х < N < 2X + 1. Meselem, eger san 1-9 aralykda gözlenilýän bolsa, ony 3 ýa-da 4 sorag berip bilmek bolýar, sebäbi 23 < 9 < 24. 1-300 aralykdaky sany 8 ýa-da 9 sorag berip bilip bolýar, sebäbi 28 < 300 < 29. Maglumatlaryň toplumy diňe bir san açary boýunça tertipleşdirilmän hem bilýär. Tertipleşdirmegiň beýleki görnüşi – elipbiý boýunça. Ýarpy bölmegiň usuly arkaly orfografiki sözlükde ýa-da daşary ýurt diliniň sözlerini sak­ laýan sözlükde gözlegi amala aşyryp bolýar. 1

2

3

4

5

6

1

2

3

4

3

4 3

7

8 1-nji sorag

2-nji sorag 3-nji sorag

2-nji surat. «3» sanyň 1-8 aralykdaky bitin sanlaryň arasyndan tapylmagy 3. Sargyt № 1307.

33

Blokly gözleg Ýazgy kitapçaly mysala seredeliň. Goý, ýazgy kitapçada kesilen «basgançak» görnüşinde ýa-da sahypanyň ýokarsynda kesilen harplar görnüşinde elipbiý indeksi bar bolsun. Bir harp bilen belgilenen sahypalara blok diýip at bereliň. «А» blogy, «B» blogy, tä «Ž» bloguna çenli beýleki bloklar bar. Indeks – gözlegiň açarynyň bir bölegi (meselem, birinji harp). Telefonlaryň we salgylaryň ýazgylary ýazgy kitapçasynda birinji harpa laýyklykda ýerleşdirilen. Emma bloguň içinde ýazgylar indiki gelýän harplaryň elipbiý tertibi boýunça tertipleşdirilmedik, ýagny sözlüklerdäki we ensiklopediýalardaky ýaly däl. Kitapçadaky ýazgylary olaryň döredilen tertibi boýunça görmek bolýar. Maglumatlaryň şeýle gurnalyşynda gerek bolan telefonyň gözlegi blok-yzygiderli usul arkaly geçiriler: 1. Elipbiý indeksi arkaly gerekli harply blok saýla­nylýar; 2. Bloguň içinde gözleg yzygiderli barlap görmek usuly bilen geçirilýär. Kitaplaryň köpüsi tekstiň başynda ýa-da soňunda maz­munlaryny: başlanýan sahypalaryny görkezmek bilen bölümleriň atlaryny saklaýan sanawy saklaýar. Bölümler – edil blok ýalydyr. Kitapda gerekli informasiýanyň gözlegi mazmuny görmekden başlanýar, soňra gerekli bölüme geçil­ ýär we onuň içinde yzygiderli okamak arkaly gerekli mag­ lumat alynýar. Bu hem gözlegiň blok-yzygiderli usulydyr. Maglumatlar bloklaryna görkezýän sanawlara görkezijileriň sanawy diýilýär. Maglumatlaryň bloklara bölünmegi köp derejeli diýlip atlandyrylýar. Küti sözlüklerde «А» harply blok, meselem, ikinji harp boýunça kiçi bloklara bölünýär: meselem, «АB» blokdan «АE» bloga çenli, – «AF» blokdan «АN» bloga çenli we ş.m. Şeýle tertibi leksikografiki diýip atlandyrýarlar. Köp derejeli blokly düzüm gurluşda gözleg amala aşyrylanda aşak düşme usuly ulanylýar: ilkibaşda birinji derejeli gerekli blok tapylýar, soňra ikinji derejeli we ş.m. 34

Soňky derejeli bloguň içinde ýa yzygiderli gözleg (eger onuň içindäki maglumat kän däl bolsa) ýa-da ýarpa bölmek usuly görnüşdäki optimallaşdyrylan gözleg geçirilip bilner. Aşak düşme usuly arkaly gözlege, köplenç, görkezijileriň köp derejeli sanawlary kömek edýär. Maglumatlaryň iýerarhiki düzüm gurluşyndaky gözleg Maglumatlary saklamagyň köp derejeli blokly düzüm gurluşlaryna iýerarhiki düzüm gurluşlary diýilýär. Şeýle düzgün boýunça kompýuteriň faýl ulgamynda faýllaryň saklanmagy gurnalandyr. Ýokarda biziň blok diýlip atlandyrylan zatlarymyz, faýl sistemasynda kataloglar ýa-da bukjalar diýlip atlandyrylýar, blok-bukjalaryň düzüm gurluşynyň grafiki şekiline bolsa kataloglaryň agajy diýil­ ýär. Faýly tapmak üçin kataloglar agajy boýunça şol faýla bolan ýoly bilmelidir. Operasion sistema siziň soraýan faýlyňyzy Поиск (Gözleg) buýrugy boýunça tapmaga kömek eder. Gözlegiň netijesi, kök katalogdan başlap agajyň derejeleri boýunça yzygiderli, gerek bolan faýly gönümel saklaýan kataloga (bukja) çenli bolan ýol görnüşinde görkezilýär. Kompýuteriň faýl ulgamynyň iýerarhiki düzüm gurluşynyň katalogy görkezijileriň köp derejeli sanawy bolup durýar. Internetde informasiýany gözlemek Internetde informasiýany gözlemek üçin ýörite gözleg serwerleri bardyr, olar Web-sahypalar, faýllar we Internetiň millionlarça serwerlerinde saklanylýan beýleki resminamalar barada doly ýa-da gysga, elmydama täzelenýän informasiýany saklaýarlar. Dürli gözleg serwerleri informasiýany gözlemegiň, saklamagyň we ulanyja bermegiň dürli mehanizmlerini ulanyp bilýärler. Gözleg serwerleri iki topara bölmek bolýar: 1. Umumy maksatly gözleg sistemalary 2. Ýöriteleşdirilen gözleg sistemalary 35

Häzirki zaman gözleg sistemalary, köplenç, informasion portal bolup durýar, olar ulanyjylara diňe bir internetde resminamalary gözlemek mümkinçiliklerini bermän, beýleki informasion serişdelerine (täzeliklere, howa maglumatyna, daşary ýurt puluň ähmiýetine, interaktiw geografik kartalaryna we ş.m.) hem elýeterligi hödürleýärler. Umumy maksatly gözleg sistemalary Umumy maksatly gözleg sistemalary Bütindünýä kerebiniň informasion serişdeleri barada temalar boýunça toparlaşdyrylan informasiýany saklaýan maglumat bazalarydyr. Şeýle gözleg sistemalary Web-saýtlary ýa-da Web‑sahypalary maglumat bazasyndaky esasy sözler boýunça ýa-da kataloglaryň iýerarhiki sistemasynda gözleg arkaly tapmaga mümkinçilik berýär. Şeýle umumy maksatly gözleg sistemalaryň interfeýsi kataloglaryň bölüminiň sanawyny we gözleg meýdanyny saklaýar. Gözleg meýdanynda ulanyjy resminamany gözlemek üçin esasy sözleri girizip bilýär, katalogda bolsa bellibir bölümi saýlap bilýär, bu bolsa gözlenýän ýeri kiçeldýär hem‑de şeýlelik bilen gözlegi tizleşdirýär. Maglumat bazalaryň doldurylmagy ýörite programma-robotlar arkaly amala aşyrylýar, olar wagtal-wagtal internetiň Web-serwerlerine aýlanýarlar. Programmarobotlar hemme duş gelýän resminamalary okaýarlar, olaryň içinde esasy sözleri belleýärler hem-de resmina­ malaryň URL-salgylaryny saklaýan maglumat bazasyna salýarlar. Internetdäki informasiýa hemişe üýtgeýändigi sebäpli (täze Web-saýtlar we sahypalar döredilýär, köneler ýok edilýär, olaryň URL-salgylary üýtgeýär we ş.m.), gözleg robotlary şol üýtgemeleriň hemmesini yzarlap bilmeýärler. Gözleg sistemasynyň maglumat bazasynda saklanylýan informasiýa, internetiň hakyky ýagdaýyndan tapawutlanyp bilýär, şonda hem gözlegiň netijesinde ulanyjy eýýam ýok bolan ýa-da ady üýtgedi36

len resminamanyň salgysyny alyp bil­ýär. Maglumat bazasyndaky saýtlar günde, hepdede ýa-da aýda içine girmek boýunça tertipleşdirilýär. Esasy sözler boýunça gözleg – gözleg meýdanyna talap­ lary girizmek arkaly amala aşyrylýar. Ýönekeý talap, şol resminama üçin esasy bolan bir ýa-da birnäçe esasy sözleri saklaýar. Şeýle hem, logiki amallary, şablonlary we ş.m. peýdalanýan çylşyrymly talaplary ulanmak bolýar. Kataloglaryň iýerarhiki sistemasyndaky gözleg – gözleg sistemasynyň maglumat bazasyndaky Web-saýtlar tematiki kataloglara toparlaşdyrylýar, ol kitaphanadaky tematiki görkezijä meňzeş bolýar. Ýokarky derejäniň tematiki bölümleri içine salnan kataloglary saklaýar. Katalogda informasiýanyň gözlegi bellibir katalogy saýlamak­lyga elt­ ýär, ondan soň içine has köp girilýän we wajyp Web‑saýt­ laryň we Web-sahypalaryň URL-salgylarynyň sanawy ulanyja hödürlener. Her salgy, adatça, resminamanyň mazmu­nyna gysga düşündirişi saklaýar. Ýöriteleşdirilen gözleg sistemalary Ýöriteleşdirilen gözleg sistemalary informasiýany inter­netiň beýleki informasion «gatlaklarynda», ýagny faýl arhiwleriň serwerlerinde, poçta serwerlerinde we ş.m. gözlemäge mümkinçilik berýär. Faýllaryň gözlegi – faýl arhiwleriň serwerlerinde faýl­lary gözlemek üçin iki görnüşli ýöriteleşdirilen gözleg sistemalary bar, olar maglumat bazalary ulanmak esasyndaky gözleg sistemalar we faýllaryň kataloglary. Maglumat bazasyny ulanmak esasyndaky sistemada faýly gözlemek üçin gözleg meýdanynda faýlyň adyny girizmek ýeterlikdir hem‑de gözleg sistemasy şol faýlyň sak­lanylýan ýeriniň URL-salgysyny berer. Eger faýlyň ady belli däl bolup, ýöne onuň maksady belli bolsa (meselem, draýwer), onda draýwerleriň tematiki katalogyndan peýdalanyp bolýar.

37

Elektron poçtanyň salgylaryny gözlemek – ýörite­ leş­dirilen gözleg sistemalary elektron poçtanyň salgysyny adamyň ady boýunça hem-de tersine bellibir salgynyň eýesi bolan adamyň adyny gözlemegi mümkin edýär. Soraglar we ýumuşlar 1. Gözlegiň atributlarynyň atlaryny we olar barada aýdyň. 2. Informasiýanyň gözleginiň wagty nämä bagly? 3. Internetde informasiýany gözlemek üçin nähili tehniki serişdeler bar? 4. Internetde informasiýanyň gözleginiň usullary barada aýdyň.

§8. Informasiýanyň saklanylmagy, informasiýany saklamagyň usulyny saýlamak Informasiýany saklamak we geçirmek üçin serişdeler dürli aýrylýan ýygnaýjylar bolup durýar. Häzirki wagtda göwrümliligi, ygtybarlygy we amatlylygy bilen tapawutlanýan köp dürli serişdeler bardyr. Optiki göterijiler Bu topara disk diýlip atlandyrylýan CD-R we CD-RW (göwrümi 700 Mb), DVD-R (göwrümi 4,7 Gb-9 Gb), DVD‑RW (göwrümi 4,7 Gb) ýygnaýjylar girýär. Optiki göterijiler – faýllary geçirmek we saklamak üçin ýeterlikçe derejede ygtybarly we amatly serişdedir. Olar ýeterlikçe uly göwrüme hem-de okamak-ýazmak üçin ýokary tizlige eýedir. Informasiýany okamak üçin kompýuterleriň ählisinde bardyr. Okamak üçin CD-R we CD-RW – CD-ROM, DVD-R we DVD-RW üçin bolsa, DVD-ROM. Göterijiniň adyndaky -R goşulmasy diskiň bir gezek ýazylýandygyny görkezýär. -RW goşulmasy göterijiniň gaýtadan ýazylyp bilýändigini aňladýar. CD-ROM göterijiniň informasiýany üstüne goşmaça ýazyp bilýän görnüşi bolup Photo CD çykyş edýär. Diske bir wagtda informasiýanyň ýazylmagyna sessiýa (session) diýil­ ýär. Degişlilikde köp gezekleýin ýazga multisessiýa (multisession) diýilýär. Her sessiýanyň özüniň atlandyrylyşyny 38

talap edýändigini göz öňünde tutmak gerek, sol sebäpli, sessiýalaryň näçe köp sany ulanylýan bolsa, şonça hem diskde informasiýanyň az mukdary bardyr. Häzirki wagtda multisessiýany işläp taýýarlap bilýän hem-de Photo CD disk­leri aýtdyryp/görkezip bilýän disk okaýjylar bardyr. Blu-Ray tehnologiýasy Blu-Ray Disс – indiki nesliň gaýtadan ýazylýan diski, onuň ölçegi standart CD/DVD diskleriň ölçegine, ýagny 12 sm barabar, ýazgynyň maksimal göwrümliligi bir tarapda bir gatlakda 27 Gb-a çenli. Blu-Ray adyndan gelip çykyşy ýaly diski ýazmak we görkezmek üçin, DVD we CD-ROM disklerde peýdalanylýan gyzyl lazere derek, gök lazer ulanylan (blue-violet laser). Gaty diskler Gaty disk ýa-da winçester maglumatlary uzak wagtlap saklamak we ulanmak üçin gulluk edýär. Artykmaçlyklary: – örän uly göwrümi bar; – ulanylanda aňsatlyk we ygtybarlylyk; – bir wagtda müňlerçe faýllara ýüzlenmek mümkinçiligi; – maglumatlara bolan elýeterliligiň ýokary tizligi. Daşky gaty diskler Bu gurluşlar kompýutere USB, eSATA ýa-da IEEE‑1394 (oňa durmuşda, köplenç, «faýrwar» diýilýär) interfeýsleri arkaly birleşýärler. Olar özlerinde gaty diskleriň we aýrylýan göterijileriň artykmaçlyklaryny jemleýärler. Ýeterlikçe uly göwrümleri (40 Gb-1 Tb) ýokary öndürijilikleri bolmak bilen, daşky gaty diskleri geçirmek aňsat hem-de ýeňillik bilen «gyzgyn» birikdirmäni amala aşyryp bolýar. Daşky gaty disk informasiýanyň uly göwrümlerini başga göterijilere ýaz­mak kyn bolanda ony geçirmek üçin örän zerur bolmagy mümkin. Şol bir wagtda hiç zady hiç ýere geçirmek gerek 39

däl stasionar ýagdaýda, ony adaty gaty disk hökmünde ulanyp bolýar. Fleş ýadyndaky USB ýygnaýjylary Durmuşda olara fleş diýilýär, iňlis dilinde bolsa – USB Flash Drive. Informasiýany saklamak we geçirmek üçin ol örän amatly, tiz we ygtybarly serişdedir. Häzirki zaman fleşleriň göwrümi 1-32 Gb we ondan hem ýokary. Bu gurluşyň uly artykmaçlygy şundan ybaratdyr: operasion sistema ony aýrylýan ýygnaýjy hökmünde tanaýar hem‑de onuň içindäki faýllar bilen edil gaty diskdäki ýaly işläp bol­ ýar. Mundan başga-da, ol iň ykjam ýygnaýjydyr. Häzirki zaman gurluşlar örän kiçi ölçeglere eýe, özem urgudan we çygdan goranylan modelleri bardyr, bu bolsa işjeň durmuşy alyp barýan adamlar üçin örän ýerliklidir. Emma ygtybarlyga garamazdan, fleş kompýuterden nädogry çykarylanda maglumatlaryň ýitmegi mümkindir. Şol sebäpli çykmazdan öň ony operasion sistemanyň häsiýetlerinde programma taýdan öçürmelidir. Ösüşiniň geljegi Häzirki wagtda bar bolan tehnologiýalaryň häzirki döw­rüň, şeýle hem ýakyn geljegiň talaplaryny kanagatlandyrýan ýagdaýy, eýýam şu wagt olara alternatiwa gözlemek üçin top­lumlaýyn barlaglary geçirmäge päsgel berýän däldir. Ýagny Intel kompaniýasynyň bölümçeleriniň biri ýeterlikçe uzak wagtdan bäri Ovonic Unified Memory atly (OUM, amorf ýarym geçirijilerdäki ýat) ýadyň täze görnüşini işläp düzmek üçin iş alyp barýar. Hakykatda, ýokary tem­ peraturanyň täsiriniň astynda halkogenid materialynyň ýagdaýynyň üýtgemeginiň şol bir usuly peýdalanylan, emma CD/DVD tapawutlylykda materialyň gyzdyrylmagy lazer bilen däl-de, elektriki togy arkaly amala aşyrylýar. Şeýle çemeleşme maddanyň iki ýagdaýyny (kristal we amorf) üpjün edip bilýär. 40

Bu tehnologiýa önümçilik çykdajylaryny 10-15% peseltmäge we fleş-ýadyň çiplerini ýasamak prosesini düýpli ýönekeýleşdirmäge, ýakyn geljekde bolsa mikroshemalaryň bit göwrümini iki esse artdyrmaga mümkinçilik berýändigi barada habar berilýär. Ýöne tiz hereketlilik, ygtybarlylyk we funksionallyk ýaly görkezijiler üýtgemez – olar bar bolan nesliň fleş-ýadynyňky bilen deňeşdirilen ýagdaýynda galar. Infineon işläp düzüjileri fleş mümkinçiliklerini nanotehnologiýanyň kömegi bilen giňeldip bolýandygyna ynamlary bar, emma bu ýada «fleş» diýmek adalatly bolarmy diýen pikirlerini aýdýarlar. DVD diskler üçin özüni ýok ediş sistemasy Flexplay DVD diskleriň ynsapsyz eýeleri bilen göreş­ megiň gyzykly sistemasyny işläp düzüpdir. Belli bolşy ýaly, kanunçylyk boýunça DVD diskleriň prokady gadagan edilen. Tehnologiýa ýakyn golaýda Disney kompaniýasy tarapyndan durmuşa ornaşdyrylar. Diskler, Ez-d diýlip atlandyrylan proses olary işe ýarawsyz ýagdaýa getirenden soň öz işini bes ederler. Disk gabyndan çykarylandan soň, takmynan, 48 sagadyň dowamynda ulanylyp bilner. Diskiň üstüniň kislorod bilen bellibir wagt aralygyň dowamynda özaratäsir etmegi diskiň ýüzünde aýratyn gatlagy döreder, şol sebäpli okamak prosesi mümkin däl bolar. Emma belli bolan programma üpjünçiligiň kömegi bilen disk işläp duran mahaly onuň düzümini gaty diske göçürip bolýandyr. Divx Digital Video Express kompaniýasy kinofilmleri bir gezek ýazmak üçin, täze Divx – diskiň formatyny işläp düzüpdir. Şeýle formatyň işlenip düzülmegi wagtlaýyn wideoprokat sistemasynyň guralmagy bilen baglydyr, şonda diski satyn almak bilen, ony gaýtarmak gerek däl bolar. Ony diňe Divx aýtdyryjylarda birinji gezek aýtdyrylandan soň iki günüň dowamynda işledip bolar. Şu formaty goldamak ba41

rada Disney, Dream-Works, Paramount, Universal we ş.m. ýaly uly golliwud kompaniýalary aýdypdyrlar. Bu disk telewizora çatylýan öý DVD-aýtdyryjylar bilen laýyk gelmeýär. Divx – gönümel aýtdyryjyda gurnalan sistemanyň adydyr, ol ulanyjylara, diski satyn alnan gününe bagly bolmazdan iki günüň dowamynda wideofilmi ulanmaga mümkinçilik berýär. Divx ideýasy diskiň içinde ýazgynyň bozulmagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Wideofilmi täze möhletiň dowamynda ulanmak üçin hukuga eýe bolmak üçin aýtdyryjy bilen birikdirilen aragatnaşygyň modem ugruna baglaşmak gerek bolar, ol Divx Central serwis merkezi bilen informasiýany alyş-çalyş etmek hem-de sanaýjyny yzarlamak üçin birikdirilendir. Informasiýany saklamagyň we geçirmegiň standart däl usullary Käwagt golaýda fleş ýa-da arassa disk ýok, faýly bolsa gyssagly bir ýere ýazmak gerek bolan ýagdaýlar ýüze çykýar. Näme etmeli? Ugur tapyjy adam elmydama çykalga tapar. Maglumatlaryň onlaýn saklawhanalary Onlaýn serwisleriň arasynda informasiýany saklamak üçin serişdeler – faýllaryň hostingleri bar. Eger Internete hil taýdan gowy elýeterlilik bar bolsa, olar örän peýdaly we amatly bolmagy mümkin. Faýl hostinge ýüklenilýär, şonda faýly göçürip almak üçin parol goýup bolýar, şeýlelik bilen informasiýany diňe bellibir adamlara elýeterli edip bolýar. Faýl ýüklenenden soň faýly göçürip almak üçin salgy berilýär, şol salgyny gerekli adama berip bolýar. Şeýle hem, şol salgyny ýazyp, geljekde Internete birikdirilen islendik kompýuterden şol faýly alyp bolýar. Gizlin maglumatlaryň şeýle usul bilen berilmegi howply bolmagy mümkin. Şeýle hem, köp serwerlerde faýlyň ölçegine we ony saklamagyň möhletine çäklendirme bardyr, bu barada faýl hostingleriň düzgünlerinde, adatça, ýazylýar. 42

Şeýle serwisleriň mysallary: http://ifolder.ru/ http://uafile.com/ Telefonyň ýady Häzirki zaman ykjam telefonlar ýeterlikçe uly göwrümli ýada eýedir hem-de olary uly ölçegli faýllary geçirmek üçin ulanmak bolýar. Faýllary USB simi, infragyzyl port ýa-da Bluetooth arkaly ýükläp/aýyrmak bolýar. Poçta akkauntlary Häzirki wagtda elektron poçtanyň 1-10 Gb ölçegi hiç kimi geň galdyrmaýar. Bu ölçegi öz faýllaryňy saklamak üçin ulanmak bolýar, munuň üçin özüňe hat ibermek ýeterlikdir. Elbetde, bu ýerde faýllaryň ölçegine çäklendirme bolmagy mümkin, emma ýol bererli ölçeg ýeterlikçe uludyr. Meselem, www.mail.com poçtasynda 6 Gb-a barabar hat sak­lap bolýar. Google resminamalary Bu serwis Internetde resminamalary redaktirlemäge we saklamaga mümkinçilik berýär. Redaktirlemek üçin tekst ýa-da tablisa redaktory gerek däl, brauzer ýeterlikdir. Öz resminamalaryň üstünde dünýäniň islendik ýerinden hem özüň hem-de biri bilen bilelikde işlemek bolýar. Elýeterlilik üçin Google akkaunty ulanylýar. Serwis http://docs.google. com/ salgysy boýunça elýeterlidir. Sorag we ýumuşlar 1. Informasiýany saklamak we geçirmek serişdeleri hökmünde näme ulanylýar? 2. Informasiýany saklamak üçin adaty serişdeleri sanap geçiň. 3. Informasiýany saklamak üçin adaty däl serişdeleri sanap geçiň. 4. Informasiýany saklamak üçin adaty serişdelerini beýan ediň. 5. Informasiýany saklamak üçin adaty däl serişdelerini beýan ediň.

43

§9. Informasiýany işläp taýýarlamak. Informasiýany ulgamlaşdyrmak. Informasiýany görkezmegiň görnüşini üýtgetmek. Formal kadalaryň esasynda informasiýany özgertmek Informasiýany işläp taýýarlamak prosesi, saklamak we geçirmek prosesleri bilen bir hatarda informasion prosesleriň esasy görnüşlerine degişlidir. Informasiýanyň işlenip taýýarlanylmagy haýsy-da bolsa bir subýekt ýa-da obýekt tarapyndan (meselem, adam ýa-da kompýuter) kesgitlenen düzgünlere laýyklykda geçirilýär. Oňa informasiýanyň işlenip taýýarlanylmagynyň ýerine ýetirijisi diýilýär. Işlenip taýýarlanylýan informasiýa başlangyç maglumatlaryň görnüşinde görkezilýär. Aşakdaky suratda informasiýanyň işlenip taýýarlanyş prosesi umumylaşdyrylan görnüşde görkezilýär (3-nji surat). Ýokardaky shemany şekillendirýän köp mysallary getirip bolýar. Birinji mysal: okuwçy (ýerine ýetiriji), fizikadan meseläni çözmek bilen, informasiýany işläp taýýarlaýar. Başlangyç maglumatlar meseläniň şertinde saklanylýar. Okuw kitabynda beýan edilen fiziki kanunlar, hasaplamalaryň yzygiderliligini kesgitleýär. Netije – alnan jogap. Ikinji mysal: tekstiň bir dilden beýleki dile terjime edilmegi – bu mazmuny üýtgemeýän, emma welin, görkeziliş görnüşi – dili üýtgeýän, informasiýany işläp taýýarlamak prosesiniň mysalydyr. Terjimäni terjimeçi bellibir düzgünler boýunça, bellibir yzygiderlikde amala aşyrýar. Başlangyç maglumatlar

Ýerine ýetiriji

Netijeler

Işläp bejeriş düzgünleri

3-nji surat. Informasiýany işläp taýýarlamak prosesi

44

Üçünji mysal: kitaphananyň işgäri kitap gorunyň kartotekasyny düzýär. Her bir kitap üçin ýazmaç doldurylýar, onuň içinde kitabyň hemme parametrleri görkezilýär: awtory, ady, neşir edilen ýyly, göwrümi we ş.m. Ýazmaçlardan (kartoçka) kitaphananyň katalogy düzülýär, onuň içinde ýaz­maçlar gyşarnyksyz tertipde ýerleşdirilýär. Meselem, elipbiý tertibinde ýazmaçlar awtorlaryň familiýalarynyň elipbiý tertibinde ýerleşdirilýändir. Dördünji mysal: telefon kitapçasynda gerek bolan guramanyň, meselem, ýüzülýän howdanyň telefony gözlenilýär ýa-da kitaphananyň katalogynda gerek bolan kitap barada maglumatlar gözlenilýär. Ýagdaýlaryň ikisinde hem başlangyç maglumat bolup informasion köplük – telefon kitapçasy ýa-da kitaphananyň katalogy, şeýle hem gözlegiň ölçegleri bolup guramanyň ady ýa-da awtoryň familiýasy we kitabyň ady çykyş edýändir. Getirilen mysallar informasiýany işläp taýýarlamagyň 4 dürli görnüşini şekillendirýär: 1) täze informasiýany, täze maglumatlary almak; 2) informasiýanyň görkezilýän görnüşiniň üýtgedilmegi; 3) maglumatlary ulgamlaşdyrma, düzümleşdirmek; 4) informasiýany gözlemek. Işläp taýýarlamagyň hemme bu görnüşlerini adam hem‑de kompýuter ýerine ýetirip bilýändir. Adam bilen maşyn tarapyndan ýerine ýetirilýän işläp taýýarlamak prosesle­riň arasyndaky düýpli tapawutlyklar nämeden ybaratka? Eger informasiýany işläp taýýarlamagyň ýerine ýetirijisi adam bolsa, onda onuň hereket edýän işläp taýýarlaýyş düzgünleri elmydama formal ýa-da anyk däldir. Adam, köp­lenç, döredijilikli, formal däl hereket edýär. Eýsem, bir görnüşindäki matematiki meseleleri ol dürli usullar bilen çözüp bilýändir. Žurnalistiň, alymyň, terjimeçiniň we beýleki hünärmenleriň işi – olar tarapyndan formal däl düzgünler boýunça ýerine ýetirilýän, informasiýa bilen döredijilikli alnyp barylýan işdir. 45

Ulgamlaşdyrmak – gerekli informasiýanyň gözlegini tiz amala aşyryp bolar ýaly tertipleşdirmek diýmekdir. Tertipleşdirmek: – elipbiý boýunça (tekst) – artmak/peselmek boýunça (san) – hronologik yzygiderlikde – belgiler boýunça – wajyplygyň derejesi boýunça we ş.m. Takyk informasiýanyň islendik görnüşi hem, eger şol maglumatlary ulgamlaşdyrmaga mümkinçilik berýän düzüm gurluşy ýok bolsa, hiç-hili peýda getirýän däldir. Kataloglaryň dürli görnüşlerini döretmek bilen kär wezipesi boýunça meşgul bolýan hünärmenleriň köpüsiniň belleýşi ýaly, şol meselä ýeterlikçe üns bermeýän guramalarda informasion kataloglar, içinde gerekli zady we gerekli wagtda tapyp bolmaýan, serişdeleriň peýdasyz üýşmegi bolup durýar. Tejribelik, elektron resminamalaryň dolanyşykdan haýyr çykarmak üçin, islendik edaranyň işleýiş modeliniň üýtgedilmegini, biznes-modeliň gaýtadan gurnalmalydygyny görkezýär. Bir bitewi zat hökmünde seredilýän maglumatlaryň elementleriniň birleşme usulyna, özara baglanyşygyna ýa-da özara ýerleşmegine maglumatlaryň düzüm gurluşy diýilýär. Maglumatlarda bellibir düzüm gurluşyň bolmagy olaryň ýatda ýerleşmeginiň bellibir düzüm gurluşy saýlamak zerurlygyna, şeýle hem saýlanan saklaýyş düzüm gurluşyny hasaba almak bilen maglumatlaryň elementleriniň üstünden ýol bererli amallary amala aşyrýan proseduralaryň top­lumyny üpjün etmek zerurlygyna getirýär. Maglumatlaryň düzümleşdirilmegi – wajyp prosesdir, sebäbi many diňe bir daşky hakykylykda saklanman, maglumatlaryň düzüm gurluşynda hem saklanylýar. Şol sebäpli maglumatlary nähili düzümleşdirmek baradaky sorag örän wajypdyr. Informasiýany düzümleşdirmek prose46

si, maglumatlary, bar bolan maglumatlaryň toplumyndan täze informasiýany çykaryp alar ýaly görnüşe getirmegi göz öňünde tutýar. Iň ýönekeý we giňden ulanylýan usul – tablisa görnüşe getirmeklik. Tablisalary taýýarlamagyň bellibir düzgünleri bar, olara laýyklykda her bir tablisa şular bilen häsiýetlenýär: – ady bilen; – sütünleriň sany we olaryň atlary bilen; – setirleriň sany we olaryň atlary bilen; – setirleriň we sütünleriň kesişmesinde ýerleşýän öý­ jükleriň düzümi bilen. Şoňa laýyklykda tablisanyň esasy elementleri şular bolup durýar: – ýazgylar – dürli görnüşde, emma bir obýekte degişli bolan maglumatlary saklap bilýän tablisanyň setirleri; – meýdanlar – kada bolşy ýaly, bir görnüşli maglumatlary saklaýan tablisanyň sütünleri; – atributlar – tablisanyň setirleriniň we sütünleriniň kesişmesinde ýerleşýän anyk bahalar. Maglumatlary tablisa görnüşine getirmegiň esasy tapgyrlaryny sanap geçeliň: 1. Informasiýany seljermek we gürrüň edilýän obýekt­ leriň saýlanyp bellenmegi; 2. Obýektleriň häsiýetiniň we (ýa-da) olaryň arasyndaky gatnaşyklaryň bellenmegi; 3. Obýektleri käbir kömekçi köplüklere birleşdirip bol­ ýan­dygyny kesgitlemek hem-de şoňa baglylykda atlan­ dyryşda derejeleriň we basgançaklaryň sanyny kesgitlemek; 4. Sütünleriň umumy sanyny hem-de olaryň ýerleşme­ giniň tertibini kesgitlemek; 5. Sütünleriň adyny hem-de olaryň içinde saklanjak maglumatlaryň görnüşlerini kesgitlemek; 6. Setirleri ýerleşdirmegiň tertibini saýlamak we tab­ lisanyň her setiriniň adyny kesgitlemek. 47

Soraglar we ýumuşlar 1. Informasiýany işläp taýýarlamak prosesini umumy görnüşde beýan ediň. 2. Işläp taýýarlamagyň esasy görnüşlerini sanap geçiň. 3. Adam bilen maşyn tarapyndan ýerine ýetirilýän işläp taýýarlaýyş prosesleriň arasyndaky tapawut nämeden ybarat? 4. Gerekli informasiýany tiz tapyp bolar ýaly, informasiýany işläp taýýarlamak prosesiniň adyny aýdyň. 5. Kompýuterde maglumatlary saklamak amatly bolar ýaly, olary nähili düzümleşdirip bolýar?

§10. Maglumatlary awtomatlaşdyryp işläp taýýarlamagyň mümkinçilikleri, artykmaçlyklary we ýetmezçilikleri Maglumatlary awtomatlaşdyryp işläp taýýarlamagyň şeýle usullary bardyr: merkezleşdirilen, merkezden daş­ laşdyrylan, tertipleşdirilen we integrirlenen. Merkezleşdirilen işlenip taýýarlama. Şu usulda ulanyjy hasaplaýjy merkeze başlangyç maglumaty eltýär we netijäni jemleýji resminamalar görnüşinde alýar. Işläp taýýarlamagyň şeýle usulynyň tapawudy bolup tiz, bökdençsiz aragatnaşygy sazlamagyň çylşyrymlylygy we zähmet köp talap edijiligi, hasaplaýjy merkeziň informasiýa bilen köp ýüklenilmegi (sebäbi onuň göwrümi örän uly), amal­ lary ýerine ýetirmegiň möhletleriniň düzgünleşdirilmegi, mümkin bolan rugsatsyz elýeterlikden bolan sistemanyň howpsuzlygynyň gurnalmagy çykyş edýändir. Merkezden daşlaşdyrylan işlenip taýýarlama. Bu usul, anyk iş ýerlerini awtomatlaşdyrmaga mümkinçilik berýän şahsy kompýuterleriň emele gelmegi bilen bagly. Maglumatlary işläp taýýarlamagyň tertipleşdiri­ len usuly tora goşulan dürli kompýuterleriň arasynda işläp taýýarlaýyş funksiýalaryň tertipleşdirilmegine esaslanan. Bu usul iki ýol arkaly amala aşyrylyp bilner: birinjisi toruň her düwnünde (ýa-da sistemanyň her derejesinde) kompýuterleriň gurnalmagyny teklip edýär, şonda maglumatlaryň işlenip taýýarlanmagy sistemanyň hakyky 48

mümkinçiliklerine we wagtyň şol pursadynda onuň talaplaryna baglylykda bir ýa-da birnäçe kompýuter tarapyndan amala aşyrylýar. Ikinji ýol – bir sistemanyň içinde dürli prosesorlaryň köp sanynyň ýerleşdirilmegi. Şeýle usul bank we maliýe informasiýany işläp taýýarlaýyş ulgamlarynda, ýagny maglumatlary işläp taýýarlaýyş tory zerur bolan ýerlerde (filiallar, şahamçalar we ş.m.) ulanyl­ ýar. Tertipleşdirilen usulyň artykmaçlyklary: berlen möhletde maglumatlaryň islendik göwrümini işläp taýýarlamak mümkinçiligi; ygtybarlylygyň ýokary derejesi, sebäbi bir tehniki serişdesi bozulanda ony bir pursatda beýlekä çalşyrmak mümkinçiligi bar; maglumatlary geçirmek üçin wagtyň we çykdajylaryň peselmegi; sistemalaryň çeýeliginiň ýokarlanmagy, programma üpjünçiligini işläp düzmegiň we ulanmagyň ýönekeýleşdirilmegi we ş.m. Tertipleşdirilen usul ýöriteleşdirilen prosesorlaryň toplumyna esaslanýar, ýagny her bir kompýuter bellibir meseleleri ýa-da öz derejesindäki meseleleri çözmek üçin niýetlenen. Informasiýany işläp taýýarlamagyň integrirlenen usuly. Ol dolandyrylýan obýektiň informasion modeliniň döredilmegini, ýagny tertipleşdirilen maglumat bazasynyň döredilmegini göz öňünde tutýar. Şeýle usul ulanyjy üçin maksimal rahatlygy üpjün edýär. Bir tarapdan, maglumat bazalary toparlaýyn ulanylyşy we merkezleşdirilen dolandyrylyşy göz öňünde tutýar. Beýleki tarapdan, informasiýanyň göwrümi, çözülýän meseleleriň dürli bolmagy maglumat bazanyň tertipleşdirilmegini talap edýär. Informasiýanyň integrirlenen işlenip taýýarlanylmagynyň tehnologiýasy işlenip taýýarlanmanyň hilini, hakykatlylygyny we tizligini gowulandyrmaga mümkinçilik berýär, sebäbi işlenip taýýarlama bir gezek kompýuteriň içine girizilen bir bitewi informasion köplügiň esasynda geçirilýär. Bu usulyň aýratynlygy bolup, işläp taýýarlaýyş proseduralaryň maglumaty ýygnamak, taýýarlamak we girizmek prosedu4. Sargyt № 1307.

49

ralaryndan tehnologiki taýdan we wagt boýunça aýry edilmegi çykyş edýär. Informasiýany işläp taýýarlamagyň tehniki serişdeleriň toplumy – informasiýany ýygnamak, toplamak, geçirmek, işläp taýýarlamak we görkezmek boýunça özbaşdak gurluşlaryň, şeýle hem guramaçylyk tehnikanyň, dolan­ dyryş, bejeriş-öňüni alyş we başga serişdeleriň jemi. Tehniki serişdeleriň toplumyna birnäçe talaplar bildirilýär: – meseleleri iň pes çykdajylar bilen, zerur takyklyk we hakykylyk bilen çözmegi üpjün etmek; – gurluşlaryň tehniki laýyklygynyň mümkinçiligi, ola­ ryň agregatlylygy; – ýokary ygtybarlylygy üpjün etmek; – satyn almak üçin iň pes çykdajylar. Informasiýany işläp taýýarlamagyň tehniki serişdeleri iki uly topara bölünýär. Bu işläp taýýarlamagyň esasy we kömekçi serişdeleri. Kömekçi serişdeler – esasy serişdeleriň işe ukyplylygyny üpjün edýän enjam, şeýle hem dolandyryş işini ýeňilleşdirýän we amatly edýän enjamdyr. Informasiýany işläp taýýarlamagyň kömekçi serişdelerine guramaçylyk tehniki we bejeriş-öňüni alyş serişdeler degişlidir. Guramaçylyk tehnikasy serişdeleriň giň sanawy bilen görkezilýär, ýagny diwanhana harytlaryndan başlap, esasy maglumatlary eltmek, köpeltmek, saklamak, gözlemek we ýok etmek üçin serişdelere, administratiw önümçilik aragatnaşygyň serişdelerine çenli, bu bolsa dolandyryjy işgäriň işini rahat we amatly edýär. Esasy serişdeler – informasiýany awtomatlaşdyryp işläp taýýarlamak boýunça zähmet gurallarydyr. Şol ýa-da başga prosesleri dolandyrmak üçin tehnologiki prosesleriň ýagdaýlaryny we parametrlerini, önümçiligiň, üpjünçiligiň, satuwyň, maliýe işiniň we ş.m. mukdarlaýyn, bahalaýyn we zähmetleýin görkezijilerini häsiýetlendirýän bellibir dolandyryjy informasiýanyň zerurdygy bellidir. Tehniki işläp 50

taýýarlamagyň esasy serişdelerine şular degişli: informasiýany hasaba almak we ýygnamak serişdeleri, maglumatlary kabul etmek we ibermek serişdeleri, maglumatlary taýýarlamak serişdeleri, girizmek serişdeleri, informasiýany işläp taýýarlamak serişdeleri we informasiýany görkezmek serişdeleri. Informasiýany kabul etmek we ibermek serişdeleri. Informasiýany geçirmek diýip maglumatlary (habarlary) bir gurluşdan beýlekä ibermek prosesine düşünilýär. Obýektleriň özara hereket edýän jemine, maglumatlary geçirmek we işläp taýýarlamak boýunça emele gelýän gurluşlara tor diýilýär. Informasiýany ibermek we kabul etmek üçin niýetlenen gurluşlary birleşdirýärler. Olar informasiýanyň emele gelen ýeri bilen onuň işlenip taýýarlanylýan ýeriniň arasynda informasiýanyň alyş-çalşygyny üpjün edýärler. Maglumatlaryň geçirilmeginiň serişdeleriniň we usullarynyň düzüm gurluşy informasiýa çeşmeleriniň we maglumatlary işläp taýýarlamak serişdeleriniň ýerleşmegi bilen, maglumatlary geçirmek üçin göwrümler we wagt bilen, aragatnaşyk ugurlaryň görnüşleri we beýleki faktorlar bilen kesgitlenilýär. Maglumatlary geçirmegiň serişdeleri abonent nokatlary (AN), geçiriş enjamlar, modemler, multipleksorlar bilen görkezilendir. Maglumatlary taýýarlamak serişdeleri maşyn göterijilerdäki informasiýany taýýarlamak gurluşlar, EHM gurluşlary goşmak bilen informasiýany resminama­lardan göterijilere geçirmek üçin gurluşlar bilen görkezilen. Bu gurluşlar tertipleşdirmek we düzediş işlerini amala aşy­ryp bilýär. Girizmek serişdeleri maglumatlary maşyn göteriji­ lerden özleşdirmek hem-de informasiýany EHM sistemala­ ryna girizmek üçin gulluk edýär. Informasiýany işläp taýýarlamak serişdeleri informasiýany işläp taýýarlamak üçin, tehniki serişdeleriň toplumynda wajyp orun tutýandyr. Işläp taýýarlamak 51

serişdelerine kompýuterleri degişli edip bolýar, olary bolsa öz gezeginde dört topara bölüp bolýar: mikro, kiçi (mini), uly we super kompýuter. Mikro kompýuter iki görnüşde bolýar: uniwersal we ýöriteleşdirilen. Uniwersal hem-de ýöriteleşdirilen kompýuterler köp ulanyjy üçin bolup bilýär – birnäçe terminallar bilen enjamlaşdyrylan hem-de wagtyň bölüniş düzgüninde işleýän kuwwatly kompýuter (serwerler) hem-de bir ulanyjy üçin (iş stansiýalary) bolup bilýär, olar işleriň bir görnüşini ýerine ýetirmek üçin ulanylýar. Kiçi kompýuterler – wagtyň bölüniş düzgüninde we köp meseleler düzgüninde işleýärler. Olaryň oňyn tarapy bolup, ygtybarlylyk we aňsat ulanylýandygy kesgitlenen. Uly kompýuterler (meýnfermalar) ýadyň uly göwrümi, bozulma ýokary durnuklylyk we öndürijilik bilen häsiýetlenýär. Şeýle hem olar ýokary ygtybarlylyk we maglumatlaryň goragy; ulanyjylaryň köp sanyny birikdirmek mümkinçiligi bilen häsiýetlenýär. Super kompýuterler – bir sekundyň dowamynda 40 mil­ liard amala barabar bolan tiz hereketliligi bolan kuwwatly köp prosesorly kompýuterler. Serwer – toruň hemme stansiýalaryndan gelýän talap­ lary işläp taýýarlamak üçin bellenilen hem-de şol stansiýalara sistema serişdelerine elýeterliligi berýän we şol serişdeleri tertipleşdirip paýlaýan kompýuter. Uniwersal serwere serwer-goşundy diýýärler. Kuwwatly serwerleri kiçi we uly kompýuterlere degişli edip bolýar. Informasiýany görkezmek serişdelerini hasaplama netijelerini, sorag-jogap maglumatlaryny we programmalary maşyn göterijilere, çapa, ekrana we ş.m. çykarmak üçin ulanýarlar. Çykaryş gurluşlaryna monitorlary, printerleri, plotterleri degişli edip bolýar. Tehnologiýa – zähmet tälimlerinde, önümçiligiň maddy, tehniki, energetiki, zähmet faktorlarynda, bellibir talaplara laýyk gelýän önümi ýa-da hyzmaty döretmek 52

üçin olaryň birleşmeginiň usullarynda amala aşyrylan ylmy we inženerçilik bilimleriň toplumy. Şol sebäpli tehnologiýa önümçilik we önümçilik däl, ilki bilen tutuş dolandyryş prosesiň maşynlaşdyrylmagy bilen aýrylmaz baglydyr. Dolandyryş tehnologiýalary kompýuterleri we telekommunikasion tehnikasyny ulanmaklyga esaslanýar. ÝUNESKO tarapyndan kabul edilen kesgitlemä laýyk­ lykda, informasion tehnologiýasy – informasiýany işläp taýýarlamak we saklamak bilen meşgul bolýan adamlaryň zähmetini netijeli guramagyň usullaryny, hasaplaýyş teh­ nikasyny hem-de adamlar we önümçilik enjamlary bilen özara hereket etmek we guramak usullaryny öwrenýän, özara baglanyşan, ylmy, tehnologiki we inžener dersleriň toplumydyr. Informasion tehnologiýalaryň özleri bolsa çylşyrymly taýýarlygy, başlangyç uly çykdajylary we ylmy talap ediji tehnikany talap edýändir. Olaryň alnyp barylmagy matematiki üpjünçiliginden, hünärmenleri taýýarlaýyş ulgamlarynda informasion akymlary emele getirmekden başlanmalydyr. Dolandyrmagyň informasion tehnologiýasy Dolandyrmagyň informasion tehnologiýasynyň maksady, çözgütleri kabul etmek bilen iş salyşýan, firmanyň ähli işgärleriniň informasion talaplaryny kanagatlandyrmakdyr. Ol dolandyrmagyň islendik derejesinde peýdaly bolup biler. Bu tehnologiýa dolandyrmagyň informasion sistemasy­ nyň gurşawynda işlemäge gönükdirilen hem-de maglumatlary işläp taýýarlamagyň informasion tehnologiýasy arkaly çözülýän meseleler bilen deňeşdirilende, çözülýän meseleleriň düzümleşdirilişi pes bolanda ulanylýar. Dolandyrmagyň informasion tehnologiýasy dürli funk­ sional kömekçi sistemalaryndaky (bölümleriň) ýa-da firmany dolandyrmagyň dürli derejelerindäki işgärleriň meňzeş informasion talaplaryny kanagatlandyrmak üçin oňat laýyk gelýändir. Olar tarapyndan getirilýän informasiýa firmanyň 53

geçmişi, häzirki wagty hem-de geljegi barada maglumatlary saklaýar. Bu informasiýa wagtly-wagtynda ýerine ýetiril­ ýän ýa-da ýörite dolandyryş hasabatlaryň görnüşine eýedir. Dolandyryş gözegçiligi derejesinde çözgüt kabul etmek üçin, informasiýa agregirlenen görnüşde, maglumatlaryň üýtgemeginiň ymtylyşlary, dörän gyşarmalaryň sebäpleri we mümkin bolan çözgütler görner ýaly görkezilmelidir. Bu tapgyrda maglumatlary işläp taýýarlamagyň aşakdaky meseleleri çözülýär: – dolandyryş obýektiň meýilleşdirilýän ýagdaýyna baha bermek; – meýilleşdirilen ýagdaýdan gyşarmalara baha bermek; – gyşarmalaryň sebäplerini ýüze çykarmak; – mümkin bolan çözgütleri we hereketleri seljermek. Dolandyrmagyň informasion tehnologiýasy hasabat­ laryň dürli görnüşlerini döretmek üçin gönükdirilen. Wagtly-wagtyndaky hasabatlar olaryň döredilmeli wagtyny kesgitleýän, bellenilen çyzga laýyklykda döredil­ ýär, meselem, kompaniýanyň satuwlarynyň aýdaky seljermesi. Ýörite hasabatlar dolandyryjylaryň talaplary boýunça döredilýär ýa-da kompaniýada meýilleşdirilmedik hadysa bolup geçse döredilýär. Hasabatlaryň iki görnüşi hem jemleýji, deňeşdiriji we adatdan daşary hasabatlaryň görnüşine eýe bolup bilýär. Jemleýji hasabatlarda maglumatlar aýratyn toparlara birleşdirilýär, tertipleşdirilýär hem-de aralyk we ahyrky netije görnüşde aýratyn meýdanlarda görkezilýär. Deňeşdiriji hasabatlar dürli çeşmelerden alnan ýa-da dürli alamatlar boýunça toparlara bölünen we deňeşdirmek maksatlary üçin ulanylýan maglumatlary saklaýar. Adatdan daşary hasabatlar diňe adatdan daşary häsiýetli maglumatlary saklaýar. Dolandyryşy goldamak üçin hasabatlaryň ulanylmagy, gyşarmalar boýunça dolandyryş amala aşyrylanda aýratyn 54

hem peýdaly bolýar. Gyşarmalar boýunça dolandyryş, menejer tarapyndan alynýan maglumatlaryň baş düzüminde firmanyň hojalyk işiniň ýagdaýynyň käbir bellenilen standartlardan (meselem, meýilleşdirilen ýagdaýdan) gyşarmalarynyň bolmalydygyny göz öňünde tutýar. Firmada gyşarmalar boýunça dolandyryş düzgünleri ulanylanda döredilýän hasabatlara aşakdaky talaplar bildirilýär: – hasabat diňe gyşarma bolup geçen ýagdaýynda döredilmelidir; – hasabatdaky maglumatlar, gyşarma üçin aňryçäk görkezijiniň bahasy boýunça tertipleşdirilmelidir; – hemme gyşarmalary mümkindigiçe bilelikde görkezmek gerek, ýagny menejeriň özi olaryň arasyndaky baglanyşygy görer ýaly; – hasabatda kadadan san boýunça gyşarmany görkezmek zerur. Esasy komponentler Giriş informasiýasy operasion derejesiniň sistemalaryndan gelýär. Çykyş informasiýasy çözgüt üçin amatly görnüşde dolandyryş hasabatlaryň görnüşinde düzülýär. Maglumat bazanyň düzümi degişli programma üpjünçiliginiň kömegi bilen, guramada çözgütleri kabul edişlige gatnaşýan hünärmenlere barýan tapgyrlaýyn we ýörite hasabatlara özgerdilýär. Görkezilen informasiýany almak üçin, ulanylýan maglumat bazasy iki elementden ybarat bolmalydyr: 1) firma tarapyndan geçirilýän amallara baha bermek esasynda toplanylýan maglumatlardan; 2) meýilnamalardan, standartlardan, býujetlerden we dolandyryş obýektiň (firmanyň bölüminiň) meýilleşdirilýän ýagdaýyny kesgitleýän beýleki kadalaşdyryjy resminamalardan. Soraglar we ýumuşlar 1. Maglumatlaryň awtomatlaşdyrylan işlenip taýýarlanylmagynyň usul­ laryny sanap geçiň.

55

2. Maglumatlaryň awtomatlaşdyrylan işlenip taýýarlanylmagyny beýan ediň. 3. Tehnologiýa we informasion tehnologiýa näme? 4. Informasiýany işläp taýýarlamagyň tehniki serişdeleriniň toplumyna näme girýär? 5. Dolandyrmagyň informasion tehnologiýasynyň maksady näme?

§11. Jemgyýetde, tebigatda we tehnikada prosesler seljerilende IKT-niň esasy serişdelerini peýdalanmak Täze hojalyk mehanizmlerini goldamak üçin bazar gatnaşyklaryna barabar bolan informasion tehnologiýalary işlenip düzülmelidir. Hususanda, häzirki zaman şertlerinde bank we maýa goýum işleri üýtgeýär, salgyt salma kämilleşdirilýär, dolandyryş işiniň täze görnüşleri we bazar subýektleri emele gelýär, bu bolsa netijeli amaly informasion tehnologiýalary talap edýändir. Bank ulgamlary. Bank düzüm gurluşlaryň ösmegi we kämilleşmegi maliýe edaralaryň täze hyzmatlaryna bolan talaplary emele getirdi. Bank ulgamynyň merkezden daşlaşdyrylmagy düýpden täze guramaçylyga getirýär, ol aýry edaralaryň işlemeginiň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin, şeýle hem özleriniň arasynda, Merkezi bank bilen we daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen özara hereket etmegi üçin toplumlaýyn informatlaşdyrylmagyny işläp düzmegi talap edýär. Bank informasion tehnologiýalary hasaplar gurnalanda ýeterlik derejede operatiwligi üpjün etmelidir. Mundan başga-da, bank işiniň bu ugry has köp zähmeti talap edýär, hasaplamalaryň uly göwrümini saklaýar. Bank tehnologiýalary gurmak üçin meňzetme modelir­ lemäniň ulanylmagy – strategiki meseleleri çözmek üçin geljekde has ähmiýetli çemeleşmeleriň biridir. Bankçy bankyň maliýe görkezijilerine meňzetme edip, netijelilige we kabul edilýän çözgütleriň netijesine baha berip hem-de şeýlelik bilen maliýe bazarynda öz syýasatyny ýöredip bilýär. Bu ugra, bankyň müşderilerine hem-de bank hünärmenlerine gönük56

dirilen ekspert ulgamlaryň işlenip düzülmegi bilen bagly işler golaýdyr. Bank işini maglumatlaşdyrmagyň juda wajyp meselesi bolup banklaryň arasyndaky aragatnaşygy guramak gerek bolýar. Kagyz tehnologiýasy pullary geçirmek üçin, adatça, 2-3 gün talap edýändir. Şonda saklanma, hasaplary guramagyň görnüşi bilen hem-de kommunikasiýalaryň ýagdaýy bilen şertlendirilip bilýär. Informasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bu krizisden çykmaklyga ýardam bermegi mümkindir. Özbaşdak işlenip düzülýän we kämilleşdirilýän programma toplumlarynyň örän gymmat durýandygy sebäp­li, bank tehnologiýasy ugrunda işleýän we bank meselelerini toplumlaýyn çözmäge ukyply bolan guramalaryň roly güýçlenýär. Bir bitewi unifisirlenen funksional bazanyň nukdaýnazaryndan hemme bank meseleleriň umumy çözgüdini berýän, «bank platformalary» diýlip atlandyrylýan emele gelen önümler bank informasiýasyny işläp taýýarlamagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň hiliniň standartlaryny we funksional mümkinçiliklerini kesgitlär. Birža tehnologiýalary. Tejribelik, birža kompýuter toplumlarynyň taslanylmagy – logiki taýdan çylşyrymly, köp zähmet talap ediji we wagt boýunça uzak iş bolýandygyny görkezdi, bu iş, ony ýerine ýetirmäge gatnaşýan hemme hünärmenleriň ýokary hünär derejelerini talap edýär. Şeýle toplumlaryň taslanylmagy, däp bolşy ýaly, duýgurlyga, ekspertleriň baha bermegine, toplumyň işiniň gymmat bahaly eksperimental barlaglaryna we amaly tejribelige esaslanýar. Mundan başga-da, birža tehnologiýasynyň ulanyjylarynyň sanynyň artmagy bilen onuň işlemeginiň ýokary öndürijiliginiň roly güýçlenýär, ol taslamagyň ideologiýasyna düýpli bagly bolup durýar. Häzirki zaman birža informasion tehnologiýalarynyň tejribelige ornaşdyrylmagy biržanyň işiniň ykdysady neti­ jeliliginiň ýokarlanmagyna ýardam bermelidir, şol ýokarlanma şularyň hasabyna bolup geçmeli: ýurduň sebitleri 57

boýunça onuň iş ugrunyň giňelmegi, dolanyşyk serişdeleriň aýlanyşygynyň tizleşmegi, birža prosesine köpçülikleýin haryt getirijileriň, araçylaryň we satyn alyjylaryň çekilmegi, köpçülikleýin mukdarda diňe bir uly möçberli däl-de, eýsem, orta we kiçi möçberli geleşikleriň işjeň amala aşmagynyň mümkinçiliginiň üpjün edilmegi, zähmeti köp talap ediji we dowamly prosesleriň awtomatlaşdyrylmagy, broker firmalaryň kompýuter usuly bilen satmak-satyn almak üçin sargytlaryň ýygnalmagy we seljerilmegi, maýa goýujynyň bähbitleriniň goragyny, söwda gatnaşýanlaryň hemmesiniň deň hukuklaryny üpjün edýän bir bitewi düzgünler boýunça awtomatlaşdyrylan söwdalaryň geçirilmegi (kursuň hasaplanmagy, geleşikleri baglaşmak, söwda şertnamalaryny resmileşdirmek we kliring hasaplaryň geçirilmegi) we ş.m. Menejment tehnologiýalary. Bazar şertlerinde täze mazmun bilen önümçilik menejmentiň hemme proseduralary doldurylýandyr. Islendik önümçilik içki hem-de daşky informasiýanyň akymlary bilen baglydyr. Gelýän dürli maglumatlaryň arasynda menejere çözgüdi kabul etmek üçin diňe anyk kesgitli maglumatlar gerekdir, galanlary bolsa informasion taýdan zen-zele bolup durýar. Mundan başga-da, informasiýanyň köp bölegi oňa zerurlyk ýüze çykýan ýerde döremeýär, şol sebäpli emele gelýän meseleleri çözmek üçin şol aralygy ýeňip geçmek uly ähmiýete eýe bolup durýar. Kommunikasiýanyň meseleleriniň çözülmegi informasiýanyň gelmeginiň tizligine, onuň öz wagtlylygyna täsir berýär, bu bolsa kärhananyň has netijeli işlemegine ýardam berýär, ýörite dolandyryjy informasion sistemasyny gurmak zerurlygyny ýüze çykarýar, bu sistema şol meseleleriň optimal çözülmegine ýardam berýändir. Häzirki wagtda şeýle sistemalary gurmak üçin iki sany çemeleşme bar. Bu МIS-sistemalarydyr (ManagementInformationSystems), olar wagtyň gerek pursadynda has amatly görnüşde tygşytlylygyň umumy kabul edilen düzgünlerini hasaba almak bilen menejer üçin zerur bolan geçmiş, häzir58

ki wagt we geljek baradaky informasiýany emele gelen ýagdaýa laýyklykda berýärler. Ikinji çemeleşme DSS-sistemalara (DecisionSupportSystems) esaslanýar, olar çözgütleri kabul etmegiň proseslerini intellektual taýdan üpjün etmek üçin gönükdirilen hem-de kabul edilýän çözgütleri goldamagy özüne maksat edinýärler. Informasiýany saýlaw ýagdaýyndaky tertipleşdirmegiň düzgüni aşakdaky talaplara laýyklykda informasiýanyň ulgamlaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar: – informasiýa dolandyryş derejesine laýyk gelmelidir, bu bolsa aşaky derejeden ýokary derejä geçilende onuň iri we dykyz bolmagy bilen aňladylýar; – informasiýa menejmentiň häsiýetine laýyk gelmelidir hem-de dolandyryş maksatlaryň jemine gabat gelmelidir, ýagny dolandyrmagyň her derejesi üçin dolandyryş prosesiniň hemme funksiýalaryny ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýän informasiýa berilýär. Meselem, seljerme tapgyrynda diňe bir häzirki däl-de, eýsem, geçen döwrüň we çaklanylýan maglumatlar ulanylýar, hakyky ululyklaryň meýilnamadakylar bilen deňeşdirilmegi ýerine ýetirilýär we emele gelen gyşarmalaryň sebäpleri ýüze çykarylýar. Marketing tehnologiýalary. Marketingiň informasion akymlarynyň toplumlaýyn öwrenilmegi täjirçilik we hasabatçylyk häsiýetli maglumatlaryň uly köplüklerini seljermekligi talap edýär. Marketing informasion tehnolo­giýa­ sy – geljekde ähmiýetli we häzirki marketing barlaglary guramak üçin gönükdirilen proseduralaryň we usullaryň jemidir. Salgyt informasion ulgamlary. Salgyt ulgamynyň özgerdilmegi kämilleşdirmegiň zerurlygyna getirýär, käwagt bolsa degişli informasion tehnologiýalaryň düýp­ li gaýtadan gurnalmagyna getirýär. Salgyt ulgamynyň informatlaşdyrylmagynyň baş ýörelgeleriniň arasynda şulary bellemek bolýar: 59

– salgyt gulluklaryna hyzmat etmek üçin niýetlenen, bir bitewi toplumlaýyn informasion-seljeriş ulgamynyň döredilmegi; – ulgamyň içinde hem-de daşky obýektler bilen informasion alyş-çalşygyny üpjün edýän häzirki zaman kommunikasion toruň işlenip düzülmegi; – täze informasion gurşawynda işgärleriň taýýarlanylmagy; Salgyt gullugyny informatlaşdyrmagyň esasy düzgünleri hökmünde şular teklip edildi: – maglumatlaşdyrmagyň toplumlaýyn we ulgamlaýyn bolmagy, salgyt gullugynyň öňünde häzirki wagtda durýan we geljekde durjak meseleleri çözmeklige tabyn bolmagy; – ulanyjylaryň informasion talaplaryny üpjün etmekde işjeňligi; – maglumatlaşdyrmagy geçirmekde tapgyrlaýyn bolmak we yzygiderlilik; – informasiýany saklamagyň we işläp taýýarlamagyň tertipleşdirilendigi; – umumy ulgamlaýyn we ýöriteleşdirilen maglumat banklarynyň giriş, çykyş we baza meseleleri boýunça laýyk gelmekligi; – ygtyýarlylygynyň çäginde ulanyja informasiýa bolan amatly elýeterliligi bermek; informasiýanyň bir gezek girizilmegi we köp gezek, köp maksatlar üçin ony ulanmak; informasiýanyň ýeterlikçe gizlinliligini üpjün etmek. Soraglar 1. Informasion tehnologiýalaryň ösmegine höweslenme nämä iterýär? 2. Häzirki gün haýsy pudaklarda informasion tehnologiýalarynyň ulanylmagy has netijeli? 3. IKT-niň aşakdaky ulgamlarda ulanylmagyny beýan ediň: a) bank ulgamynda; b) birža tehnologiýalarynda; ç) menement tehnologiýalarynda; d) marketing tehnologiýalarynda; e) salgyt ulgamynda.

60

§12. Şahsy informasion gurşawy guramak Informasion akymynyň artmagy we informasiýanyň has köp mukdary bilen işlemek zerurlygy öz informasion giňişligimizi guramak üçin has akylly çemeleşmegimize mejbur edýär. Informasiýany saklamagyň nädogry ýa-da optimal däl sistemasy öndümli däl işiň paýynyň artmagyna ýardam berýär. Esasy pikir, bir bitewi sistemada, ulanýan ugurlar boýunça böleklere bölünen, öz informasion giňişligiňi döretmekden ybarat. Elektron informasion serişdelerini dolandyrmak meselesine seredeliň hem-de meňzeş usul boýunça tutuşlygyna öz informasion işiňi guramagy öwrenip bolýar. Islendik önümçilik ugrunda adamyň işiniň informasion bölegi artyp barýar. Şahsy informasion giňişligi sowatsyz döredilende, zerur bolan informasiýany gözlemek üçin wagt hem artýandyr, bu bolsa adamyň zähmetiniň öndürijiligine düýpli täsir edýär. Bukjalaryň agajyny sowatly düzmek üçin şol ýa-da başga informasiýanyň zerurlygyny öňünden çaklamagy başarmak gerek. Kompýuteriň ýadynda şahsy informasion giňişligi döretmegiň esasy guraly bolup bukjalar çykyş edýär. Olar kompýuteriň ulgamlaýyn resurslaryny (kataloglar, faýl­ lar, programmalar we ş.m.) guramagyň we hödürlemegiň serişdeleri bolup durýar. Bukja beýleki bukjalary (içine salnan bukjalar), programmalary, şeýle hem printerler we diskler ýaly obýektleri saklap bilýär. Bukjadaky obýektler nyşanlar bilen görkezilýär, her bir nyşan aşagynda ýerleşen adyna eýe bolýar. Şahsy informasion giňişligi nähili döretmeli? Ulanyjy tarapyndan döredilýän resminamalar, anyk düzümleş­diril­ melidir, bu ýagdaýda düzümleşdirmek serişdesi hökmünde bolsa bukja çykyş edýändir. Eger hemme resminamalar bir bukjada saklanylsa, onda aňryçäk ölçege ýetilenden soň ulanyjy öz resminamalarynyň içinde gereklisini tapmak üçin

61

köp wagt sarp eder. Işiň zerur wagty gerekli resminamany tapmak üçin sarp ediler. Ulanyjynyň informasion giňişligini ulgamlaşdyrmak we düzümleşdirmek üçin bukjalary peýdalanýarlar. Bukjalary biri-biriniň içine salmak arkaly ýeterlikçe derejede şahalanýan bukjalaryň iýerarhiýasyny gurup bolýar, olary yzygiderli açmak bilen gerek bolan faýly aňsat tapmak bolar. Soraglar 1. Şahsy informasion giňişligi diýip nämä düşünilýär? 2. Şahsy informasion giňişligi nädogry düzülende näme bolup biler? 3. Şahsy informasion giňişligi nähili döredip bolýar?

Amaly işler I. Ähtimallaýyn çemeleşmede habarda saklanylýan in‑ formasiýany kesgitlemek üçin meseleleri çözmek. N = 2I formulany peýdalanmak bilen aşakdaky meseleleri çözmeli: 1. Awtobusyň içindäki adamdan – «Siz indiki duralgada düşýärsiňizmi?» diýip, sorapdyrlar. Ol «ýok» diýip jogap beripdir. Jogap informasiýanyň näçe mukdaryny saklaýar? 2. Bilimleriň kesgitsizligini 4 esse azaldýan habar informasiýanyň näçe mukdaryny saklaýar? 3. Sary çyra ýanan mahaly Siz swetoforyň ýanyna gelipsiňiz. Ondan soň ýaşyl çyra ýandy. Şonda Siz infor­ masiýanyň näçe mukdaryny aldyňyz? 4. Gyzyl çyra ýanan mahaly Siz swetoforyň ýanyna gelipsiňiz. Ondan soň sary çyra ýandy. Şonda Siz infor­ masiýanyň näçe mukdaryny aldyňyz? 5. Okuwçylaryň topary howdana geldi, şol howdanyň ýüzmek üçin 4 zolagy bar. Türgençi toparyň 3-nji zolakdan ýüzmelidigi barada habar berdi. Okuwçylar şol habardan informasiýanyň näçe mukdaryny aldylar? 6. Sebetde 8 sany şar bar. Şarlaryň hemmesi dürli reňklidir. Sebetden bir şar çykarylan baradaky habar informasiýanyň näçe mukdaryny saklaýar? 62

7. «7-nji wagony garşylaň» diýen ýazgysy telegramma alyndy. Otly­nyň düzüminde 16 sany wagonyň bardygy belli. Informasiýa­nyň näçe mukdary alyndy? 8. Mekdep kitaphanasynda kitap saklaýan 16 sany stellaž bar. Her stellažda 8 sany tekje bar. Kitaphanaçy Merdana oňa gerek kitabyň 5-nji stellažyň ýokarky 3-nji tekjesinde ýerleşýändigini habar berdi. Kitaphanaçy Merdana informasiýanyň näçe mukdaryny beripdir? 9. 1-den N-e çenli bitin san tapylanda 7 bit informasiýa alyndy. N näçä deň? 10. Sanlaryň bellibir çäginde bitin san tapylanda 6 bit informasiýa alyndy. Şol çäk näçe sanlaryň näçe mukdaryny saklaýar? 11. Siziň dostuňyzyň 10-njy gatda ýaşaýandygy barada­ky habar 4 bit informasiýany saklaýar. Jaýda näçe gat bar? 12. Merdanyň jaýyň ikinji girelgesinde ýaşaýandygy baradaky habar 3 bit informasiýany saklaýar. Jaýda näçe girelge bar? 13. Gapyrjakda 7 sany dürli reňkli galam bar. Gapyr­ jagyň içinden gyzyl galamyň alnandygy baradaky habar informasiýanyň näçe mukdaryny saklaýar? 14. «Duşuşyk sentýabr aýyna geçirildi» diýen habar informasiýanyň näçe mukdaryny saklaýar. 15. Duşuşygyň aýyň 15-ine bellenendigi baradaky habar informasiýanyň näçe mukdaryny saklaýar? 16. Duşuşygyň oktýabr aýynyň 23-ine sagat 15:00 bellenilendigi baradaky habar informasiýanyň näçe mukdaryny saklaýar? 17. Size gerek bolan programma 8 diskiň birinde ýerleş­ ýändigi baradaky habar informasiýanyň näçe mukdaryny saklaýar? 18. 8x8 ölçegli meýdanda haçlar-nollar oýun oýnalanda haçlar bilen oýnaýan birinji oýunçynyň birinji ädiminden soň ikinji oýunçy informasiýanyň näçe mukdaryny kabul eder? 63

19. Ruletkada oýlaryň umumy sany 128-e deň. Şarigiň oýlaryň birinde saklanandygy baradaky habardan infor­ masiýanyň näçe mukdaryny alýarys? 20. 32 kartdan ybarat bolan kolodadan bir kart saýlanylýar. Bellibir kartyň saýlanylandygy baradaky habardan informasiýanyň näçe mukdaryny alýarys? II. Arhiw faýllaryny döretmek. Faýllary arhiwden çy­ karmak WinZip arhiwatoryň mysalyna seredeliň. WinZip programmasy Windows operasion sistemasynyň getirilýän toplumynyň düzümine girmeýär. Bu arhiwatory ulanmak üçin, ony ilkibaşda kompýutere oturtmak gerek. WinZip programmasy arkaly täze arhiwi döretmek ýa-da eýýam bar bolan arhiwe faýllary goşmak üçin iki usuldan peýdalanyp bolýar. Arhiwi döretmegiň I usuly – kontekst menýu ulanmak bilen (arhiwatory goýbermezden): 1. Arhiwe salmak üçin faýly (faýllary) bellemeli. 2. Kontekst menýu çagyrmaly we AddtoZip buýrugyny saýlamaly, ondan soň WinZip penjiresi açylar, onuň öňünde bolsa Add (Добавить) gepleşik penjiresi peýda bolar. Emma bir faýl ýa-da bukja arhiwe salnanda arhiwiň adyny saklaýan Addto*.zip buýrugyny ulanmak has amatlydyr. Bu buýruk WinZip programmasynyň we Add penjiresi açylmazdan amaly ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. 3. Add gepleşik penjiresinde arhiwiň ýoluny we adyny girizmeli. 4. Add düwmesine basmaly. Arhiwi döretmegiň II usuly – arhiwatory goýbermek bilen: 1. WinZip programmasyny goýbermeli. 2. File / NewArchive (Файл / Новый архив) menýu buý­rugyny girizmeli ýa-da gurallar panelinde New düwmesine basmaly. 64

3. NewArchive gepleşik penjiresinde createin: (Помес­ тить в:) meýdanynda döredilýän arhiwiň ýerleşdiriljek diskini we bukjasyny görkezmeli. 4. Имя файла: meýdanynda döredilýän arhiwiň adyny girizmeli we OK düwmesine basmaly. 5. WinZip penjiresinde ACTIONS / Add (ДЕЙСТВИЯ/ добавить) buýrugyny girizmeli ýa-da gurallar panelinde Add düwmesine basmaly. 6. Add gepleşik penjiresinde arhiwe salmak üçin faýl­ lary bellemeli, gerek bolan parametrleri girizmeli we Add düwmesine basmaly. Bellenilen faýllar arhiwe ýerleşdiriler, WinZip programmasynyň penjiresinde bolsa arhiw barada maglumat emele geler. 7. Amaly tamamlamak üçin, FILE / CloseArchive (Файл/Закрыть архив) buýrugy ýerine ýetirmek gerek. Faýllary arhiwden çykarmak üçin hem iki usuldan peýdalanyp bolýar. I usul – arhiwatory goýbermezden: 1. Zerur bolan bukjanyň penjiresini açmaly we arhiwden çykarmak üçin arhiw faýlyny saýlamaly. 2. Kontekst menýu çagyrmaly we Extractto... (Извлечь в...) buýrugyny saýlamaly. Extract (Извлечь) gepleşik penjiresi açylar. 3. Extractto: meýdanynda arhiwden çykarylan faýl­ laryň ýerleşdiriljek diskini we bukjasyny görkezmeli. 4. Extract düwmesine basmaly. II usul – arhiwatory goýbermek bilen: 1. WinZip programmasyny goýbermeli. 2. File/OpenArchive (Файл/Открыть архив) buýrugyny girizmeli ýa-da gurallar panelinde Open düwmesine basmaly. 3. Arhiw faýlyny saklaýan bukjany açmaly hem-de içini arhiwden çykarylmaly faýlyň adyny görkezmeli. 4. Открыть düwmesine basmaly. Şol arhiwde saklanyl­ ýan faýllaryň atlary programmanyň penjiresinde emele geler. 5. Sargyt № 1307.

65

5. Arhiwden çykarmak üçin faýllary bellemeli. 6. ACTIONS/Extract (ДЕЙСТВИЯ/Извлечь) buýru­ gy­ny girizmeli ýa-da gurallar panelinde Extract düwmesine basmaly. 7. Açylan Extract gepleşik penjiresinde arhiwden çykarylan faýllaryň ýerleşdiriljek diskini we bukjasyny görkez­meli. Hemme faýllar arhiwden çykarylanda AllFiles (Все файлы) parametri işjeň ýagdaýa getirmeli. 8. Extract düwmesine basmaly. WinZip programmasy arhiwiň içinde ýerleşen faýllar barada informasiýany, olary arhiwden çykarman almaga, şeýle hem gysylan faýllaryň içini görmäge mümkinçilik berýär. Bu wajypdyr, sebäbi hemme arhiwleri arhiwden çykarmak gerek däldir. Arhiw faýly görmek üçin aşakdaky ädimleri ýerine ýetirmek: 1. WinZip programmasyny goýbermeli. 2. File/OpenArchive (Файл/Открыть архив) buýrugyny girizmeli. 3. OpenArchive gepleşik penjiresinde gerekli arhiw faýlyny tapmaly we bellemeli. 4. Открыть düwmesine basmaly. Şol arhiwde sakla­ nyl­ýan faýllaryň atlary programmanyň penjiresinde emele geler. 5. Içini görmek gerek bolan faýlyň adyna iki gezek basmaly. Faýl baglaşan programmasynyň penjiresinde açylar. 6. View düwmesine basmaly. Arhiwator programmasy bilen işlemek. Maglumat­ laryň gysylmagy 1. Iş meýdanynda (Рабочий стол) bukjany dörediň we at hökmünde öz familiýaňyzy beriň. 2. Проводник programmasynyň kömegi bilen görkezilen giňeltmeli faýllary tapyň we öz bukjaňyza göçüriň: BMP; POTX; DOCX; 66

3. Iş meýdanynda «Meniň arhiwim» bukjany dörediň. 4. WinRar arhiwler dispetçerini Пуск, Программы, WinRar, WinRar buýrugy arkaly ýa-da Iş meýdanynda onuň ýarlygy arkaly goýberiň. 5. Bir dereje ýokary – Iş meýdanyň görkezilýän ýerine galyň, öz familiýaňyzy göterýän bukjany tapyň we ony açyň. 6. Yzygiderli faýllary bellemek bilen olar üçin .rar formatly arhiwleri dörediň: a) faýly belläp almaly; b) gurallar panelinde Добавить düwmesine basmaly. Emele gelen Имя и параметры архива gepleşik penjiresinde teklip edilýän: Формат архива: RAR; Метод сжатия: Обычный parametrlerini üýtgetmän goýmaly; ç) arhiwiň ýazylmagynyň ýerini görkezmek üçin Обзор düwmesine basmaly. Поиск архива gepleşik penjiresinde Iş meýdanyndaky «Meniň arhiwim» bukjasyny saýlamaly we Открыть düwmesine basmaly; d) Имя и параметры архива penjiresinde ОК düwmesine basmaly; e) edil şolar ýaly bu faýl üçin .zip formatyndaky arhiwi döretmeli we ony «Meniň arhiwim» bukjasyna ýazmaly. 7. Depderiňizde aşakdaky tablisany dörediň: .rar for.zip forBaşlan­ Infor­ Başlangyç Gysmak Gysmak matynda matynda gyç masiýanyň faýllaryň koeffikoeffifaýllaryň faýllaryň faýllar görnüşi ölçegi siýenti siýenti ölçegi ölçegi BMP POTX DOCX

8. Öz familiýaňyzy göterýän bukjany açyň, her faýlyň ölçegini kesgitläň we ony tablisanyň içine ýazyň. 9. «Meniň arhiwim» bukjany açyň we gysylan faýllaryň ölçegini kesgitläň we netijeleri tablisanyň içine ýazyň.

67

II bölüm. Maglumat bazalary

§13. MS Access goşundynyň SQL diline giriş Maglumat bazasyndan maglumatlary alyp çykarmak üçin, SQL dili (Structured Query Language – düzümleşdi­ rilen talaplaryň dili) ulanylýandyr. SQL – bu iňlis diline meňzeş, emma maglumat bazalary dolandyryş programmalar üçin niýetlenen programmirleme dilidir. Her bir ýerine ýetirilýän talap hakykatda SQL diline esaslanýandyr. SQL diliniň düzgünlerine düşünmeklik gowulandyrylan talaplary döretmäge kömek berýär we nädogry netijeleri berýän talaplary düzetmegi aňsatlaşdyrýar. Bellik. Web-talap üçin SQL buýrugyny üýtgedip bolmaýar. SQL näme? SQL – faktlaryň toplumy we olaryň arasyndaky gatnaşyklar bilen işlemek üçin niýetlenen programmirleme dilidir. Microsoft Office Access ýaly relýasion mag­ lumat bazalary dolandyryş programmalarynda SQL dili maglumatlar bilen işlemek üçin ulanylýar. Programmirleme dilleriň köpüsinden tapawutlylykda SQL dili, eýsem, öwrenjeler üçin ýeňil okalýan we düşnükli dildir. Programmirleme dilleriň köpüsi ýaly, SQL dili standartlaşdyrmak boýunça ISO (International Organization for Standardization – Standartlaşdyrmak boýunça halkara gurama) we ANSI (American National Standards Institute – Amerikanyň Milli standartlar instituty) ýaly komitetler tarapyndan tassyklanan halkara standart bolup durýar. SQL dilinde soraglara jogaplary almaga kömek berýän maglumatlaryň toplumlary kesgitlenýär. SQL peýdala68

nylanda dogry sintaksisi peýdalanmak gerek. Sintaksis – diliň elementlerini dogry utgaşdyrmaga mümkinçilik berýän kadalaryň toplumy. SQL sintaksisi iňlis diliniň sintaksisine esaslanýar hem-de goşundylar üçin Visual Basic diliniň (VBA) sintaksisiniň köp umumy elementlerini öz içine alýar. Meselem, Merdan atlylaryň hemmesiniň familiýalaryny çykarmak üçin ýönekeý SQL görkezmesi şular ýaly bolup biler: SELECT Last_Name FROM Contacts WHERE First_Name = ‘Merdan’; Bellik. SQL dili diňe bir maglumatlaryň üstünde amal­ lary ýerine ýetirmek üçin däl-de, eýsem, maglumat bazanyň obýektleriniň, meselem, tablisalaryň düzümini döretmek we üýtgetmek üçin hem peýdalanylýar. Maglumat bazanyň obýektlerini döretmek we üýtgetmek üçin ulanylýan, SQL diliniň bölegine maglumatlary teswirlemek dili (DDL) di­ ýilýär. Umuman aýdanyňda SQL dili – diňe bir MS Access goşundyda däl-de, eýsem, MS SQL-server, MySQL ýaly meşhur MBDU-larda talaplary ýazmagyň standartydyr, ol Delphi, Visual C we ş.m. ýaly obýekte-gönükdirilen programmirleme dillerine maglumat bazalaryny döretmek üçin ulanylýar. Şeýlelik bilen, onuň öwrenilmegi, geljekde maglumat bazalary ugrunda programma üpjünçiligi amala aşyrylanda peýdaly bolar. SQL düzgüninde talaby görmek SQL talaplary gönümel MS Access goşundysynda işlemek bolýar. Munuň üçin talaby döretmegiň konstruktor düzgünini SQL düzgünine geçirmek gerek (4-nji surat). Menýunyň Режим buýrugyny ýerine ýetirmek we açyl­ ýan sanawdan и Режим SQL saýlap SQL koduny görmek düzgünine geçip bolýar (5-nji surat). 69

4-nji surat. Talabyň konstruktor düzgüni we düzgüni saýlamak düwmesi

5-nji surat. SQL düzgünini saýlamak

70

Netijede, talabyň diňe bir SQL-koduny görmän, ony geljekde redaktirläp hem bolýar (6-njy surat).

6-njy surat. SQL-kody görmek we redaktirlemek

SELECT görkezmesi SELECT görkezmesi SQL dilinde maglumatlaryň top­ lumyny teswirlemek üçin hyzmat edýär. Ol maglumat bazadan alynmaly maglumatlaryň toplumynyň doly teswirini saklaýar, şol sanda: – içinde maglumatlar saklanylýan tablisalar; – dürli çeşmelerden bolan maglumatlaryň arasyndaky baglanyşyklar; – meýdanlar ýa-da maglumatlaryň saýlanyp alynmagyna esas bolýan hasaplamalar; – talabyň netijesine goşulýan maglumatlaryň laýyk gelmeli saýlaw şertleri; – tertipleşdirmegiň zerurlygy we usuly. SQL sözlemleri SQL görkezmesi sözlemler diýlip atlandyrylýan birnäçe böleklerden ybarat. Her bir sözlem SQL görkezmesinde 71

öz maksadyna eýe bolýar. Käbir sözlemler hökmany bolup durýar. Aşakda getirilen tablisada has köp peýdalanylýan SQL sözlemleri görkezilen (1-nji tablisa). 1-nji tablisa

SQL sözlemi SELECT

Teswiri

Gerekli maglumatlary sak­ laýan meýdanlary kesgitleýär. OM SELECT sözleminde görkezilen meýdanlary saklaýan tablisalary kesgitleýär. WHERE Netijelere goşulýan hemme ýazgylaryň laýyk gelmeli bolýan meýdanlary saýlap almagyň şertlerini kesgitleýär. ORDER BY Netijeleri tertipleşdirmegiň tertibini kesgitleýär. GROUP BY Hasabatçylyk funksiýalary saklaýan SQL görkezmesinde, SELECT sözleminde jemleýji bahalary hasaplanmaýan meýdanlary kesgitleýär. HAVING Hasabatçylyk funksiýalary saklaýan SQL görkezmesinde, SELECT sözleminde jemleýji bahalary hasaplanýan meýdanlara ulanylýan şertleri kesgitleýär.

Hökmany ýa-da ýok Hawa Hawa Ýok

Ýok Diňe şeýle meýdanlar bolan mahaly

Ýok

SQL adalgalary Her bir SQL sözlemi söz bölegi bilen deňeşdirilýän adalgalardan ybarat. Aşakda getirilen tablisada SQL adalgalarynyň görnüşleri görkezilen (2-nji tablisa). 72

2-nji tablisa SQL adalgasy

Laýyk gelýän söz bölegi

Kesgitleme

identifikator at

Müşderiler. [Telefon belgisi]

operator

AS

konstanta Aňlatma

Maglumat bazanyň obýektini identifikatlaşdyrmak üçin ulanylýan at, meselem, meýdanyň ady işlik ýa-da Hereketi görkezýän hal ýa-da ony üýtgedýän esasy söz at Üýtgemeýän baha, meselem, san ýa-da NULL. sypat Bir bahany hasaplamak üçin niýetlenen identifikatorlaryň, operatorlaryň, konstantalaryň we funksiýalaryň utgaşmasy.

Mysal

42 >= Harytlar. [Baha]

Soraglar 1. SQL näme? 2. Haýsy SQL görkezmeleri bilýärsiňiz? 3. SQL adalgalaryň haýsy görnüşlerini bilýärsiňiz? 4. SQL düzgünine nähili geçmeli?

§14. Esasy SQL sözlemleri: SELECT, FROM we WHERE SQL görkezmesiniň umumy formaty: SELECT field_1 FROM table_1 WHERE criterion_1 ; 73

Bellikler – Access SQL görkezmesinde setirleriň üzülmesine üns bermeýär. Muňa garamazdan, SQL görkezmesini ýazan hem-de ony okaýan adama düşnükli bolar, ýaly, her sözlemi täze setirden başlamaga maslahat berilýär. – Her bir SELECT görkezmesi nokatly otur (;) bilen tamamlanýar. Nokatly otur hem soňky sözlemiň yzynda hem‑de SQL görkezmesiniň soňunda aýratyn setirde durup bilýär (7-nji surat). Access goşundydaky mysal

7-nji surat. MS Access goşundyda SQL-koduň mysaly

Aşakda görkezilen mysalda SQL görkezmesiniň Access programmasynda saýlamak boýunça ýönekeý talap üçin nähili görnüşde bolýandygy görkezilýär. 1. SELECT sözlemi 2. FROM sözlemi 3. WHERE sözlemi Bu SQL görkezmesini şular ýaly okamaly: «Gatna­ şyklar» tablisadaky «Elektron poçtanyň salgysy» we «Kompaniýa» meýdanlaryndan maglumatlary saýlap almak, ýagny – «Şäher» meýdanynyň ýazgylary «Aşgabat» ähmiýete eýe bolanlary». Mysala ony sözlemlere bölüp seredeliň, bu SQL sin­ taksisiniň işine düşünmäge kömek berer. SELECT sözlemi SELECT ([E-mail Address], Company 74

Bu SELECT sözlemidir. Ol operatory (SELECT) sak­ laýar, onuň yzyndan iki sany identifikator bar ([Elektron poçtanyň salgysy] we Kompaniýa). Eger identifikator probelleri ýa-da ýörite nyşanlary saklaýan bolsa (meselem, Elektron poçtanyň salgysy), ol gönüburçly ýaýyň içine salynmalydyr. SELECT sözleminde meýdanlary saklaýan tablisalary görkezmek gerek däl hem-de onda, netijelere goşulýan maglumatlaryň laýyk gelmeli bolýan saýlawyň şertlerini goýup bolmaýar. SELECT görkezmesinde SELECT sözlemi elmydama FROM sözlemiň öňünde durýar. FROM sözlemi FROM Contacts Bu FROM sözlemidir. Ol operatory (FROM) saklaýar, onuň yzyndan identifikator (Gatnaşyklar) durýar. FROM sözleminde saýlamak üçin meýdanlar görkezilmeýär. WHERE sözlemi WHERE City=»Aşgabat» Bu WHERE sözlemidir. Ol operatory (WHERE) sak­ laýar, onuň yzyndan aňlatma (Şäher=»Aşgabat») gelýär. Bellik. SELECT we FROM sözlemlerinden tapawutlylykda WHERE sözlemi SELECT görkezmesiniň hökmany däl elementi bolup durýar. SELECT, FROM we WHERE sözlemleri arkaly köp işleri ýerine ýetirip bolýandyr. Sorag we ýumuşlar 1. Esasy SQL sözlemleri barada aýdyp geçiň. 2. SELECT görkezmesi näme bilen tamamlanýar? 3. SELECT sözlemi nähili gurulýar? 4. FROM sözlemi näme ýerine ýetirýär? 5. WHERE sözlemi näme ýerine ýetirýär?

75

§15. SQL dilinde tertipleşdirme we toparlaşdyrma Edil Microsoft Office Excel goşundysynda ýaly, Access goşundysynda hem tablisadaky talabyň netijelerini tertipleşdirip bolýar. ORDER BY sözlemini peýdalanmak bilen, talapda netijeleri tertipleşdirmegiň usulyny hem görkezip bolýandyr. Eger ORDER BY sözlemi peýdalanylýan bolsa, ol SQL görkezmesiniň soňunda ýerleşdirilmelidir. ORDER BY sözlemi tertipleşdirilýän meýdanlaryň sanawyny saklaýar, tertipleşdirme meýdanlaryň yzygiderligine laýyk gelýän tertipde amala aşyrylar. Meselem, ilkibaşda netijeleri «Kompaniýa» meýdanynyň bahasynyň kemeliş tertibi boýunça tertipleşdirmek, soňra bolsa, eger «Kompaniýa» meýdanynyň bahalary deň bolan ýazgylar bar bolsa, olary «Elektron poçtanyň salgysy» meýdanynyň bahasynyň galýan tertibi boýunça tertipleşdirmek gerek bolsa, ORDER BY sözlemi aşakdaky ýaly bolar: ORDER BY Company DESC, [E-mail Address] Bellik. Deslapdan Access goşundysynda tertipleşdirme galmak tertibinde amala aşyrylýar (A-Ž, A-Z, А-Я, kiçiden ula çenli). Oňa derek bahalary kemelmek tertipde tertipleşdirmek gerek bolsa DESC esasy sözi görkezmelidir. Jemleýji maglumatlar bilen işlemek: GROUP BY we HAVING sözlemleri Käwagt jemleýji maglumatlar bilen işlemek zerurlygy ýüze çykýar, meselem, aý boýunça jemleýji satuwlar ýa-da ammardaky iň gymmat harytlar bilen. Munuň üçin, SELECT sözleminde meýdan üçin hasabatçylyk funksiýasyny peýdalanmak gerek. Meselem, talabyň ýerine ýetirilmeginiň netijesinde her kompaniýanyň elektron poçtasynyň salgylarynyň sanyny kesgitlemek gerek bolsa, SELECT sözlemi şular ýaly bolmagy mümkin: SELECT COUNT ([E-mail Address]), Company 76

Şol ýa-da başga hasabatçylyk funksiýasynyň ulanyl­ magynyň mümkinçiligi meýdandaky maglumatyň ýa-da ulanylýan aňlatmanyň görnüşine baglydyr. Hasabatçylyk funksiýasynda peýdalanylmaýan meýdanlary görkezmek: GROUP BY sözlemi Hasabatçylyk funksiýalary peýdalanylanda, adatça, GROUP BY sözlemini döretmek zerurdyr. GROUP BY sözleminde hasabatçylyk funksiýasy ulanylmaýan hemme meýdanlar görkezilýär. Eger hasabatçylyk funksiýalary talapdaky hemme meýdanlara ulanylýan bolsa GROUP BY sözlemini döretmeli däl. GROUP BY sözlemi gönümel WHERE sözleminden ýa-da WHERE sözlemi ýok bolsa, FROM sözleminden soň bolmalydyr. GROUP BY sözleminde meýdanlar edil SELECT sözlemindäki tertipde görkezilýändir. Mundan öňki mysaly dowam etdireliň. Goý, SELECT sözleminde hasabatçylyk funksiýasy diňe [Elektron poçtanyň salgysy] meýdanyna ulanylýan bolsun, onda GROUP BY sözlemi aşakdaky ýaly bolar: GROUP BY Company Toparlaşdyrmagyň şertleri arkaly hasabatçylyk bahalaryny çäklendirmek: HAVING sözlemi Netijeleri çäklendirmek üçin şertleri görkezmek zerur bolsa, emma olaryň ulanylmaly bolýan meýdany hasabatçylyk funksiýasynda peýdalanylýan bolsa, WHERE sözlemini ulanmaly däldir. Oňa derek HAVING sözlemini ulanmak gerekdir. HAVING sözlemi edil WHERE aýly işleýär, emma hasabatçylyk maglumatlary üçin peýdalanylýar. Meselem, SELECT sözleminde birinji meýdana COUNT funksiýasy peýdalanylýan bolsa: SELECT COUNT([E-mail Address]), Company COUNT funksiýanyň bahasynyň esasynda talabyň netijelerini çäklendirmek üçin, WHERE sözleminde bu meý77

dan üçin saýlaw şertini ulanyp bolmaýar. Oňa derek şerti HAVING sözleminde ýerleşdirmek gerek. Meselem, eger talap setirleri diňe kompaniýada birnäçe elektron poçtanyň salgysy bar bolan ýagdaýynda gaýtarar ýaly etmeli bolsa, aşakdaky HAVING sözlemini peýdalanmak bolar: HAVING COUNT([E-mail Address])>1 Bellik. Talap öz içine hem WHERE sözlemini hem‑de HAVING sözlemini alyp bilýändir, şonda hasabatçylyk funksiýalarynda peýdalanylmaýan meýdanlar üçin saýlaw şertleri WHERE sözleminde, hasabatçylyk funksiýalarynda peýdalanylýan meýdanlar üçin şertler bolsa, HAVING sözleminde görkezilýär. Talabyň netijelerini jemlemek: UNION operatory UNION operatory saýlamak boýunça meňzeş talaplary tarapyndan gaýtarylýan hemme maglumatlary bir wagtda görmek üçin birleşdirilen toplum görnüşinde ulanylýar. UNION operatory iki sany SELECT görkezmesini bir görkezmä birleşdirmäge mümkinçilik berýär. Birleşdirilýän SELECT görkezmeleri meňzeş ýa-da biri-birine laýyk gelýän maglumatlaryň görnüşlerine eýe bolan çykyş meýdanlaryň deň sanyna we tertibine eýe bolmalydyr. Talap ýerine ýetirilende, degişli meýdanlaryň her bir toplumyndan bolan maglumatlar bir çykyş meýdana birleşdirilýär, şol sebäpli talabyň çykyş maglumatlary her bir SELECT görkezmesiniň aýratynlykdaky eýe bolýan meýdan sanyna eýedir. Bellik. Birleşdirmek talaplarynda maglumatyň san we tekst görnüşleri biri-birine laýyk gelýän bolup durýar. UNION operatoryny ulanmak bilen, talabyň netijele­riniň gaýtalanýan setirlere, eger olar bar bolsa, goşulmalydy­gyny görkezip bolýar. Munuň üçin ALL esasy sözi ulanmak gerek. Iki sany SELECT görkezmeleriň birleşmegine bolan talap aşakdaky bazalaýyn sintaksisa eýedir: SELECT field_1 FROM table_1 78

UNION [ALL] SELECT field_a FROM table_a ; Meselem, «Harytlar» we «Hyzmatlar» atly iki tablisa bar bolsun. Tablisalaryň ikisi hem harydyň ýa-da hyzmatyň adyny, bahasyny we kepillendiriş barada maglumatlary sak­ laýan meýdanlara, şeýle hem teklip edilýän harydyň ýa-da hyzmatyň eksklýuziwligi görkezilýän meýdana eýe bolýar. «Harytlar» we «Hyzmatlar» tablisalarynda kepillendirişiň dürli görnüşleriniň göz öňünde tutulandygyna garamazdan, şol bir esasy informasiýa bar (hiliň kepillendirişi aýratyn önümlere ýa-da hyzmatlara berilýärmi). Iki tablisadaky dört meýdany birleşdirmek üçin, aşakdaky birleşdirme talabyny ulanmak bolýar: SELECT name, price, warranty_available, exclusive_offer FROM Products UNION ALL SELECT name, price, guarantee_available, exclusive_offer FROM Services ; Soraglar 1. Netijeleri tertipleşdirmek üçin haýsy SQL sözlemi ulanylýar? 2. Kemeliş boýunça tertipleşdirmek üçin näme etmeli? 3. Netijeleri toparlaşdyrmak üçin haýsy SQL sözlemi ulanylýar? 4. HAVING sözlemi näme üçin ulanylýar? 5. Talabyň netijelerini nähili birleşdirýärler?

§16. Çylşyrymly SQL talaplaryny döretmek. Goşmaça sözlemleri peýdalanmak SELECT sözlemi barada goşmaça maglumatlar Eger SQL görkezmesi meňzeş atly birnäçe meýdanlary saklaýan bolsa, SELECT sözleminde her meýdanyň adynyň öňüne degişli maglumat çeşmesiniň adyny goşmak gerek. 79

Maglumat çeşmesi hökmünde FROM sözlemindäki ýaly şol bir ady ulanmak gerek. Hemme meýdanlary saýlap almak Talabyň içine maglumat çeşmesinden hemme meýdanlary goşmak üçin, SELECT sözleminde olaryň hemmesini aýratynlykda görkezip bolýar ýa-da çalşyryjy nyşany – ýyldyzjygy (*) peýdalanyp bolýar. Eger ýyldyzjyk peýdalanylýan bolsa, talap ýerine ýetirilende, Access goşundysy maglumat çeşmesiniň haýsy meýdanlary saklaýandygyny kesgitleýär hem-de bu meýdanlary talabyň içine goşýar. Bu talabyň aktuallygyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär, sebäbi maglumat çeşmesine täze meýdanlar goşulanda, şol meýdanlar awtomatiki talabyň içine goşulýar. SQL görkezmesinde ýyldyzjygy birnäçe maglumat çeşmeleri bilen peýdalanyp bolýar. Bu ýagdaýda ýyldyzjyk bilen bilelikde maglumat çeşmesiniň adyny hem görkezmelidir, ýagny Access goşundysy meýdanlary haýsy çeşmeden okamalydygyny biler ýaly. Meselem, «Sargytlar» tablisasyndan hemme meýdanlary hem-de «Gatnaşyklar» tablisasyndan diňe elektron poçtanyň salgysyny saýlamak gerek bolýan bolsa, SELECT sözlemi aşakdaky görnüşde bolup biler: SELECT Orders.*, Contacts.[E-mail Address] Bellik. Ýyldyzjygyň ulanylmagyna gaty üns bermeli. Eger maglumat çeşmesine peýdalanylmagy göz öňünde tutulmaýan meýdanlar goşulan bolsa, talabyň netijeleri garaşylýan ýaly bolman hem bilýär. Aýratyn bahalary saýlap almak Eger görkezmede artykmaç maglumatlaryň saýlanyl­ ýandygy belli bolsa, emma welin diňe aýry bahalar gerek bolsa, SELECT sözleminde DISTINCT esasy sözi ulanyp bol­ýar. Meselem, her bir müşderi birnäçe dürli gulluklary görkezýän bolsa, olaryň käbirinde bolsa şol bir telefon bel80

gisi ulanylýan bolsa, her bir telefon belgisi diňe bir gezek görkeziler ýaly SELECT sözlemi aşakdaky görnüşde bolmalydyr: SELECT DISTINCT [txtCustomerPhone] Meýdanlaryň ýa-da aňlatmalaryň lakamlaryny peýdalanmak: AS esasy sözi Tablisa düzgüninde islendik meýdanyň at ýazgysyny üýtgetmek üçin, SELECT sözleminde AS esasy sözüni we meýdanyň lakamyny peýdalanmalydyr. Meýdanyň lakamy – netijeleri has düşnükli edip okar ýaly, meýdana talabyň içinde berilýän at. Meselem, müşderileriň telefon belgilerini saklaýan «tekstMüşderiTelefon» meýdanyndan maglumatlar saýlanylanda, netijeleriň ýeňil okalmagyny gowulandyrmak üçin, SELECT sözleminde aşakdaky meýdanyň lakamyny peýdalanmak bolar: SELECT [txtCustPhone] AS [Customer Phone] Bellik. Eger SELECT sözleminde aňlatma bar bolsa, onda meýdanyň lakamyny hökmany peýdalanmalydyr. Saýlamakda aňlatmany ulanmak Käwagt saýlanylýan maglumatlara esaslanan hasap­ lamalaryň netijelerini çykarmak ýa-da meýdanyň maglu­ mat­larynyň diňe bir bölegini çykarmak zerur bolýar. Meselem, hemme müşderiler üçin «DoglanGüni» meýdanyň maglumatlaryny ulanyp doglan ýyllaryny çykarmak zerur bolsa, SELECT sözlemi şeýle bolup biler: SELECT DatePart(«yyyy»,[BirthDate]) AS [Birth Year] Bu aňlatma DatePart funksiýasyny we iki sany argumenti: «yyyy» (konstantany) we [DoglanGüni] (identifikatory) saklaýar. Meýdan hökmünde bir bahany kabul edip, bir bahany gaýtaryp berýän islendik ýol bererli aňlatmany ulanyp bolýar.

6. Sargyt № 1307.

81

FROM sözlemi barada goşmaça maglumatlar Maglumat çeşmeleriniň lakamlaryny ulanmak SELECT görkezmesinde maglumat çeşmesine ýüzlenmek üçin, onuň lakamyny ulanmak bolýar, ony FROM sözleminde görkezmeli. Tablisanyň lakamy – maglumat çeşmesi hökmünde aňlatma ulanylanda ýa-da SQL görkez­mesini girizmegi ýa-da okamagy aňsatlaşdyrmak üçin mag­lumat çeşmesine dakylan at. Eger maglumat çeşmesiniň ady juda uzyn ýa-da ony girizmek kyn bolsa, aýratyn hem dürli tablisalarda meňzeş atly meýdanlar bar bolanda bu mümkinçilik peýdalydyr. Meselem, «ID» atly iki meýdandan maglumatlary almak gerek bolsa, olaryň biri «tblCustomer», beýlekisi bolsa «tblOrder» tablisada saklanylýan bolsa, SELECT sözlemi aşakdaky görnüşde bolup biler: SELECT [tblCustomer].[ID], [tblOrder].[ID] FROM sözleminde tablisalaryň lakamlaryny peýdalanmak bilen, talabyň girizilmegini aňsatlaşdyrmak bol­ ýar. Tablisalaryň lakamlaryny saklaýan FROM sözlemi aşakdaky ýaly bolup biler: FROM [tblCustomer] AS [C], [tblOrder] AS [O] Tablisalaryň bu lakamlaryny SELECT sözleminde aşak­daky ýaly ulanmak bolýar: SELECT [C].[ID], [O].[ID] Bellik. Lakamlar ulanylanda SQL görkezmesinde mag­ lumat çeşmesine lakam hem-de onuň doly ady boýunça ýüzlenip bolýar. Baglaşdyrylan maglumatlary birleşdirmek Eger talabyň netijelerinde iki maglumat çeşmesinden taý ýazgylary bir ýazga birleşdirmek gerek bolsa, birleşdirmäni ýerine ýetirip bolýar. Birleşdirme – iki maglumat çeşmäniň baglaşmagynyň usulyny hem-de bir maglumat çeşmesinde bellibir maglumatlar ýok bolanda onuň maglumatlarynyň 82

netijesine beýleki maglumat çeşmesinden şol maglumatlary goşmagyň zerurlygyny görkezýän SQL görkezmesidir. Iki maglumat çeşmesinden bolan maglumatlary birleş­ dirmek üçin birleşdirme amalyny umumy meýdan boýunça ýerine ýetirmek gerek. Eger şol meýdanyň maglumatlary gabat gelýän bolsa, ýazgylaryň maglumatlary talabyň netijesinde birleşdirilýändir. Maglumatlary birleşdirmekden başga-da, birleşdirme amaly, bir tablisada degişli ýazgy ýok bolan mahaly onuň bilen bagly bolan tablisadan şol ýazgyny talabyň netijelerine goşmagyň zerurlygyny görkezmek üçin ulanylýar. Meselem, talapda «tblCustomer» we «tblOrder» atly iki tablisadan maglumatlary ulanmak zerur. Tablisanyň ikisi hem müşderini kesgitleýän «CustomerID» meýdanyny sak­ laýar. «tblCustomer» tablisadaky her bir ýazgy «tblOrder» tablisada bir ýa-da birnäçe degişli ýazga eýe bolup bilýär, degişli bahalar bolsa, «CustomerID» meýdandaky bahalar bilen kesgitlenýär. Käwagt şular ýaly birleşdirme gerek bolýar – beýleki tab­lisada degişli ýazgysy ýok ýazgylardan başga hemme ýazgylary talapda birleşdirmeli. Bu ýagdaýda FROM sözlemi aşakdaky ýaly bolup biler (indiki setire diňe aňsat okalmak üçin geçildi): FROM [tblCustomer] INNER JOIN [tblOrder] ON [tblCustomer].[CustomerID]=[tblOrder].[CustomerID] Microsoft Office Access programmasynda birleşdir­ me operatory SELECT görkezmesiniň FROM sözleminde görkezilýär. Birleşdirmegiň iki görnüşi – içki we daşky birleşdirme bar. Içki birleşdirme Içki birleşdirme – birleşdirmegiň iň köp duş gelýän görnüşidir. Içki birleşdirýän talap ýerine ýetirilende, talabyň netijesine diňe birleşdirilýän tablisalaryň ikisinde hem deň bahalara eýe bolan ýazgylar goşulýandyr. 83

Içki birleşdirme şu sintaksisa eýedir (indiki setire diňe aňsat okalmak üçin geçildi): FROM table1 INNER JOIN table2 ON table1.field1 compopr table2.field2 Aşakda getirilen tablisada INNER JOIN amalynyň dürli komponentleri görkezilen. 3-nji tablisa Bölek

Teswirnama

table1, table2 Birleşdirilýän ýazgylary saklaýan tablisalaryň atlary field1, field2 Baglaşdyrylýan meýdanlaryň atlary. San bolmadyk meýdanlar maglumatlaryň bir görnüşine degişli bolmaly we bir görnüşli maglumatlary saklamalydyr. Emma şol meýdanlaryň atlary dürli bolup biler. compopr Deňeşdirmäniň islendik operatory: (=, , = ýa-da )

Daşky birleşdirme Daşky birleşdirme içki birleşdirmä meňzeşdir, sebäbi ol, iki maglumat çeşmeden bolan maglumatlaryň talapda nähili birleşdirilmelidigini görkezýär. Olaryň tapawudy, ondan başga-da, içinde deň bahalar ýok bolan maglumatlary netijelere goşmagyň zerurlygyny görkezýär. Daşky birleşdirme gönükdirilen bolup durýar: birleşdirmek üçin netijelere birinji maglumat çeşmesinden (çep birleşdirme) bolan hemme ýazgylaryň goşulmagyny ýa-da ikinji maglumat çeşmeden (sag birleşdirme) hemme ýazgylaryň goşulmagyny görkezmek bolýar. Daşky birleşdirme şeýle sintaksise eýe: FROM table1 [ LEFT | RIGHT ] JOIN table2 ON table1. compopr table2.field2 Aşakda getirilen tablisada LEFT JOIN we RIGHT JOIN amallaryň dürli komponentleri görkezilen (4-nji surat). 84

4-nji tablisa Bölek

Teswirnama

table1, table2 Birleşdirilýän ýazgylary saklaýan tablisalaryň atlary field1, field2 Birleşdirilýän meýdanlaryň atlary. Meýdanlar maglumatlaryň bir görnüşine degişli bolmalydyr. Şol meýdanlaryň atlary dürli bolup biler. compopr Deňeşdirmäniň islendik operatory: (=, , = ýa-da )

WHERE sözlemi barada goşmaça maglumatlar Talap tarapyndan gaýtaryp berilýän ýazgylaryň sanyny çäklendirmek üçin maglumatlary peýdalanmak zerur bolan ýagdaýynda SELECT görkezmesiniň WHERE sözleminde şertleri ulanyp bolýar. Talabyň şerti formula meňzeş: ol, meýdanlara bolan salgylary, operatorlary we konstantalary öz içine alýan setirdir. Talabyň şerti aňlatmanyň bir görnüşi bolup durýar. Aşakdaky tablisada ölçegleriň nusgalary we olaryň işleriniň teswiri görkezilen (5-nji tablisa). 5-nji tablisa Ölçeg

>25 and 30 senä çenli ýyllaryň sany 30-dan ýokary geçýän ýazgylar goşular. Is Null Bu şert meýdanyň bahasy Nol bolan (boş) ýazgylary çykarmak üçin islendik görnüşli meýdanlara degişli edilip bilner.

85

Ýokarda görkezilen mysallardan görnüşi ýaly, saýlaw şertleri, şertiň degişli bolan meýdanyň maglumatlarynyň görnüşine we anyk talaplara baglylykda düýpden başga bolup bilýär. Ýönekeý ýagdaýlarda baza operatorlary we konstantalary peýdalanylýar, çylşyrymly ýagdaýlarda bolsa – funksiýalar, ýörite operatorlar we meýdanlara bolan salgylar ulanylýar. Eger meýdan hasabatçylyk funksiýasy bilen ulanyl­ ýan bolsa, onuň üçin WHERE sözleminde saýlaw şertini berip bolmaýar. Oňa derek HAVING sözlemini ulanmak gerek. WHERE sözleminiň sintaksisi WHERE field = criterion Meselem, müşderiniň telefon belgisini bilmek gerek, emma onuň diňe familiýasy belli – Ataýew. Maglumat bazasynda bar bolan hemme telefon belgilere seretmegiň deregine, WHERE sözlemini ulanyp, netijeleri çäklendirmek we gerekli belginiň gözlegini aňsatlaşdyrmak bolýar. Eger familiýalar «LastName» meýdanynda saklanylýan bolsa, WHERE sözlemi aşakdaky görnüşde bolar: WHERE [LastName]=«Ataýew» Bellik. WHERE sözlemindäki şert hökmany deňlige esaslanmaýar. Beýleki deňeşdirme operatorlaryny hem peýdalanyp bolýar, meselem, «uludyr» (>) ýa-da «kiçidir» (100. WHERE sözlemini maglumat çeşmelerini birleş­ dirmek üçin ulanmak Käwagt maglumat çeşmelerini, bahalary gabat gel­ ýän, emma maglumatlaryň dürli görnüşlerine eýe bolan meýdanlaryň esasynda birleşdirmek gerek bolýar. Meselem, bir tablisadaky meýdan maglumatlaryň san görnüşine eýe bolup bilýär, emma ony maglumatlaryň tekst görnüşine eýe bolan meýdan bilen deňeşdirmek gerek. 86

Maglumatlaryň dürli görnüşine eýe bolan meýdanlaryň arasynda birleşdirmäni döredip bolmaýar. Maglumatlaryň dürli görnüşine eýe bolan meýdanlaryň esasynda iki mag­ lumat çeşmedäki maglumatlary birleşdirmek üçin WHERE sözlemini düzmek bilen, onuň içinde bir meýdany LIKE esasy sözi bilen bile beýleki meýdan üçin saýlaw şerti hökmünde peýdalanmaly. Meselem, Tablisa1 we Tablisa2 tablisalaryndan mag­ lumatlary ulanmak gerek, emma welin, diňe Meýdan1 meýdanyň (Tablisa1 tablisada tekst meýdany) maglumatlary Meýdan2 meýdanyň (Tablisa2 tablisada san meýdany) maglumatlary bilen gabat gelýän ýagdaýynda. WHERE sözlemi aşakdaky ýaly bolar: WHERE field1 LIKE field2 Soraglar 1. Görkezilen tablisanyň hemme meýdanlaryny nähili saýlamaly? 2. Haýsy esasy sözüň kömegi bilen aýratyn bahalary saýlap alýarlar? 3. AS esasy sözi näme üçin gerek? 4. Bir talapda dürli tablisalardaky meýdanlary nähili saýlap bolýar? 5. Içki we daşky birleşdirme näme, olar näme bilen tapawutlanýarlar? 6. LIKE esasy sözi näme üçin gerek?

Amaly işler I. SQL dilinde ýönekeý talaby döretmek. MS Access programmasynda tablisa döretmek we onuň esasynda SQL düzgüninde talap döretmek. 1. MS Access goşundysynda Türkmenistanda her ýyl programmirleme boýunça geçirilýän bäsleşigiň netijelerini saklaýan tablisany döretmeli. Munuň üçin tablisanyň konstruktor düzgünine geçmeli, oňa Olimp adyny bereliň we surata laýyklykda meýdanlaryny döretmeli (8-nji surat). Görkezmek amatly bolar ýaly, FAA meýdanyň ölçegini (Размер поля) 20 edip, ÝOM meýdanyň ölçegini 10 edip, Wagty meýdanyň formatyny (Формат поля) 87

8-nji surat. Meýdanlary döretmek

Краткий формат времени edip, Utuk meýdanyň ölçegini Целое edip goýalyň. Indi tablisany dolduryp başlamaly. Munuň üçin konstruktor düzgüninden çykyp aşakdaky surata laýyklykda doldurmaly (9-njy surat). Tablisadan görnüşi ýaly, bäsleşige 12 adam gatnaşýar, her ýokary okuw mekdepden 3 sanysy. Gatnaşyjynyň işini tamamlan wagty hem-de onuň gazanan utuklary bar. Tablisadaky maglumatlar tertipleşdirilmedik.

9-njy surat. Tablisany degişli maglumat bilen doldurmak

88

2. SQL düzgüninde FAA, ÝOM, Wagty we Utuk meýdanlary saýlamak bilen ýönekeýje talaby döredeliň. Munuň üçin menýunuň Создание – Конструктор запросов buýrugyny ýerine ýetirmeli. Açylan Добавление таблицы penjiresini ýapmaly we Конструктор menýusyn­ da Режим buýrugyny saýlamaly (10-njy surat).

10-njy surat. Talabyň düzgünini saýlamak

Açylan meýdanda şu ýazgyny görmek bolýar: SELECT; Şeýlelik bilen, SQL-koduň düzgünine geçildi. Aşakdaky ýazgyny amala aşyrmaly: SELECT FAA, ÝOM, Wagty, Utuk FROM Olimp; Talaby ýatda saklalyň (Talap1) we ony ýerine ýetireliň (çep panelde talabyň adyna syçanjygyň çep düwmesi bilen basmak arkaly), (11-nji surat).

11-nji surat. Döredilen talaby görmek

89

Suratdan görnüşi ýaly, diňe SELECT sözleminde görkezilen meýdanlar görkezilýär. Код meýdany görkezilmeýär. Diýmek, talap dogry işleýär. Ýumuş Görkezilen tablisanyň hemme meýdanlary görkeziler ýaly talaby dörediň. II. Tablisanyň maglumatlaryny SQL dilinde art­ ýan we kemelýän tertipde tertipleşdirmek Gatnaşyjylary toplan utuklaryna laýyklykda tertip­ leşdirmeli.Ýeňijileri kesgitlemek. 1. SQL düzgüninde döredilen talaba aşakdaky ýazgyny goşmaly: Order BY Utuk ; Netijede, talap aşakdaky ýaly bolar: SELECT FAA, ÝOM, Wagty, Utuk FROM Olimp Order BY Utuk ;

12-nji surat. Tablisany gatnaşyjylaryň utuklary boýunça tertipleşdirmek

90

Talaby ýerine ýetirip, aşakdaky netijeleri almak bolar (12-nji surat). 2. Elbetde, bu netije bizi kanagatlandyrmaly däl, sebäbi iň ýokary utuk gazanan talyplar tablisanyň soňunda ýerleşdirilýär. Şol sebäpli bahalaryň kemeliş tertibi boýunça tertipleşdirmek üçin ORDER BY sözleminde DESC esasy sözüni ulanmaly bolýarys (13-nji surat): SELECT FAA, ÝOM, Wagty, Utuk FROM Olimp Order BY Utuk DESC ; 3. Tertipleşdirmegiň netijeleri boýunça ýeňijini anyk kesgitläp bolýar, emma käbir baýrakly ýerlere birnäçe adam dalaş edýär, şeýle hem beýleki orunlarda hem deň utuklaryň bardygy sebäpli näbellilik emele gelýär. Bäsleşigiň şerti boýunça utuklaryň sany deň bolanda, işi tamamlamagyň wagty hasaba alynýar – kim işi tiz ýerine ýetirip, ir tamamlan bolsa ol has ýokarda ýerleşdirilmeli bol­ ýar. Surata laýyklykda biziň mundan öňki taýýarlan tala­ bymyz bäsleşigiň şertlerini kanagatlandyrmaýar, şol sebäp­

13-nji surat. Gatnaşyjylary olaryň utuklarynyň kemelýän tertibi boýunça tertipleşdirmek

91

li goşmaça Wagty meýdany boýunça hem tertipleşdirmek gerek. Şeýlelik bilen, talap aşakdaky ýaly bolmaly: SELECT FAA, ÝOM, Wagty, Utuk FROM Olimp Order BY Utuk DESC, Wagty ; Bu talabyň ýerine ýetirilmeginiň netijesinde gutarnykly netijeleri alýarys (14-nji surat).

14-nji surat. Gutarnykly tertipleşdirme we ýeňijileriň we baýrakly orunlaryň kesgitlenilmegi

III. Maglumatlary toparlaşdyrmak Toparlaryň arasyndaky bäsleşigiň netijelerini jemlemek. 1. Şeýlelik bilen, her bir ýokary okuw mekdebiniň gazanan utuklaryny hasaplamaly. Munuň üçin SQL düzgüninde ýene bir täze talaby (Talap2) döretmeli we SQL-koduň setirinde ilkibaşda şulary ýazalyň: SELECT ÝOM, Utuk FROM Olimp ; 92

Netijede, diňe talapda görkezilen iki meýdan görkeziler. Indi bolsa her ýokary okuw mekdebine degişli bolan gatnaşyjynyň utugyny hasaplamaly we şol ýokary okuw mekdebiň jemleýji utugyny kesgitlemeli. Munuň üçin SUM funksiýasy bardyr, onuň ýaýynda bahalary jemlenýän meýdan (Utuk) görkezilýär. Emma jemlenme diňe aýry ýokary okuw mekdepleriň çäginde geçer ýaly, GROUP BY sözlemini, onuň içinde toparlaşdyrmak üçin meýdany görkemek bilen goşmaly, biziň ýagdaýymyzda bu meýdan ÝOM meýdanydyr. Talabymyz aşakdaky ýaly bolmalydyr: SELECT ÝOM, SUM(Utuk) FROM Olimp GROUP BY ÝOM ; Talabyň ýerine ýetiril­me­ 15-nji surat. ÝOM boýunça giniň netijesinde tablisa şular toparlaşdyrmak ýaly bolar (15-nji surat). 2. Indi bolsa alnan netijeleri jemlenen utuklaryň kemeliş tertibinde tertipleşdirmek galdy. Şu talaby peýdalanmaly: SELECT ÝOM, SUM(Utuk) FROM Olimp GROUP BY ÝOM ORDER BY SUM(Utuk) DESC ; Netijede, toparlaýyn birinjilik aşakdaky ýaly bolar (16‑njy 16-njy surat. Toparlaýyn surat). birinjiligiň ahyrky netijesi Eger maglumatlaryň çäklidigi sebäpli, orunlary şonda hem anyk kesgitläp bolmaýan bolsa, onda guramaçylyk çärelerini peýdalanmaly.

93

III bölüm. K ompýuter torlary arkaly informasiýanyň alyş‑çalşygynyň serişdeleri we tehnologiýalary (tor tehnologiýalary)

§17. Aragatnaşyk kanallary we olaryň esasy häsiýetnamalary. Päsgelçilikler, zen-zele, geçirilýän informasiýanyň üýtgemegi Bilşimiz ýaly, kompýuter tory (Computer Network) – aragatnaşyk ugurlary arkaly birleşdirilen hem-de ýörite programma üpjünçiligiň tarapyndan dolandyrylyp işleýän kompýuterleriň köplügidir. Tor tehnologiýalarynyň esasy komponentleriniň biri bolup aragatnaşyk ugry çykyş edýär. Aragatnaşyk ugry diýlip iberijiden kabul edijä signallaryň geçirilmegini üpjün edýän tehniki serişdeleriň we fiziki gurşawyň utgaşmasyna düşünilýär. Hakyky durmuşda aragatnaşyk ugurlaryň mysaly hökmünde telefon toruň kommutatorlarynyň arasynda signallaryň geçirilmegini amala aşyrýan kabeliň parçalary we güýçlendirijiler çykyş edip biler. Aragatnaşyk ugurlaryň esasynda aragatnaşyk kanallary düzülýär. Aragatnaşyk kanaly diýip, adatça, müşderileriň ara­ synda informasiýanyň geçirilmegini üpjün edýän tehniki gurluşlaryň we aragatnaşyk ugurlaryň ulgamyny atlandyrýarlar. «Kanal» we «ugur» düşünjeleriň arasyndaky gatnaşyk şeýle kesgitlenýändir: aragatnaşyk kanaly öz içine birnäçe dürli görnüşli aragatnaşyk ugurlary alyp bilýär, bir aragatnaşyk ugry bolsa birnäçe kanal tarapyndan peýdalanyp bilýär (17-nji surat). 94

17-nji surat. Aragatnaşyk ugry we kanaly

Aragatnaşyk kanalyň (iňl. channel, data line) has takyk we giň ýaýran kesgitlemesi – çeşmeden kabul edijä maglumatlary geçirmek üçin tehniki serişdeleriň sistemasy we signallaryň ýaýramagynyň gurşawy. Aragatnaşygyň simli ugry peýdalanylanda signalyň ýaýramagynyň gurşawy hökmünde optiki süýüm ýa-da örülen taý simi bolup bilýär. Aragatnaşyk kanaly maglumatlary geçiriş kanalyň düzüm bölegi bolup durýar. Suratda aragatnaşyk kanalyň shemalaýyn gurluşy görkezilen (18-nji surat). Aragatnaşyk kanallaryň köp sanysy bardyr, olaryň ara­ synda, köplenç, simli aragatnaşygyň kanalla­ryny (howa, kabel, ýagtylyk äkidiji we başg.) hem-de radio­ara­gatna­ şyk kanallaryny (troposfera, hemra we başg.) belleýärler.

18-nji surat. Aragatnaşyk kanalyň düzüm gurluşy

95

Ýaýraýyş gurşawy boýunça kanallar simli, akustiki, optiki, infragyzyl we radiokanallara bölünýärler. Aragatnaşyk kanallary şeýle hem üznüksiz (kanalyň girişinde we çykyşynda – üznüksiz signallar), diskret ýa-da sanly (kanalyň girişinde we çykyşynda – diskret signal­lar), üznüksiz-diskret (kanalyň girişinde üznüksiz signal­lar, çykyşynda bolsa – diskret signallar), diskret-üznüksiz (kanalyň girişinde diskret signallar, çykyşynda bolsa – üznüksiz signallar) görnüşli toparlara bölýärler. Kanallar çyzykly we çyzykly däl, wagtlaýyn we giňiş­ likleýin-wagtlaýyn bolup bilýär. Kanallaryň ýygylygyň çägi boýunça hem toparlara bölünmegi mümkin. Emma durmuşda aragatnaşyk kanallaryň simpleks we dupleks görnüşlerine bölünmegi has ýaýrandyr (19-njy su‑ rat). Kompýuter ýa-da islendik bir başga toruň öndürijiligi onuň aragatnaşyk kanallarynyň häsiýetnamalaryna bagly bolup durýar. Aragatnaşyk kanalyň aşakdaky häsiýetnamalaryny peýdalanýarlar: – netijeli geçirilýän ýygylyklaryň zolagy; – dinamiki çäk (diapozon); Aragatnaşyk kanallary Simpleks

Dupleks

Informasiýa diňe bir ugurda iberilýär

Informasiýa diňe bir ugurda iberilýär, şol bir wagtda birnäçe habar iberilip bilýär

19-njy surat. Aragatnaşyk kanalyň görnüşi

96

– tolkunlaýyn garşylyk; – geçirijilik ukyby; – päsgelçilikden goraýjylyk; – göwrümi. Emma tejribelikde, köplenç, aragatnaşyk kanallaryň geçirijilik ukyby we päsgelden goraýjylyk ýaly häsiýetnamalaryny peýdalanýarlar (20-nji surat). Geçirijilik ukyby (throughput) aragatnaşyk ugry boýunça maglumaty geçirmegiň mümkin bolan maksimal tizligini häsiýetlendirýär. Geçirijilik ukyby bir sekuntda bitleriň sany bilen – bit/s ölçenilýär, şeýle hem bir sekuntda kilobit (Kbit/s), megabit (Mbit/s), gigabit (Gbit/s) we ş.m. ýaly birlikler hem bar. Bellik. Geçirijilik ukyby däp bolşy ýaly, bir sekuntda baýtlaryň sany bilen däl-de, bitleriň sany bilen ölçenilýär. Ol tordaky maglumatlaryň yzygiderli geçirilýändigi bilen baglydyr. Kilobit, megabit ýa-da gigabit ýaly ölçeg birlikleri tor tehnologiýalarynda 10-luk derejelerine anyk laýyk gel­ ýändir (kilobit – 1000 bit, megabit bolsa – 1 000 000 bit). Aragatnaşyk ugruň geçirijilik ukyby onuň diňe amplituda-ýygylyk häsiýetnamasy ýaly häsiýetnamalaryna bagly

Aragatnaşyk kanallaryň häsiýetnamalary Geçirijilik ukyby

Päsgelden goraýjylyk

Wagt birliginde geçirilýän maglumatyň göwrümi, goşmaça gulluk maglumaty hasaba almazdan

Geçirilýän informasiýanyň üýtgama derejesiniň parametri

20-nji surat. Aragatnaşyk kanallaryň esasy häsiýetnamalary 7. Sargyt № 1307.

97

bolman, geçirilýän signallaryň spektrine hem bagly bolýar. Eger signalyň ähmiýetli garmonikalary ugruň geçirilýän zolagyna düşýän bolsa, onda şol signal berlen aragatnaşyk ugry tarapyndan gowy geçiriler hem-de kabul ediji iberiji tarapyndan ugur boýunça iberilen informasiýany dogry tanamagy başarar. Geçirijilik ukyby toruň öndürijiligine täsir edýän hem bolsa, geçirilýän informasiýanyň hiline we düzümine has uly täsiri kanalyň päsgelden goraýjylyk häsiýeti berýändir. Häzirki wagtda, ýagny maglumatlaşdyrma, kompýuterleşdirme döwründe, signalyň we geçirilýän informasiýanyň hut şol häsiýetleri has wajypdyr, üstesine-de häzirki wagtda päsgelçilikleriň hem-de zen-zele görnüşleriň köpelmegi hem-de şolaryň esasynda signalyň has köp üýtgemegi şoňa sebäp bolýandyr. Ugruň päsgelden goraýjylygy daşky gurşawda, içki geçirijilerde döredilýän päsgelçilikleriň derejesini peseltmek ukybyny kesgitleýär. Ugruň päsgelden goraýjylygy ulanylýan fiziki gurşawyň görnüşine, şeýle hem päsgelçilikleri ekranlaýan we basýan ugruň öz serişdelerine bagly bolup durýar. Radiougurlar iň pes päsgelden goraýjylyga eýedir, has durnukly bolup kabel ugurlary çykyş edýär hem-de örän gowy goraýjylyga – optiki-süýüm ugurlar eýedir. Päsgelçilikler, zen-zele, geçirilýän informasiýanyň üýtgemegi Islendik aragatnaşyk kanaly daşky täsirlere duçar bol­ ýandyr, şeýle hem onuň içinde içki proseslerde bolup geçýär, olaryň netijesinde geçirilýän signallar, şeýlelik bilen bolsa, olar bilen bagly bolan informasiýa üýtgeýändir (21-nji su‑ rat). Şeýle täsirler zen-zele (päsgelçilikler) diýlip atlandyryl­ ýar. Päsgelçilikleriň çeşmeleri daşky bolup bilýär, meselem, elektrik energiýany kuwwatly sarp edijilerden ýa-da atmosfera hadysalardan bolan «gözükdirmeler», olar radio­ aragatnaşykda bozulmalara getirýärler; golaýda ýerleşen 98

Päsgelçilikler Özleriniňki Şol aragatnaşyk kanalynda ýerleşýän çeşmelerden emele gelýär Özara Kanallaryň biri-birine täsir etmegi bilen döredilýär Daşky Daşky elektromagnit meýdanlardan emele gelýär, olar senagat, radiopäsgelçilikler, atmosfera we kosmos görnüşlerine bölünýärler

21-nji surat. Päsgelçilikleriň esasy görnüşleri

birnäçe bir görnüşli çeşmeleriň bir wagtda täsir etmegi (birnäçe adamlaryň bir wagtda gürleşmegi). Päsgelçiliklere berlen aragatnaşyk kanalyň içki aýratynlyklary hem getirip bilýändir, meselem, göterijiniň fiziki taýdan dürlüligi; şinalarda parazit hadysalary; aragatnaşyk ugrunda uzak aralykda bolmagy sebäpli signalyň kem-kemden öçmegi. Eger päsgelçilikleriň derejesi göteriji signalyň depginligi bilen deňeşdirip bolýan ýagdaýda bolsa, onda şol kanal boýunça informasiýanyň geçirilmegi düýbünden mümkin däl bolýar. Emma zen-zele derejesi pes bolan ýagdaýynda hem olar geçirilýän signallaryň üýtgemegine, şeýlelikde bolsa, olar bilen bagly bolan informasiýanyň bölekleýin ýitmegine getirip biler. Päsgelçilikden goramagyň usullary bardyr we olar giňden peýdalanylýar, meselem, aragatnaşygyň elektrik ugurlaryny daşky täsirlerden goramak; kabul ediji gurluşyň saýlap kabul edijiligini gowulandyrmak we ş.m. Päsgelçilikden goramagyň başga-da usuly hökmünde maglumaty kodirlemegiň ýörite usullarynyň peýdalanmagy çykyş edýär, olar barada aşakda gürrüň ediler.

99

§18. Informasiýanyň artyklygy onuň geçirilmeginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak serişdesi hökmünde. Ýalňyşlyklary tapmak we düzetmek boýunça kodlary ulanmak Islendik dile mahsus bolan Informasion artyklygy – tejribelikden alnan hem-de diliň düzülişinden we habaryň mazmunyndan gelip çykýan, zen – zele şertlerinde, eýsem, üýtgedilen tekstiň ýagdaýynda iberilen habaryň manysyna düşünmäge mümkinçilik berýän goşmaça informasiýa. Informasion artyklygy kodlaryň dogrulygyna gözegçilik etmek üçin peýdalanyp bilner. Informasion artyklygy tebigy we emeli bolup biler. Tebigy informasion artyk­ lygy işlenip taýýarlanyş elementleriň arasynda bar bolan baglanyşyklary görkezýär, şol baglanyşyklaryň bolmagy informasiýanyň hakykylygy barada pikir etmäge mümkinçilik berýär. Emeli informasion artyklygy işlenip taýýarlanyl­ ýan maglumatlaryň sanly görkezilişinde goşmaça informasion derejeleri we olary işläp taýýarlamak prosedurasynda goşmaça amallary girizmek bilen häsiýetlendirilýär. Olar maglumatlary işläp taýýarlaýyş algoritm bilen matematiki ýa-da logiki baglaşmalara eýe bolýandyr. Maglumatlary işläp taýýarlaýyş goşmaça amallaryň we proseduralaryň netijelerini seljermegiň, şeýle hem goşmaça informasion derejeleriň esasynda bellibir görnüşli ýalňyşlyklaryň bardygy ýa-da ýokdugy, şeýle-de, olary düzetmegiň mümkinçilikleri ýüze çykarylýar. Informasion artyklygy geçiriji enjamlarda bozmalar ýüze çykanda hem informasiýa geçirilende we görkezilende onuň üýtgemegine ýol bermeýär, şol sebäpli ygtybarlygy boýunça ol ätiýaçlandyryş derejesine degişli bolup durýar. Informasion artyklygy diňe bozmalaryň yzy düzedilende netijelidir. Bozmalaryň täsirini peseltmek babatda onuň mümkinçilikleri örän çäklidir. Informasion artyklygy signalda goşmaça informasiýanyň bardygy bilen kesgitlenýär. Onuň zerurlygy birnäçe ele100

mentlerde bozmalar bolanda ýüze çykýar. Hemme elementler kadaly işlän mahaly ol ulanylmaýar. Artyklygyň girizilmegi sistemanyň ygtybarlygyny onuň bökdençsizliginiň hasabyna artdyrýandyr. Islendik düzediji kodlary düzülende, özgerdilýän maglu­ matlaryň sintaksiki informasion artyklygy peýdalanylýar ýa-da başgaça aýdylanda informasiýany kodirlemegiň ar­ tyklygydyr. Artyklylygyň girizilmegi, elbetde, işlenip taýýarlanylýan informasiýanyň göwrüminiň artdyrylmagyna, ony işläp taýýarlamak üçin wagtyň artdyrylmagyna, enjamlaryň çylşyrymlaşdyrylmagyna getirýär. Ýalňyşlyklary tapmak we düzetmek boýunça kodlary ulanmak Aragatnaşyk tehnikasyna ýalňyşlyklaryň ýüze çykarmak – informasiýa ýazylanda/görkezilende ýa-da ol aragatnaşyk ugurlary boýunça geçirilende, maglumatlaryň bitewüligine gözegçilik etmek üçin gönükdirilen hereketlerdir. Ýalňyşlyklary düzetmek – informasiýa saklaýan gurluşdan ýa-da aragatnaşyk kanaldan okalandan soň ony dikeltmegiň prosedurasy. Ýalňyşlyklary ýüze çykarmak üçin ýalňyşlyklary tapmak boýunça kodlar, olary düzetmek üçin bolsa – düzetmek boýunça kodlar (ýalňyşlyklary düzedýän kodlar, ýalňyşlyklary sazlaýan kodlar, päsgelçiliklere durnukly kodlar) peýdalanylýar. Maglumatlar saklanylýan we informasiýa aragatnaşyk torlary boýunça geçirilýän ýagdaýynda hökman ýalňyşlyklar döreýändir. Maglumatlaryň bitewüligine bolan gözegçilik we ýalňyşlyklaryň düzedilmegi – informasiýa bilen işlenilýän derejeleriň köpüsinde (ýagny OSI tor modeliniň fiziki, kanal, ulag derejelerinde) wajyp mesele bolup durýar. Aragatnaşyk ulgamlarynda ýalňyşlyklar bilen göreş­ megiň birnäçe strategiýalary mümkindir: – maglumatlaryň bloklarynda ýalňyşlyklaryň ýüze çykarylmagy we zaýalanan bloklary gaýtadan ibermek boýun101

ça talabyň berilmegi – bu usul, esasan, kanal we ulag derejelerinde peýdalanylýar; – maglumatlaryň bloklarynda ýalňyşlyklaryň ýüze çykarylmagy we zaýalanan bloklaryň taşlanmagy – bu usul akymlaýyn multimedia ulgamlarynda käwagt peýdalanyl­ ýar, sebäbi bu sistemalarda geçirişiň saklanmagy wajyp we gaýtadan geçirmek üçin wagt ýok bolýar; – ýalňyşlyklaryň düzedilmegi (iňl. forward error correction) fiziki derejesinde peýdalanylýar. Düzediş kodlary – informasiýa geçirilende, päsgelçi­ likleriň täsiriniň astynda, şeýle hem ol saklanylanda emele gelýän ýalňyşlyklary ýüze çykarmak we düzetmek üçin hyzmat edýän kodlar. Munuň üçin peýdaly maglumatlar ýazylanda (geçirilende) ýörite usul arkaly düzümleşdirilen artyk informasiýany goşýarlar, okalanda (kabul edilende) bolsa, ony ýalňyşlygy ýüze çykarmak ýa-da düzetmek üçin peýdalanýarlar. Elbetde, düzedip bolýan ýalňyşlyklaryň sany çäklidir we ol anyk ulanylýan koda bagly bolup durýar. Ýalňyşlyklary düzedýän kodlar bilen ýalňyşlyklary ýüze çykarýan kodlar ýakyn baglanyşykdadyr. Birinjilerden tapa­ wutlylykda soňkular geçirilen maglumatlarda ýal­ňyşlygyň bardygyny kesgitläp bilýärler, emma ony düzedip bilmeýärler. Hakykatda, ýalňyşlyklary ýüze çykarýan ulanylýan kodlar, ýalňyşlyklary düzedýän kodlaryň toparyna girýärler. Ýalňyşlyklary düzedýän islendik kod ýalňyşlyklary ýüze çykarmak üçin hem peýdalanyp bilner (şonda ol düzedip bil­ ýän ýalňyşlyklaryň sanyndan has köp ýalňyşlyklary ýüze çykaryp bilýändir). Maglumatlar bilen işlemek usuly boýunça ýalňyşlyklary düzedýän kodlar, informasiýany hemişelik uzynlygy bolan parçalara bölýän we olaryň her birini aýratynlykda işläp taýýarlaýan blokly görnüşe hem-de maglumatlar bilen üznüksiz akym görnüşinde işleýän dolanan görnüşe bölünýärler. 102

Ýumuşlar 1. Geçirijilik ukyby degişlilikde 100 Mbit/s, 10 Mbit/s, 100 Kbit/s bolan aragatnaşyk kanaly boýunça 1 sekundyň dowamynda baýtlaryň näçe mukdary geçiriler? 2. Geçirijilik ukyby 100 Mbit/s bolan tor bar hem-de ölçegleri görkezilen aşakdaky faýllar berlen: №

Faýlyň ady

Ölçegi (baýt)

1.

Tablisa.docx

34 987

2.

Dokument.doc

134 987

3.

Baza.mdb

56 876 456

4.

Merw.avi

1 567 543 521

5.

Algebra.exe

23 985 345

6.

Informatika.pdf

45 987 345

7.

Liwerpul.mkv

8.

Setup.dat

678 987 654

9.

Ýarlyk.lnk

78

10. Arhiw.rar

7 897 354 987

456 765 432

Şol tor boýunça belgileri aşakda görkezilen faýllary näçe wagtda geçirip bolýandygyny kesgitlemeli: a) 1,5,8; ä) 1,2,4,5,7,8; b) 2,4,7; f) 3,6,9,1,4,7; ç) 1,8,9; g) 1,3,5,6,7,8,9; d) 1,3,5,7,9; h) 2,3,4,5,6,7,8; e) 2,4,6,8,10; i) Hemmesini. Bilimleri barlamak üçin soraglar 1. Aragatnaşyk kanaly näme? 2. Haýsy ölçegler boýunça aragatnaşyk kanallar toparlara bölünýär? 3. Aragatnaşyk kanallaryň häsiýetnamalaryny sanap geçiň. 4. Päsgelçilik (zen – zele) näme we olaryň nähili görnüşleri bar? 5. Päsgelçilikleri aradan aýyrmak üçin haýsy çäreleri bilýärsiňiz? 6. Ýalňyşlyklary ýüze çykarmak we düzetmek boýunça kodlary nähili peýdalanýarlar?

103

§19. Tor tehnologiýalarynyň mümkinçilikleri we artykmaçlyklary Tora birleşdirilen kompýuterler aşakdakylary bilelikde peýdalanyp bilýändirler: – resminamalary (ýazgylary, elektron tablisalary, ha­ sap­lary we ş.m.); – elektron poçta habarlaryny; – tekst bilen işlemek boýunça programma üpjünçiligini; – taslamalar boýunça programma üpjünçiligini; – şekilleri, suratlary, wideo- we audiofaýllary; – janly audio- we wideoýaýlymlary; – printerleri; – fakslary; – modemleri; – CD-ROM (DVD) disk okaýjylary we beýleki çalşy­ rylýan ýatda saklaýjy gurluşlary (meselem, Zip-okaýjylary we Jaz-okaýjylary, Flash gurluşlary); – gaty diskleri. Bir kompýuter torunda köp kompýuterler işleýändigi sebäpli, tutuş tory bir merkezi nokatdan (tor administratory, network administrator) dolandyrmak has netijelidir. Eger kompýuterler tora birleşdirilmedik bolsa, onda her kompýutere aýratynlykda hyzmat etmeli we barlamaly bol­ ýar. Eger kompýuterleriň sany iki bolsa, ony amala aşyrmak kän bir kyn hem däl. Emma meselem, kompaniýada onlarça ýa-da ýüzlerçe şahsy kompýuterler bar bolsa, olaryň her birine aýratynlykda hyzmat etmek işi, elbetde, örän gymmat we netijesiz bolup durýar. Kompýuter tory bolan ýagdaýynda, amaly goşundyny täzelemek üçin, ony diňe bir gezek serwerde ýerine ýetirmek ýeterlikdir, ondan soň kompýuter torunyň hemme beýleki iş maşynlary şol täzelenen programma üpjünçiligi bilen işläp bilerler. Merkezleşdirilen administrirleme bir ýerden kompýuter torunyň howpsuzlygyny dolandyrmaga we onuň işine gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. 104

Informasiýa bolan bilelikdäki elýeterlikden başga, kompýuter torlary başga artykmaçlyklary hem berýärler. Tor informasiýany abat saklamaga we goramaga mümkinçilik berýär. Meselem, biri-birine bagly bolmadyk şahsy kompýu­ terleriň örän köp sany bolanda informasiýany ätiýaçlan­ dyryp saklamak prosesini ugrukdyrmak we dolandyrmak örän kyndyr. Kompýuter toruna gurnalan ulgamlar bir merkezi ýerde (meselem, tor serwerine birikdirilen magnit lentadaky ýygnaýjyda) faýllaryň ätiýaç nusgalaryny awtomatiki döredip bilýärler. Eger haýsy-da bolsa bir kompýuterde informasiýa ýiten bolsa, ony ätiýaçlandyryp saklaýyş merkezi ulga­mynda aňsat tapyp we dikeldip bolýar. Mundan başga-da, maglumatlaryň howpsuzlygynyň derejesi ýokarlanýar. Aýra­tyn şahsy kompýutere elýeterlige eýe bolmak, şol kompýuterde sakla­nylýan ähli informasiýa elýeterlige eýe bolmaklygy aňladýar. Emma kompýuter torunyň hödürleýän howpsuzlyk mümkinçilik­leri hasaba alynmadyk ulanyjylara wajyp informasiýa elýeter­ligi almaga ýa-da ony ýok etmäge ýol bermeýär. Meselem, her bir tor ulanyjysy hasaba alnyş (login) adyna we parolyna eýe bolýar, olar oňa tor serişdeleriniň diňe çäklenen mukdaryna elýeterliligi berýär. Kompýuter torlary ulanyjylaryň arasynda gatnaşmak üçin amatly gurşaw bolup durýar. Kagyz ýatlamalar we ýazgylar bilen alyş-çalyş etmegiň deregine, elektron poçta ulanyjylara biri-birlerine hatlary, hasabatlary, şekilleri, ýagny faýllaryň hemme görnüşlerini ibermäge mümkinçilik berýär. Bu öz gezeginde, materiallary çap etmekde tygşytlamaga hem-de hatlary eltmek bilen bagly bolan sak­ lanmalary azaltmaga mümkinçilik berýär. Elektron poçta – örän kuwwatly serişdedir, ol Internet torunyň ulanyjylaryna, olaryň dünýäde ýaşaýan ýerlerine garamazdan örän gysga wagt pursadynda habarlary alyş-çalyş etmäge mümkinçilik berýär. 105

Amaly işler I. Kompýuter torlary 1. Printere umumy elýeterliligi amala aşyrmak. Eger kompýutere printer birikdirilen bolsa, oňa bir torda umumy elýeterliligi goýup bolýar. Eger printer kompýutere gönümel gurnalan we USB kabeli ýa-da printeriň başga kabeli arkaly çatylan bolsa, ulanylýan printeriň görnüşi wajyp däldir. Printere umumy elýeterlilige eýe bolan ulanyjylar, şol printeriň gurnalan kompýuteri torda tapylandan soň ony çap etmek üçin peýdalanyp bilerler. Tora kompýuter arkaly däl-de, gönümel birikdirilen printerler şol toruň ähli ulanyjylaryna elýeterlidir. Şeýle printerler, tora gönümel birikmegi üpjün edýän öz tor portuna ýa-da simsiz birleşmä eýe bolmalydyr. Printere umumy elýeterliligi işletmek üçin, birnäçe ädimleri ýerine ýetirmek gerek. Ilkinjiden, printeriň çatylan kompýuterinde aşakdaky ädimleri ýerine ýetirmelidir. Faýllara we printerlere umumy elýeterliligi iş­ letmek – «Дополнительные параметры общего доступа» bö­ lümi açmaly. Munuň üçin Пуск düwmesine basmaly we Панель управления buýrugy saýlamaly. Penjirede Центр управления сетями и общим доступом bendi saýlamaly, soňra bolsa açylan penjirede çep tarapda Изменить дополнительные параметры общего доступа buýrugy ýerine ýetirmeli (22-nji surat). Häzirki ulanylýan tor profilini dolulygyna görmek üçin şewron simwolyna basmaly. Eger printerler umumy elýeterlilik öçürilen bolsa, Общий доступ к файлам и принтерам bölüminde Включить общий доступ к файлам и принтерам bendi saýlamaly, soňra bolsa Сохранить изменения düwmesine basmaly. Eger administratoryň parolyny girizmek boýunça talap berilýän bolsa, onda ony girizmeli we tassyk­lamaly (23-nji surat). 106

22-nji surat. Umumy elýeterliligiň goşmaça parametrlerini üýtgetmek

23-nji surat. Printerlere bolan umumy elýeterlilik

107

Printere umumy elýeterliligi işletmek Indi printere umumy elýeterliligi işletmek gerek. – «Устройства и принтеры» bölümi açmaly. Munuň üçin Пуск düwmesine basmaly we Устройства и принтеры buýrugy saýlamaly (24-nji surat). – Umumy elýeterliligi işledilmeli printere syçanjygyň sag düwmesi bilen basmaly, soňra Свойства принтера bendi saýlamaly. – Общий доступ goşmaçany saýlamaly, soňra Общий доступ к данному принтеру belligi goýmaly (25-nji su‑ rat). Indi tordaky beýleki ulanyjylar şol printere birigip bilerler. Olar tor printeri öz kompýuterlerine goşup bil­ýärler.

24-nji surat. Printere bolan umumy elýeterlilik

108

25-nji surat. Tor printeri gurnamak

26-njy surat. Tor printeri saýlamak

109

27-nji surat. Elýeterlilik hukuklary

Tor printeriň goşulmagy – «Устройства и принтеры» bölümi açmaly. Munuň üçin Пуск düwmesine basmaly we Устройства и прин­ теры saýlamaly (26-njy surat). – Penjiräniň ýokarky böleginde Установка принтера buýruga basmaly (27-nji surat). – Добавить сетевой, беспроводной или Bluetoothпринтер buýruga basmaly, umumy printeri saýlamaly, Далее düwmesine basmaly we ekrandaky görkezmeleri ýerine ýetirmeli. II. Ýörite programmalar arkaly kompýuterleriň aralykdan dolandyrylmagyny amala aşyrmak (Remote Administrator, NetSchoolSupport). Radmin programmasy iki moduldan ybarat: serwer (Radmin Server) we müşderi (Radmin Viewer). 1. Radmin Server sazlamak Elýeterlilik hukugyny sazlamakdan başlamaly, sebäbi ony sazlamazdan aralykdaky kompýutere birigip bolmaz. Doly elýeterlilige eýe bolan ulanyjyny döredeliň. Munuň üçin Radmin programmasynyň gurnalan howpsuzlyk ul110

28-nji surat. Täze ulanyjyny goşmak

gamyny saýlalyň we açylan penjirede ulanyjyny goşalyň (28‑nji surat). Şeýlelik bilen, geljekde aralykdan dolandyryljak kompýuterde hemme zerur bolan sazlamalar edildi we indi baş dolandyrýan kompýuterde Radmin Viewer modulyny sazlamak gerek. Radmin Viewer modulyny sazlamak Serwer moduly sazlamak meselesine seredildi. Indi bolsa Radmin Viewer müşderi modulyna seredeliň. Gurnama prosesinde hiç-hili kynçylyk ýokdur. Programma gurnalandan soň, ulanyjy täze ýazgyny döredip bilýär. Programmanyň gurallar paneli öz içine birikmegiň düzgünini saýlamak düwmelerini alýar (doly elýeterlilik, görmek, terminal, faýllary ibermek, iýmitlendirişi dolandyrmak, paket habaryny ibermek ýa-da ses çatyň düzgüninde birikmek). Radmin hereketde... Indi serwere birikmek pursady gelendir. Munuň üçin, Radmin Viewer penjiresinde aralykda ýerleşen degişli kompýuteriň nyşanyna basmaly (29-njy surat). Login we onuň parolyny (aralykdaky kompýuteriň Radmin Server sazlamalarynda girizilen) girizmeli we birnäçe sekunt geçenden soň aralykdaky kompýuteriň ekranyny görmek bolýar (30-njy surat). 111

29-njy surat. Aralykda ýerleşen kompýutere birikmek

30-njy surat. Aralykdaky kompýuteriň ekrany

31-nji surat. Birleşmäniň gurallar paneli

112

Görkezmegiň saýlanylan düzgünine garamazdan ara­ lykdaky iş meýdany süýşürilýän ýa-da süýşürilmeýän gural­ lar paneline eýe bolýar, ol baş Radmin Viewer penjiresindäki panelde ýerleşen düwmelere eýedir (31-nji surat). Surata laýyklykda gurallar paneli aşakdaky mümkinçilikleri hödürleýär: 1 – aralykdaky kompýuteri doly gözegçilikde saklamak. Görmek, syçanjygy we klawiaturany dolandyrmak, ýagny aralykdaky kompýuterde oturan ulanyjynyň edip bil­ ýän ähli hereketleri amala aşyrmak. 2 – diňe ekrany görmek. Diňe aralykdaky ekrany görüp bolýar, kompýuteriň işine täsir edip bolmaýar, passiw gözegçilik maksady bilen peýdalanyp bilner. 3 – buýruk setirindäki gözegçilik. Ekrany görmezden, buýruk setirinde buýruklary girizmek arkaly dolandyryş mümkinçiligi. 4 – faýl menejer görnüşinde faýllaryň geçirilmegi. Commander görnüşli faýl menejeri goýbermegi mümkin edýär, ol faýllary we bukjalary lokal kompýuterden aralykdaky kompýutere we tersine göçürmäge, geçirmäge, goýmaga, ýok etmäge mümkinçilik berýär (32-nji surat).

32-nji surat. Faýllary geçirmek düzgüni 8. Sargyt № 1307.

113

Ýumuş a) öz lokal diskiňizden faýllary we bukjalary göçürip alyň we aralykdaky kompýuteriň bukjasyna goýuň. b) öz kompýuteriňize çatylan fleş ýadynyň düzümini göçürip alyň we aralykdaky kompýuteriň bukjasyna goýuň. ç) aralykdaky kompýutere goýlan kompakt-diskiň düzümini göçürip alyň we öz lokal diskiňize goýuň. d) aralykdaky kompýuterde bukjany ýok ediň. 5 – aralykdaky kompýuteri öçürmek. Aralykda ýerleşen kompýuteri öçürmäge mümkinçilik berýär. Ýumuş Aralykdaky kompýuteri öçüriň. 6 – tekst çat görnüşinde birleşmek. Çat düzgüninde gürleşmäge mümkinçilik berýär (33-nji surat).

33-nji surat. Tekst çatynyň düzgüni

114

Ýumuş Iki kompýuteriň arasynda tekst çatyny gurnamaly. 7 – ses çatynyň düzgüninde birleşmek. Aralykdaky kompýuteriň ulanyjysy bilen ses aragat­ naşygyny gurnamaga mümkinçilik berýär. 8 – tekst habarynyň iberilmegi. Aralykdaky kompýutere tekst ýazgyly penjire görnüşin­ de bir taraplaýyn habary ibermäge mümkinçilik berýär. Ýumuş Aralykdaky kompýutere tekst habaryny ibermeli (34‑nji surat). 9 – klawişalaryň utgaşmasyny ibermek. Ýumuş Aralykdaky kompýutere hemme elýeterli klawişalaryň utgaşmasyny iberiň hem-de olaryň ýerine ýetirilişini barlaň (meselem, PrintScreen – aralykdaky kompýuteriň ekra­ nynyň şekilini Word programmasyna goýuň).

34-nji surat. Отсылка сочетаний клавиш

115

10 –Ctrl – Alt – Delete ibermek. 11 – aralykdaky kompýuteriň alyş-çalyş ýadyna maglu‑ maty goýmak. Öz kompýuteriňizde göçürilip alnan zatlary aralykdaky kompýuteriň alyş-çalyş ýadyna geçirmegi we geljekde ony goýmaga mümkinçilik berýär. Ilkibaşda informasiýany göçürip almaly, soňra şol düzgüni goýmaly we soňra aralykdaky kompýutere goýmaly. Ýumuş a) öz we aralykdaky kompýuterde Блокнот (Notebook) programmasyny goýberiň. Öz kompýuteriňizde açylan programmada islendik habary ýazyň, islendik elýeterli usul bilen ony göçürip alyň, Radmin Viewer penjiresinde degişli düwmä basyň we aralykdaky kompýuteriň Блокнот programmasyna goýuň; b) Microsoft Word programmasyndan grafikany göçürip alyň we beýleki kompýutere goýuň. 12 – aralykdaky kompýuteriň alyş-çalyş ýadyndan zat‑ lary almak. Aralykdaky kompýuterde göçürilen zatlary öz kompýu­ teriňiziň alyş-çalyş ýadyna geçirmäge we öz kompýuteriňize soňra goýmaga mümkinçilik berýär. Ýumuş a) öz we aralykdaky kompýuterde Блокнот (Notebook) programmasyny goýberiň, aralykdaky kompýuteriň Блокнот programmasyndan islendik teksti göçürip alyň, Radmin Viewer penjiresindäki degişli düwmä basyň we göçürilen zatlary öz Блокнот programmaňyza goýuň; b) aralykdaky kompýuteriň Microsoft Word programmasyndan grafikany göçürip alyň we kompýuteriňize goýuň. 13-16 – seretmek düzgünleri. Windowsyň aralykdaky iş meýdanyndan tapawutly­ lykda (ýagny serweriň ekranynyň rugsady müşderi kom­ pýute­riň rugsadyna baglylykda üýtgeýär, bu bolsa hemişe 116

nyşanlaryň ýerleşmegi boýunça bulaşyklara getir­ýär), Radmin elmydama original rugsady saklaýar hem-de ulanyja serweriň ekranyny görkezmegiň 4 sany görnüşini hödürleýär. Görnüşleriň ikisi ekrany penjirede görkezmegi göz öňünde tutýar. «Обычный» (Adaty) düzgüni serweriň ekranyny original rugsatda görkezýär. Eger rugsat müşderi kompýuteriň rugsadyndan uly bolsa, onda awtomatiki skrol­ ling işledilýär. «С масштабированием» düzgüninde aralykdaky iş meýdany uly bolmadyk äpişgede miniatýurada görkezilýändir. Ol, aralykdaky iş meýdany bilen işlemek üçin, has hem gözegçilik düzgüninde, iň amatly iş düzgünleriň biridir. Eger doly ekran düzgüninde (полноэкранном режиме) işlemek amatly bolsa, onda bu ýerde awtomatiki skrollingi bolan original rugsatdaky görkeziliş we режим с масштабированием düzgüni göz öňünde tutulandyr. Iýmitlendirişi dolandyryş funksiýalary aýratyn ünse eýedir. Windowsyň standart serişdelerinden başga-da, şol sanda hasaba alnyş ýazgylaryň arasynda geçmek mümkinçiligini goşmak bilen, Radmin kompýuteri öçürmäge ýa-da gaýtadan ýüklemäge, şeýle hem kompýuteriň iýmitlendirişini doly öçürmäge mümkinçilik berýän öz serişdelerine eýedir. Soňky funksiýa kompýuteriň korpusynda iýmitlendiriş düwmesine fiziki taýdan basmaklyga we saklap durmaklyga barabardyr. Soraglar 1. Tor tehnologiýalary näme amala aşyrmaga mümkinçilik berýär? 2. Torda nämäni bilelikde peýdalanyp bolýar? 3. Tor tehnologiýalarynyň düşünjesine näme girýär?

§20. Internetde salgylanma Bir bitewi dünýä informasion giňişligini döretmek zerurlygy Internet global kompýuter torunyň döredilmegine getirdi. Häzirki wagtda Internete birikdirilen 150 milliondan gowrak kompýuterlerde informasiýanyň ägirt uly 117

göwrümi (ýüzlerçe million faýllar, resminamalar we ş.m.) saklanylýar. Internet global tory öz informasion serişdeleri we serwisleri (hyzmatlary) bilen gyzyklandyrýar, olardan dünýäniň hemme ýurtlarynda milliarda golaý adamlar peýdalanýandyr. Internetiň esasyny we «gurnawyny» hemişe tora birikdirilen 150 milliondan gowrak serwerler düzýändir. Internetiň serwerlerine lokal torlary ýa-da kommutirlenýän telefon ugurlaryndan ýüzlerçe million Internetiň ulanyjylary birigip bilýändir. Şeýle çylşyrymly we giň düzüme eýe bolmak bilen Internet anyk salgylanma ulgamyna eýe bolmalydyr. Alyş-çalyş prosesinde kompýuterler biri-birini tapyp biler ýaly, Internetde, IP-salgylary ulanmaklyga esaslanan bir bitewi salgylanma bardyr. Internete birikdirilen her bir kompýuter öz ýeke-täk ikilik sandaky 32 bitli IP-salga eýedir. Siz informasion habarlaryň mümkin bolan N sanyny we alnan habaryň göterýän informasiýanyň I mukdaryny baglaşdyrýan formulany bilýärsiňiz: N = 2I. IР-salgysy I = 32 bit bolan informasiýanyň mukdaryny göterýär, mümkin bolan dürli IP-salgylaryň umumy mukdary şuňa deňdir: N = 2I = 232 = 4 294 967 296. Tejribede onuň mukdary ep-esli azdyr, sebäbi salgylary diapazonlara tertipleşdirmegiň we bölmegiň çylşyrymly kadalary hereket edýär. Şeýle hem IР-salgyny on razrýadly onluk san bilen görkezip bolýar. Ikilik sandaky 32 bitli IP-salgyny her biri 8 bit bolan 4 bölege bölüp we her bölegi onluk görnüşinde görkezip bolýar. Onluk san görnüşindäki Internet-salgy 0-dan 255-e çenli aralykda duran, nokatlar bilen bölünen 4 sandan ybarat (meselem, 192.168.192.10). Aşakda IP-sal118

gyny ikilik we onluk ulgamynda görkezýän tablisa getirilen (6-njy tab­lisa). 6-njy tablisa

Ikilik Onluk

11000000 192

10101000 168

11000000 192

1010 10

IP-salgylanmanyň ulgamy Internetiň düzüm gurluşyny hasaba alýandyr, ýagny Internetiň aýratyn kompýuterleriň birleşmesi däl-de, torlaryň tory bolýandygyny hasaba alýar. IР-salgysy toruň salgysyny hem-de kompýuteriň şol tordaky salgysyny saklaýandyr. IP-salgylary tertipleşdirip paýlaýyş prosesinde mak­ simal çeýeligi üpjün etmek üçin, tordaky kompýuterleriň sanyna baglylykda salgylar üç topara – A, B, C toparla­ ryna bö­lünýärler. Salgynyň ilkinji bitleri topary iden­tifi­kat­ laşdyrmak, galanlary bolsa toruň salgysyna we kompýuteriň salgysyna bölünýärler. Meselem, A toparly toruň salgysy toruň salgysy üçin diňe 7 bit we kompýuteriň salgysy üçin 24 bit eýeleýändir, ýagny şol toparly toplaryň diňe 27 = 128 sanysy bolup bilýändir, emma her torda 224 – 16 777 216 sany kompýuter bolup bilýändir. Onluk san görnüşinde IР-salgysy her biri 0-dan 255-e çenli aralykda bolan we nokatlar bilen tapawutlanan 4 sandan ybarat. Kompýuteriň IP-salgysynyň ilkinji sany boýunça onuň şol ýa-da başga topara degişlidigini kesgitlemek ýeterlikdir: – A toparyň salgylary – 0-dan 127-ä çenli san; – B toparyň salgylary – 128-den 191-e çenli san; – С toparyň salgylary – 192-den 223-e çenli san. Müşderilere hemişe hyzmat edýän Internet düwünleri hemişelik IP-salgylara eýedir. Internet prowaýderleri ulanyjylara hemişelik däl-de, wagtlaýyn IP-salgysy bilen elýeterliligi berýändir. IP-salgysy Internete her gezek birikdiri119

lende üýtgeýändir, emma seansyň dowamynda üýtgemeýär hem-de ulanyjy ony kesgitläp bilýändir. Adam üçin sanly salgyny ýatda saklamak aňsat däldir, şol sebäpli Internet ulanyjylar üçin atlaryň domen ulgamy girizildi. Atlaryň domen ulgamy IP-salga laýyklyk üçin, bel­ libir gaýtalanmaýan domen ady berýär. Internete birikdirilen her bir kompýuter IP-salga eýe bolmak bilen, domen adyna eýe bolman hem bilýär. Domen atlaryna Internet serwerleri eýe bolýandyr, emma Internete wagtal-wagtal birigýän kompýuterler, adatça, eýe bolmaýar. Bu gurşawda atlandyryş birlik bolup domen çykyş edýär, ol DNS agajynda düwünleriň atlandyrylan birleşmesidir. Atlaryň domen ulgamy iýerarhiki düzüm gurluşa eýedir: köki – ýokary derejeli domenleri – ikinji derejeli domenleri – üçünji derejeli domenleri. Internet serweriniň domen ady ýokary derejeli domeniň, ikinji derejeli domeniň atlarynyň we kompýuteriň adynyň yzygiderliliginden (sagdan çepe) ybarat. Şeýlelik bilen, Microsoft kompaniýasynyň esasy serweri www.microsoft.com adyny göterýär. Ýokary derejeli domenleriň iki görnüşi bardyr: geografik we administratiw. Dünýäniň ähli ýurtlary üçin öz geografik domen berlen, ol iki harply kod bilen belgilenýär. Meselem, Türkmenistana tm geografik domeni berlen, onuň düzüminde türkmen edaralary we raýatlary ikinji derejeli domenleri hasaba aldyrmaga hukugy eýedir. «Atlaryň domen ulgamy» maglumat gory maglumatlaryň iýerarhiki modeline esaslanan. Ýokarky derejede relýasion maglumat gory saklanylýar, ol ýokarky derejeli domenleriň sanawyny (jemi 269 domeni) saklaýar, olaryň arasynda 12 sanysy – administratiw, galan 257 bolsa – geografik domenleri. Has köpsanly domen bu net administratiw domenidir (190 milliona golaý at bar), käbir domenlerde bolsa (meselem, zr geografik domende) häzirki wagta çenli bir serwer hem hasaba alynmadyk. 120

Ikinji derejede (birinji derejeli domenlerinde) gura­ma­ laryň we adamlar toparlarynyň domenleri hasaba alynýar. Üçünji derejede, köplenç, aýratyn düwünleriň atlary sanalyp geçilýär. Iň meşhur bolup www ady çykyş edýär. «Atlaryň domen ulgamy» maglumat gory tertipleşdirilen bolup durýar – onuň düzüm bölekleri dürli DNS-serwerlerde ýerleşýär. Şeýle iýerarhiki tertipleşdirilen maglumat gorunda informasiýanyň gözlegi şular ýaly amala aşyrylýar. Meselem, Microsoft kompaniýasynyň www-serweriniň düzümi bilen tanyşmak gerek bolsa. Ilkibaşda, www.microsoft.com serweriň domen adyny saklaýan biziň talabymyz biziň prowaýderimiziň DNS‑ser­ werine iberiler, ol bolsa ony maglumat gorunyň iň ýokarky derejeli DNS-serwerine gaýtadan iberiler. Bizi gyzyk­ landyrýan com domeni tapylar hem-de talabymyz şol domende hasaba alnan ikinji derejeli domenleriň sanawyny saklaýan DNS-serwerine iberiler. Ikinji derejeli ýazgylary saklaýan DNS-serwerde, Microsoft domeni tapylar hem-de zerurlyk ýüze çykanda talabymyz üçünji derejeli DNS-serwerine iberiler. Şol adyň köp soralýandygy sebäpli, ol derrew tapylar. «Atlaryň domen ulgamy» maglumat gorunda gözleg tamamlanar hem‑de IP‑salgysy boýunça torda kompýuteriň gözlegi başlanar. §21. Alyş-çalyş protokollary. Maglumatlary ibermegiň TCP/IP protokoly Islendik tory döretmek we onuň netijeli işlemegi üçin onuň içinde işlemegiň usullaryny standartlaşdyrmak zerur. Şol maksat bilen tor protokollary işlenip düzülýär we peýdalanylýar. Protokol (Protocol) – maglumatlar geçirilende, funksional bloklaryň özara alyp baryşlaryny kesgitleýän standart; wagtyň hakyky ölçeginde parallel ýerine ýetirilýän prosesleriň arasynda informasiýany alyş-çalyş etmegiň 121

proseduralarynyň özara hereket etmegini we toplumyny kesgitleýän kada. Islendik kompýuter torlarynda habarlaryň geçirilmegi we kabul edilmegi maglumatlary alyş-çalyş etmegiň ýörite protokollary arkaly amala aşyrylýar, olar, funksional bloklaryň torda özüni alyp barmagyny kesgitleýän semantik we sintaksik kadalaryň toplumyny hödürleýär. Toruň protokoly diýlip, özara hereket etmegiň bir atly derejeleriň we prosesleriň özara hereket etmegine bolan standarta; ulgamlaryň we kompýuterleriň bilelikdäki özara hereket etmeginiň kadalaryny we proseduralaryny kesgitleýän resminama aýdylýar. Pes derejede şahsy kompýuterleriň arasynda maglu­ matlaryň alyş-çalyş edilmegi habarlaryň paketlerini geçirmek usuly arkaly amala aşyrylýar. Orta derejeli NetBIOS, IPX/SPX, TCP/IP protokollary, adatça, ulag serişdesiniň wezipesini ýerine ýetirip, tordaky kompýuterlere biri‑biri bilen maglumatlar bilen alyş-çalyş etmäge mümkinçilik berýär. Ýokary derejeli protokollar faýllaryň gaýtadan ugrukdyryl­magyny we faýl-serwerlere hyzmat etmegi habarlaryň paketlerini orta derejeli protokollary ulanmak bilen geçirmek usuly bilen üpjün edýärler. Internetde habarlary kabul etmek we ibermek üçin POP3 we SMTP ýörite protokollary peýdalanylýar. POP3 (Post Office Protocol, 3-nji wersiýasy) protokollary ulanyjynyň kompýuterine gelýän poçtany telefon tory arkaly ýüklemäge mümkinçilik berýär, SMTP (Simple Mail Transport Protocol) protokoly poçtany ulanyjynyň kompýuterinden ibermek üçin peýdalanylýar. POP3 protokoly toruň poçta ulanyjysynyň gelen hatlary almak teklibi bilen poçta serwerine ýüzlenmegini göz öňünde tutýar, serwere poçtanyň adyny we paroly habar berýär, müşderi üçin habarlary ýükleýär we olary poçtadan ýok edýär. SMTP arkaly iberilýän hatlaryň toplanmagy we olaryň adresat tarapyndan alynmagy üpjün edilýär. 122

FTP – faýllary alyş-çalyş etmegiň protokoly. Ol faýllary bir kompýuterden beýlekä ibermek üçin, meselem, müşderi tarapyndan faýllary FTP-serwerden almak üçin ulanylýar. Telnet – terminalyň emulýasiýa protokoly. Ol torda (Internetde) bir kompýuteri beýlekiniň üsti bilen dolandyrmak üçin hyzmat edýär. Şonda diňe bir beýleki kompýuteriň faýl­ laryny görmän, eýsem, onuň programmalaryny hem ulanyp bolýar (tele elýeterlilik). Internetde maglumatlar paketleriň içinde IP protokoly arkaly iberilýär. IP-protokoly (Internet Protocol) topara protokoly bolup durýar. Ol informasiýany saklaýan tor paketleriniň eltilmegini we maşynara kommunikasiýalary üpjün edýär. Protokol paketleriň salgylanmasyny dolandyrýar, olary toruň düwünleriniň arasynda dürli ugurlar boýunça iberýär we dürli torlary birleşdirmäge mümkinçilik berýär. Paket diýlip maglumatlaryň bölegine aýdylýar, onuň düzümine şol paketiň iberiljek şahsy kompýuteri baradaky gulluk informasiýasy at ýazgysy hökmünde ýazylýandyr. Maglumatlaryň paketleri bilen işlemegiň düzgünlerine TCP protokoly diýilýär. TCP-protokoly (Transmission Control Protocol) Internetde informasiýa bilen alyş-çalyş etmegiň ahyrky nokatlarynyň (düwünleriniň) arasynda ygtybarly doly dup­ leks aragatnaşygy guramak üçin hyzmat edýär. Ol geçir­ýän tarapda habarlary paketleriň akymyna özgerdýär we kabul ediji tarapynda alnan paketleri habarlara ýygnaýar. Torlaryň tory bolup çykyş edýän we dürli lokal, sebit we korporatiw torlaryň ägirt uly sanyny birleşdirýän Internet tory maglumatlary geçirmegiň ýeke-täk TCP/IP protokolyny peýdalanýandygy arkaly işleýär we ösýär. TCP/IP adalgasy atlary ýokarda agzalan protokollaryň adyny öz içine alýar: – Transmission Control Protocol (TCP) – ulag protokoly; 123

– Internet Protocol (IP) – marşrutizasiýa protokoly. Ulag protokoly iberiş prosesinde faýllaryň IP-paketlere bölünmegini we kabul ediş prosesinde faýllaryň ýygnalmagyny üpjün edýär. Eger informasiýa göwrümi boýunça uly faýl tutuşlaýyn iberilse, onda ol köp wagtlap aragatnaşyk kanalyny «ýapyp» bilýär, beýleki habarlaryň iberilmegi üçin mümkin däl edip bilýär. Şolar ýaly zatlar bolmaz ýaly, iberýän kompýuterde uly faýly ownuk böleklere bölmek, olary belgilemek we aýratyn IP-paketlerde kabul ediji kompýutere eltmek gerek. Kabul ediji kompýuterde başlangyç faýly dogry yzygiderlilikde aýry böleklerden ýygnamak gerek. Marşrutizasiýa protokoly toruň kompýuterleriniň arasynda informasiýanyň geçirilmegini üpjün edýär. IР‑pa­ ketler kabul ediji kompýutere barýança Internetiň köpsanly aralyk serwerleriniň üstünden geçýär, şol serwerlerde marşrutizasiýa amaly geçirilýändir. Marşrutizasiýanyň netijesinde IP-paketleri Internetiň bir serwerinden beýlekisine çenli iberilýär, şeýlelik bilen, olar kem-kemden kabul ediji kompýutere golaýlaýar. Beýleki protokollar hem bardyr. Şeýlelik bilen, Internetde OSI (Open Systems Interconnection) standarty peýdalanylýar, ol ýewropa informasion torlary üçin özara baglanyşygy üpjün edýär. Amaly işler I. Poçta programmasyny sazlamak Öz poçtaňyz bilen işlemek üçin Outlook programmasyny sazlamak. 1) täze hasaba alnyş ýazgysyny döretmek. – Файл menýusyndan şulary saýlamaly -> Удосто­ верения -> Добавить удостоверение (35-nji surat). – soňra hasaba alnyş ýazga geçmeli (poçtanyň adyna). 2) hasaba alnyş ýazgylaryň sanawyna girmeli (Сервис -> Учетные записи или Service -> Internet Accounts menýusy) (36-njy surat): 124

35-nji surat. Täze hasaba alnyş ýazgyny döretmek

36-njy surat. Hasaba alnyş ýazgylaryň sanawyna girmek

125

37-nji surat. Hasaba alnyş ýazgylar

3) hasaba alnyş ýazgylaryň sanawynda (Internet Accounts) ýazgyny saýlaň we onuň häsiýetlerini Свойства (Properties) açyň (37-nji surat): 4) serwerleriň sazlama sahypasynda «Сервер требует авторизации» (My server requires Authentication) belligi goýmaly we Настройки (Settings) Авторизации penjiresini açmaly (38-nji surat): 5) poçtany ibermek üçin serweriň sazlamalaryny saýlamaly – Log on using ..., Account name (имя учетной записи) meýdanynda poçtanyň doly adyny girizmeli, ol öz içine «@» nyşanyny we domeniň adyny ([email protected], [email protected], [email protected], ýa-da inboxname@inbox. ru) alýar. «Password» meýdanynda poçta bolan öz parolyňyzy görkezmeli. «Remember password» opsiýasy siziň poçta programmaňyza öz poçtaňyza bolan paroly ýatda saklamaga we her gezek poçta alanyňyzda ony soramaz ýaly etmäge mümkinçilik berýär. Eger siz şol kompýuteriň ýe126

38-nji surat. Hasaba alyş ýazgylaryň häsiýetleri

ke-täk ulanyjysy däl bolsaňyz bu opsiýany goýmak maksadalaýyk däl. «Подключение через защищенное соединение» (Secure Password Autentification – SPA) opsiýalary işledil­ meli däldir (39-njy surat): 6) ОК düwmesine basmaly – Outlook programmasynda SMTP-awtorizasiýasynyň sazlanmagy tamamlandy.

127

39-njy surat. Serweriň sazlamalary

II. Brauzeri sazlamak Mozilla FireFox brazuzeri sazlamak we onuň üçin goşmaçalary (giňelmeleri) gurnamak. Dürli görnüşli sazlama­laryň we giňelmeleriň kömegi bilen brauzeri peýdaly işleri etmäge «öwredip» bol­ýar. Giňelme diýlip brauze­riň özüne gurnalýan we oňa täze mümkinçilikleri berýän kiçi programmalara aý­ dylýar. Häzirki wagtda iň dürli goşmaçalara Mozilla Firefox brauzeri eýedir. Ol ulanyja ýönekeýligi, elýeterliligi, dostluk şertlerini we gysgalygy. 1. Mozilla Firefox brauzeri Internetde amatly iş­le­ mek üçin sazlamak 128

40-njy surat. Programmanyň sazlamalaryna girmek

41-nji surat. Содержимое goşmaçasy 9. Sargyt № 1307.

129

1) Mozilla Firefox goýberýäris we «FireFox/Настрой­ ки» menýuny saýlamaly (40-njy surat). 2) «Содержимое» goşmaçasynda «Блокировать всплы­вающие окна» belligi aýryp aşakdaky meýdanlaryň ýanlarynda goýýarys (41-nji surat). «Автоматически загружать изображения» we «Ис­пользовать JavaScript». 3) «Приватность» goşmaçasyny açyp «Принимать cookies с сайтов» meýdanynda bellik goýýarys (42-nji surat). 4) girizilen sazlamalary ýatda saklamak üçin «Наст­ ройки» penjiresinde «ОК» düwmesine basmaly. 2. Mozilla Firefox brauzerine birnäçe giňelmeleri gurnamak Eger giňelme Internetde tapylan bolsa, onda onuň ýük­ lenmesini görkezýän salga syçanjyk bilen basmak ýeterlikdir.

42-nji surat. Приватность goşmaçasy

130

Brauzer faýlyň görnüşini kesgitleýär we derrew gi­ ňelmäni ýüklemek barada teklip berer (43-nji surat). Eger giňelme kompýuterde ýerleşen bolsa, onda bra­ uzerde Файл – Открыть файл menýuny saýlamaly, Тип файлов setirinde Все файлы saýlamaly we gerek bolan moduly görkezmeli. Şeýle hem, giňelmäniň özüni syçanjyk bilen brauzeriň iş meýdanyna getirmek bolýar. Giňelmeleri ýok etmek üçin aşakdakylary ýerine ýetirmek gerek: – Инструменты menýusyndan «Дополнения» goş­ ma­çasyny açmaly; – Gerek bolan giňelmäni saýlamaly; – Удалить düwmesine basmaly; – Brauzeri gaýtadan ýüklemek.

43-nji surat. Giňelmeler

131

III. Faýl arhiwleri bilen işlemek. 1. Gözleg ulgamy arkaly FTP-serwerlerinde «Beatles» toparynyň audio kompozisiýasyny tapmaly. 1) bellibir gözleg ulgamy arkaly informasiýanyň gözlegi bilen meşgul bolýan ftp-serweriň gözlegini gurnamaly (44‑nji surat). 2) ftp-serwerlerinde faýllaryň gözlegini amala aşyrýan saýta girmeli meselem, http:/ /ftp-poisk.kiev.ua/ 3) indiki ädim gözleg setirine esasy sözleriň girizilmeginden ybaratdyr. Şeýle hem, üstünlikli gözlegiň wajyp elementi hökmünde gözlenilýän faýllaryň görnüşlerini görkezmeklik bolup durýar. Biziň ýagdaýymyzda «Музыка» meýdanyň ýanynda bellik goýmaly we «Beatles» sözüni girizmeli. Şeýlelik bilen, ulanyjy ulgamyň işini esli aňsatlaşdyrýar we gözlegiň ahyrky netijesini diňe audiofaýllar bilen çäklendirýär. Faýllaryň görnüşinden başga, aşakdakylary görkezmek bolýar: – Faýlyň ölçeginiň çägi;

44-nji surat. Gözleg saýty

132

45-nji surat. Informasiýanyň gözlegi

– Elýeterli faýllar (diňe Online); – Faýllaryň ýerleşýän ýeri (bukjada ýa-da ýok). 4) sistema gözlegiň netijesini çykarar – 26 sany bukja we faýl. Gerek bolan salga basyp faýly kompýuterde ýatda saklamak gerek. Soraglar 1. Tor protokollaryny sanap geçiň. 2. TCP/IP protokoly näme bolup durýar? 3. Brauzere bolan giňelme näme? 4. Faýl arhiwi näme?

§22. Web-saýtlary döretmegiň gural serişdeleri Informatikanyň kursundan HTML gipertekst belgileme dili bilen hem-de şol dilde ýönekeýje Web-sahypalaryň döredilmegi bilen tanşyldy. Web-sahypalary gönümel HTML dilinde döretmek üçin köp güýç, wagt sarp edilýär hem-de diliň sintaksisini bilmeklik talap edilýär. Ýörite gural programma serişdeleriň (HTML-redaktorlaryň) peýdalanylmagy Web-saýtlary dö­ retmek boýunça işi ýönekeý we netijeli edýär.

133

Saýtlary işläp düzmek boýunça güýçli gural ulgamlary bardyr, meselem, Microsoft FrontPage ýa-da Macromedia Dreamweawer. Aýratyn Web-sahypalary işläp düzmek üçin erkin ýaýradylýan FrontPage Express (Microsoft Internet Explorer toplumyň düzümine girýär) we Netscape Composer (Netscape Communicator toplumyň düzümine girýär) redaktorlaryny ulanmak bolýar. Şeýle hem, bu maksatlar üçin dürli publikasiýalaryň örän elýeterli Microsoft Publisher redaktoryny (2003 wersiýasyny) peýdalanmak bolýar. Onuň Web-tehnologiýalaryna degişli bolan mümkinçilik­ lerine göz ýetireliň. Microsoft Publisher – örän meşhur programmadyr, sebäbi gerek bolan maketleri döretmek üçin köp wagt sarp edilmeýär, köpsanly kömekçi serişdeleriň bolmagy bolsa programma bilen işlemegi amatly edýär we tizleşdirýär.

46-njy surat. Şablonyň esasynda Web-düwnüni guramak

134

– amatly menýu; – gurnalan şablonlaryň köp mukdary; – resminamanyň sektorlaryny formatirlemegiň amatly ulgamy; – surat çekmegiň gurnalan ulgamy; – häzirki wagtda öý we täjirçilik şertlerinde peýdalanyl­ ýan hemme formalaryň standartlary hasaba alnan; – beýleki goşundylar bilen laýyk gelmeklik. MS Publisher programmasynyň artykmaçlygy şundan ybarat: bellibir publikasiýa sahypasyny döretmek üçin, programmirleme we bezeg tilsimlerini bilmän hem bol­ ýar. Goşundyda 2000-den gowrak dürli şablonlar bardyr. Diňe tekst girizip, şekilleri girizmek galýar (46‑njy su‑ rat). Suratlardan görnüşi ýaly, taýyn şablonlar boýunça Web‑düwünler, Web-saýtlar, Web-sahypalar we ş.m. gör­ nüşinde, mazmuny boýunça ýeterlikçe ähmiýetli Web‑pub­ likasiýalary amala aşyrmak bolýar. Munuň üçin gerekli ýerde we maksady boýunça Publisher programmasynyň gural serişdelerini peýdalanmak gerek. Amaly işler 1. Berlen tema boýunça Web-saýty işläp düzmek. Microsoft Publisher programmasynda Web-düwünle‑ ri döretmek Baş menýuň üsti bilen Microsoft Publisher programmasyny goýbermeli. Web-düwünleriň ussasyny goýbermek 1. Eger publikasiýalaryň katalogy ekranda ýok bolsa, Файл menýusynda Создать buýrugyna basmaly. 2. Мастер sanawynda Web-узлы ýazga basmaly. Sag panelde Web-düwünleriň nusgalary görkeziler. 3. Sag paneliň düzümini görüň we Веб-узел. Карниз nusgasyny saýlalyň. Web-düwünleriň ussasynyň birinji 135

ekrany peýda bolar hem-de iş giňişliginde öý sahypasynyň şablony görkeziler. 4. Далее düwmesine basmaly. Web-düwünleriň ussasy reňk ülňüleriň sanawyny görkezer. 5. Reňk ülňüleriň sanawynda Мускатный орех reňki saýlalyň we Далее düwmesine basalyň. Ussa reňk ülňüsini peýdalanyp, Web-düwnüň içine giriziljek sahypalaryň sanawyny görkezer. 6. Статья baýdajyga syçanjyk arkaly basmaly, soňra Далее düwmesine basmaly. Ussa Web-düwne täze sahypany goşar, soňra bolsa goşup boljak formalaryň sanawyny görkezer. 7. Отсутствует saýlanandygyna göz ýetiriň we Далее düwmesine basyň. Ussa ugrukdyryş paneli saýlamagy tek­ lip eder. Ugrukdyryş paneli baglaşmalaryň toplumy bolup durýar (adatça, ol baş Web-sahypalaryň sanawy bolup durýar), ol Web-düwnüň her sahypasynda görkezilýär. 8. Вертикальная и горизонтальная parametri saýlap Далее düwmesine basmaly. Ussa her sahypa ug­ rukdyryş panelini goşar hem-de öý sahypanyň açylmagynda ýaňlanjak sesi işletmegi teklip eder. 9. Нет warianty saýlaň we Далее düwmesine basyň. Ussa Web-düwnüň sahypalaryna teksturany peýdalanmagy teklip eder. 10. Да jogabyň saýlanandygyna göz ýetiriň, soňra Далее düwmesine basyň. Ussa Web-sahypalara fon düzümini goşar we şahsy maglumatlary görkezmegi teklip eder. 11. Основное место работы parametrine baryp, Об­ но­вить… düwmesine basyň. Emele gelen Личные данные penjiresinde, Основное место работы setirini belläň; Полное имя setirinde familiýaňyzy we inisiallaryňyzy görkeziň; Адрес birinji setirde – Türkmenistan, ikinji setirde – 744015, üçünji setirde – Aşgabat ş., dördünji setirde – Arçabil köçesi, 26. Телефон setirinde – (99312)33-33-33, Факс – (993)22-22-22, Эл.почта – [email protected]; Название 136

организации – orta mekdep; Девиз – Okuwçy! Oka, öwren döret! Должность – 11-nji synp okuwçysy. 12. Готово düwmesine basmaly. Publisher öý sahy­pa­ synyň gutarnykly şablonyny (köne emblema bilen) görkezer. 13. Emblemany üýtgetmek üçin, ony belläň, Мастер düwmesine basyň, Существующий графический файл parametri saýlaň, soňra Добавить картинку düwmesine basyň we öňünden taýýarlanan faýly görkeziň; publikasiýany ýatda saklaň. Emblemany şahsy maglumatlaryň toplumynda ýatda saklamak barada talap emele geler. Да düwmesine basyň. 14. Увеличить (+) düwmesine 4 gezek basyň, soňra bolsa sahypanyň düzümini görüň. Web-düzüminiň mazmunyny girizmek 1. Заголовок домашней страницы setiriň üstünden basyň (birinji sahypanyň ýokarsynda) we Oka, öwren, döret! ýazgyny giriziň. Girizilen tekst dolduryjynyň tekstini çalşyrar. 2. Öý sahypasynyň merkezinde baş tekst ramkasyna basyň («Домашняя страница создает…»). 3. Вставка menýusynda Текстовый файл buýrugyna basyň. Вставить текст gepleşik penjiresi emele geler. 4. Öz bukjaňyzdan öňünden taýýarlan faýlyňyzy goýuň. 3 we 4 bendleriň deregine teksti klawiaturadan girizip bol­ ýar. 5. Формат menýusynda Шрифт buýrugyna basyň. Шрифт gepleşik penjiresi emele geler. 6. Шрифт – Arial, Размер – 12, Начертание – По­ лужирный sazlamalary goýuň we ОК düwmesine basyň. 7. Вставка menýusynda Картинка buýrugy görkeziň we Из файла kömekçi buýrugyna basyň. Добавить картинку gepleşik penjiresi emele geler. 8. Папка meýdanyň sanawyndan peýdalanyň we öňün­ den taýýarlanan bukjadan suraty goýuň.

137

9. Sahypanyň çep tarapynda ýerleşdirilen ugrukdyryş paneline basyň, soňra Мастер düwmesine basyň. Мастер создания панели навигации penjiresi emele geler. 10. Мастер создания панели навигации penjire­ sinde sanawy görüň we Смесь ýazga basyň. Ussa ugrukdyryş paneliniň keşbini Смесь makedine laýyklykda üýtgeder. 11. Taýýarlanan publikasiýany öz bukjaňyzda oňa bellibir at berip ýatda saklaň. Web-sahypalary öňünden görmek Döredilen Web-sahypalary, olaryň göz öňünde tutulan ýaly görkezilýändigine göz ýetirmek we baglaşyklaryň işleýşini barlamak üçin Web-brauzerde görmek gerek. 1. Стандартная gurallar panelinde Предвари­тель­ ный просмотр веб-страницы düwmesine basmaly. Pub­ lisher Web-sahypalary HTML formatynda görkezmek üçin taýýarlar, soňra bolsa öý sahypasyny Internet Explorer ýa-da başga brauzerde (deslapdan goýlan) görkezer. 2. Tekstli sahypa geçişi dik duran ugrukdyryş paneli arkaly barlaň. Öý sahypasyna gaýdyp geliň. 3. Öý sahypasyny görüň we 2-nji bendiň ýazgysyndaky işi kese duran ugrukdyryş paneli arkaly amala aşyryň. HTML formatynda Web-sahypalary ýatda saklamak Web-düwünleriň ussasy (Мастер веб-узлов) peýdalanylanda döredilen Web-sahypalar Publisher formatynda ýatda saklanylýar. Şol sebäpli, olary hakyky Web-düwünde publikasiýa etmezden öň HTML formatyna özgertmek gerek. 1. Файл menýusynda Сохранить как веб-страницу buýrugyna basmaly. Сохранить как веб-страницу gep­ leşik penjiresi emele geler. 2. Öz bukjaňyzy gurnamak üçin, Папка meýdanynyň sanawyndan peýdalanmaly we ОК düwmesine basmaly. Pub­lisher hemme Web-sahypalary HTML formatyna özger138

der we suratlary GIF ýa-da JPEG formatlarynda (başlan­ gyç formata baglylykda) ýatda saklar. 3. Web-düwnüň publikasiýasyny ýatda saklaň, soňra bolsa ony ýapyň. II. Web-saýty testirleme we publikasiýa etme. Öz Web-saýtyňyzy Internetde serwerde ýerleşdirmez­ den öň, ony gowy barlagdan geçirmeli, sebäbi saýtyňyza In­ternetiň onlarça million ulanyjylary girmegi müm­ kindir. Sahypalaryňyz has ýaýran Internet Explorer we Netscape Navigator brauzerlerinde nähili görünýändigine (olar dürli görnüp bilýärler) seretmek gerek. Şulary barlamak zerurdyr: – saýlanan fonda tekstiň kadaly okalyşyny; – suratlaryň dogry ýerleşmegini; – gipersalgylaryň dogry işleýşini. Web-saýty publikasiýa etmek üçin Internetiň serwer­ leriniň birinde gerekli ýeri tapmaly. Prowaýderleriň köpüsi öz müşderilerine öz serwerlerinde Web-saýtlary mugtuna ýerleşdirmek mümkinçiligini (mugt hosting) hödürleýärler. Web-saýty publikasiýa etmek üçin, prowaýderden aşak­ daky zerur bolan maglumatlary almak gerek: – saýtyň URL-salgysyny; – ulanyjynyň gizlin ady we paroly, olar saýtyň administratoryna ony redaktirlemek üçin gerek. Web-saýtlary publikasiýa etmegiň tehnologiýasy birnäçe görnüşlere eýe bolup bilýär; – publikasiýa üçin Web-saýty döretmek üçin, peýdalanylan gural serişdesini (meselem, Netscape Composer) ulanmak bolýar; – öz serwerinde ýer beren gurama saýtlary Web-interfeýs üsti bilen brauzeriň ýa-da original faýl dispetçeri arkaly publikasiýa etmegi hödürläp biler; – publikasiýa edilende, has köp mümkinçilikleri FTP‑müşderileri hödürleýärler. 139

Publisher programmasy arkaly Web-saýty ýer­ leşdirmek Internetde saýty özbaşdak ýerleşdirmek üçin, FTP (File Transfer Protocol) protokoly boýunça saýta elýeterlik üçin salgy gerek bolar, ony degişli Internet gullugyna ýüzlenip alyp bolýar. Aşakda getirilen görkezmeler Internetde saýty ýerleşdirmek üçin kömek berer. 1. Publisher programmasynda saýty açmaly (.pub giňişligi bolan faýly). 2. Файл menýusynda Сохранить как Web-страницу buýrugy ýerine ýetirmeli. 3. Имя файла setirinde diňe ýol bererli simwollary ýaz­malydyr. 4. Папка açylýan sanawynda добавить/изменить ад­ реса FTP bendi saýlamaly. 5. Açylan penjirede ýerleşdirmek üçin ýer berlen FTPserweriň salgysyny girizmeli. 6. Добавить/OK buýruga basmaly. 7. Сохранить как Web-страницу gepleşik penjiresine gaýdyp gelmeli. Saýtyň adyny üýtgedip bolýar, munuň üçin Имя файла setirinde täze ady girizmeli. Saýtyňyzyň ýerleşýän ýerine iki gezek basmaly (meselem, ftp://user. halkd.tm setirine), soňra ОК düwmesine basmaly. 8. FTP-serwer bilen birleşdirilenden hem-de Папка setirinde onuň ady emele gelenden soň Сохранить düwmesine basmaly. 9. Сохранение penjiresi açylar. Penjiräniň ýitmegi hemme suratlaryň, HTML we saýtyň düzümine girýän beýleki faýllaryň ýüklenmeginiň tamamlanmagyny aňladýar. Soraglar 1. Web-goşundylary işläp düzmek üçin haýsy gural serişdelerini bilýärsiňiz? 2. Publisher nähili mümkinçilikleri hödürleýär? 3. Öz Web-goşundyňy publikasiýa etmek üçin nähili ädimleri ýerine ýetirmeli?

140

IV bölüm. I nformasiýa‑kommunikasiýa sistemalarynda howpsuzlyk

§23. Wirus hüjümi. Bagt hatlary. Spam. Internetde howpsuzlyk Ulanyjylaryň köp sanyna elýeterli bolan şahsy kom­ pýuteriň emele geleninden bäri kompýuter wiruslaryň taryhy hem başlanýandyr. Şahsy kompýuterler we dürli aýrylyp ulanylýan göterijiler arkaly ýaýraýan programma üpjünçiligi kompýuter wiruslaryň ornaşdyrylmagy, köpelmegi we işlemegi üçin örän amatly şertleri hödürleýärler. Gynansak hem, adaty ulanyjylar, kada bolşy ýaly, kompýuter wiruslaryň näme bolýandygyny, olaryň kompýuterlere we kompýuter torlaryna nähili girýändigini, nähili zeper ýetirip bilýändigini bilmeýärler. Şonuň bilen birlikde, kompýuter wiruslaryň işlemegi we ýaýramagy barada ýeterlik bilimlere eýe bolman, kompýuteriň ygtybarly goragyny amala aşyrmak juda kyndyr. Eýsem, iň gowy antiwirus programmalary hem, nädogry ulanylan ýagdaýynda peýdasyz bolup biler. Kompýuter wirusy diýlip operasion sistemanyň gur­ şawynda köpelmäge ukyby bolan programmalaryň bir görnüşine aýdylýar, bu häsiýet özbaşdak replikasiýa diýlip atlandyrylýar. Şeýle hem, wiruslar siziň kompýuteriňiz­ däki maglumatlary we faýllary zaýalap, ýok edip hem-de operasion sistema zeper ýetirip ýa-da tutuşlygyna ýok edip bilýär. Umumy kabul edilen toparlaşdyrma laýyklykda kompýuter wiruslaryň üç esasy görnüşlerini tapawutlandyryp bolýar: 141

– adaty wirus – kompýutere düşüp, operasion siste­ manyň gurşawynda köpelip başlaýan we dürli erbetliklere we bökdençliklere getirýän, meselem, ulanyjynyň maglumatlaryny we faýllaryny ýok edýän kompýuter programmasy. Wiruslaryň şeýle görnüşiniň biri bolup, 2000-nji ýylda, takmynan, 8 milliard ABŞ dollaryna barabar bolan zeper ýetiren I LoveYou! wirusy çykyş edýär; – kompýuter toruň üsti bilen düşýän gurçuk programmalary, elektron poçtany ibermegiň programmalaryny ýazgy kitabyndaky bar bolan salgylar boýunça wirus bilen zaýalanan hatlary ibermäge mejbur edýärler; – troýan programmasy kompýutere gönümel zeper ýetirmeýär, emma welin, sistema düşüp, onda bar bolan informasiýany, maglumat bazalaryny, kompýuteriň dolandyrylyşyny hakerlere elýeterli edýärler. Häzirki zaman kompýuter wiruslaryň köpüsi bu üç häsiýetiň hemmesini özlerinde jemleýändir. Häzirki wagta çenli ýüzlerçe müň dürli zyýan getiriji programmalaryň sanawyny saklaýan kompýuter wiruslaryň uly gorlary toplanandyr. Bagt hatlary Köp adamlara bagt hatlary diýlip atlandyrylýan habarlar gelýändir. Olara çaga oýnuna ýaly garamak gerek, bir kelleden beýleki kellä geçýän informasion wirusa ýaly garamaly. Öňler, kompýuter ýok bolan döwürde, şeýle hatlar poçta gapyrjaklaryna goýulýardy. Hatlary döretmegiň maksady, edil kompýuter wiruslaryny döretmegiň maksady ýalydyr – öz oýlap tapan zadyňdan emele gelen netijeden lezzet almak. Has ýiti maksatlar we täsir etmegiň görnüşleri mümkindir. Kompýuter wiruslary kompýuter gurşawynda hereket edýärler, hatlar bolsa aňa girip birleşýärler we neýron gurşawynda işleýärler, şol ýerde özleriniň köpeliş guralyny goýberýärler, şonda adamyň hereketlerini dolandyrýarlar we hereket etmegiň programmirlenen öz algoritmini oňa 142

mejbur etdirýär. Eger adam öz aňynda «Antiwirus programma üpjünçiligine» eýe bolmadyk bolsa, onda ony tutuş durmuşynyň dowamynda onuň aňyny bolgusyz zatlar bilen doldurýan we üýtgedýän şeýle kiçi programmalar peýdalanyp durar. Spam «Spam» sözüni häzirki wagtda Internetiň islendik ulanyjysy bilýändir. Özem, diňe bilmän, öz poçtasynda, köp­ lenç, görýändir. Emma «spam» sözüniň bellibir döwürde internet ýa-da elektron hatlar bilen baglaşmaýandygy barada köp adamlar bilýän däldir. «Spam» – akroim, «Спам» – это акроним, gysgaldylan goşma sözi. Ol gysgaldylan «spicedham» sözünden – ýagny «huruşly wetçina», «burçly kolbasa», «burçlanan wetçina» düzülendir. Täze ähmiýetde «spam» adalgasy (ýürege düşgünç elektron haty, poçta zir-zibili) hökmünde 1993-nji ýylda emele geldi. Usenet kompýuter torunyň administratory Riçard Depýunyň ýazan programmasy 1993-nji ýylyň 31-nji martynda ýalňyşlyk berip, bir konferensiýa 200-e golaý şol bir mazmunly hatlaryň iberilmegine getirdi. Oňa nägilelik bildiren onuň gürrüňdeşleri ýürege düşgünç habarlara örän laýyk gelýän «spam» adyny tiz tapdylar. Kasperskiniň tejribehanasynyň beren kesgitlemesine laýyklykda spam – anonim köpçülikleýin soralmadyk hat iberişlik. Uly bolmadyk möçberde mahabat iberişliklerden başlap, spam kem-kemden düýpli tehniki, ykdysady, eýsem, durmuş howpuna öwrüldi: 1. Kommunikasiýalara bolan ýük. Spam kanallary bolgusyz zatlar bilen doldurýar, traffik döredýär, ony bolsa prowaýder ýa-da ulanyjy (eger gürrüň poçta barada gidýän bolsa, onda özüň ýa-da iş beriji) tölemeli bolýar. 2. Wagtyň ýitmegi. Eger spam ahyrky poçta ýeten bolsa, onda onuň eýesi ony özbaşdak arassalamaly bolýar. Günde 143

iş boýunça 10-20 haty okaýan işgär, olar bilelikde 160–180 sany spam habarlaryny alyp bilýär. Spamy aýyrmak üçin sarp edilen wagt – aýda 5-6 sag iş prosesinden aýrylan wagtdyr, emma şol wagt hem iş berijiniň pulundan tölen­ ýändir. 3. Gahar we nägilelik. Spamy ýok etmek bilen, ulanyjy «elektron süpüriji» hökmünde işleýär. 4. Spamyň düzüminde gerekli hatyň tötänleýin ýitmegi. Häzirki zaman dünýäsinde spamdan goranmaklyk edil antiwirus goragy ýaly IT-howpsuzlygyň umumy ulgamynyň zerur bölegidir. Internetde howpsuzlyk Internet öwrenmäge, döretmäge, hyzmatdaşlyk etmäge kömek edýär. Emma howpsuzlyk barada ýatdan çykarmaly däldir, ýogsam siziň işiňize zyýan getirilmegi mümkin. Kiber jenaýatyň köp dürli görnüşleri bardyr. Jenaýatçylar, adatça, şahsy maglumaty almaklyga çalyşýarlar – elektron poçtanyň parolyny, bank rekwizitlerini, durmuş taýdan ätiýaçlandyryşyň belgisini. Munuň üçin köp usullar peý­da­ lanylýar – kompýutere zyýan getiriji programmalary gurnamak, akkaunty döwmek ýa-da ýönekeý aldaw. Isleýän zatlaryny almak bilen, jenaýatçylar sizden zat ogurlap bil­ ýärler, özlerini size derek görkezip bilýärler ýa-da siziň mag­ lumatlaryňyzy has gyzyklanýan adamlara satyp bilýärler. Torda howpsuz işi üpjün etmek üçin maslahatlar we gu‑ rallar: goragyň ygtybarly ulgamy bolmazdan kompýuter kiber jenaýatçylar üçin aňsat aw bolmagy mümkin. Seresaplylygyň çäreleri: – goragyň toplumlaýyn serişdelerini (faýl/poçta/web antiwirusy + tor ekrany) antiwirus bazalaryny täzeläp peýdalanmaly hem-de tordan alýan faýllara örän seresaplyk bilen garamaly. Faýly goýbermezden öň ony hökman wirusyň ýokdugyny barlamaly; – ulanylýan programma üpjünçiligi wagtal-wagtal barlagdan geçirmeli we ony täzelemeli; 144

– özlerini gowy tarapdan görkezen programma we beýleki faýllaryň çeşmelerinden peýdalanyň; – üstlerinden iş alnyp barylýan faýllary wagtal-wagtal daşky göterijide ýatda saklap durmaly. Faýllary, maglumat bazalaryny, resminamalary göçürmek üçin çykýan çykdajylar kompýuter duranda şol faýllary dikeltmek üçin sarp ediljek çykdajylardan ep-esli azdyr; – diňe ygtyýarlandyrylan goşundylary peýdalanmaly. Programmalaryň käbir mugt, şertleýin mugt hem-de ygty­ ýarsyz nusgalary kompýutere wirusdan hem has uly zeper ýetirmegi mümkin; – kompýuteriňizde işlemäge goýberilen adamlaryň sanyny çäklendirmeli. Kada bolşy ýaly, «köp ulanyjylyk» şahsy kompýuterleri has köp derejede zaýalanmaga degişli. Amaly psihologiýany bilmeklige esaslanan durmuş in­ že­neriýasynyň usullaryny giňden peýdalanmaklyk tor jenaýatçylaryna öz maksatlaryna tiz ýetmäge mümkinçilik berýär. Galp saýtlaryna bolan salgylanmalar, SMS‑aldawçylyk, onlaýn-lotereýalar, maliýe piramidalar, galp antiwiruslar – bularyň hemmesi internet-aldawçylygyň has meşhur görnüşleridir. Internetde hödürlenýän zatlaryň hemmesine ynanmak bilen we kompýuter howpsuzlygynyň iň ýönekeý kadalaryny berjaý etmän kiber jenaýatçylaryň eline aňsatlyk bilen düşüp we düýpli maliýe ýitgilerine eýe bolmak mümkin. Seresaplylygyň çäreleri: – haýsy-da bolsa kime öz şahsy maglumatlaryňy ýa-da gizlin informasiýany ibermek bilen, iberýän adamyň hakykatdan hem özüni tanadýan adamdygyna göz ýetirmelidir; – soraglaryň köp sanyny beriň: ICQ/QIP ulgamynda salgylanma bilen habary ýa-da durmuş taýdan torlarynda şahsy habary alyp, onuň zaýalanan kompýuterden gelýän awtomatiki hat iberişligiň däldigine göz ýetirmeli; – spam-tekliplerine ünsli garamaly:garaşylmadyk utuş­lara ynanmaly däl, mugt harytlary ýa-da arzan der10. Sargyt № 1307.

145

man serişdelerini almak baradaky tekliplere jogap bermeli däl; – goragyň hakyky programmalaryny peýdalanmaly: komp­ýuterden wirusy ýok etmek üçin pul talap edýän antiwirus galpdyr; – gysga belgilere SMS-habaryň hakyky bahasyny takyk­ lamalydyr; – «bäsleşikde SMS bilen maňa ses ber» ýa-da «Maňa kömek ber – men kynçylyk çekýärin» habarlara ynanmaly däldir; – programmalara resmi däl goşmaçalary we gowulandyrmalary goýmaly däldir; – oýun saýtlarynda şahsy maglumatlar girizilen mahaly brauzeriň setirinde salgynyň hakykatlylygyny barlamaly; – oýun serweriniň administrasiýasyndan gelen hatlara jogap bermek bilen olaryň hakykylygyna göz ýetirmeli; – oýundaky bellibir maglumatlary iberjek bolýan oýunçylara ynanmaly däldir – şeýle faýllar zyýan getiriji kody saklamagy mümkindir. Elektron poçta, ICQ ýa-da durmuş taýdan torlardaky ulanyjy ýazgylary üçin, şol bir ýönekeý paroly ulanmak – jaýyň gapysyny poçta gapyrjagyň açary bilen ýapmak bilen deňdir. Torda köp şahsy maglumaty galdyrmak bilen, olary aldawçylara elýeterli etmek howpuny döredip bolýar, soňkular bolsa siziň adyňyzdan elektron hatlary iberip bil­ ýärler, ICQ-gürrüňdeşlikleri alyp baryp bilýärler, telefon arkaly jaň edip bilýärler ýa-da kompýuteriňize girip tutuş maglumatlaryňyzy ýok edip bilýärler. Seresaplylygyň çäreleri: – köpçülikleýin elýeterlige eýe bolan özi baradaky in­ formasiýanyň göwrümini azaltmaly; – elektron poçtanyň iki salgysyny döretmeli – hususy, hat ýazyşmak üçin (adamlaryň az sanyna belli bolan we umumy elýeterli çeşmelerde çap edilmeýän) we köpçülik üçin – köpçülikleýin işler üçin (forumlar, çatlar we ş.m.); 146

– hat ýazyşmak üçin salgy ýatda saklamak, ýeňil ýa-da owadan bolmaly däldir. Salgy näçe uzyn we kyn okalýan bolsa – şonça hem gowy bolýar; – diňe çylşyrymly parollary peýdalanmak gerek; – dürli hasaba alyş ýazgylar we serwisler üçin dürli parollary peýdalanmalydyr; – öz loginiňizi we parolyňyzy beýleki adamlara bermeli däldir. Netije: öz kompýuteriňiz üçin çylşyrymly we dürli parol­lary ulanmalydyr! §24. Antiwirus goragy. Antiwirus programmasy Her gün ýüzlerçe täze wiruslar emele gelýär, şol sebäp­li üstünlikli wiruslara garşy goragyň baş şertleriniň biri bolup, antiwirus programma üpjünçiliginiň bolmagy çykyş edýär. Has meşhur antiwirus programmalaryny garaşsyz testden geçirmegiň netijeleri täjirçilik programma üpjün­ çilikleriň arasynda öz borçlaryny has üstünlikli Kasperskiniň Antiwirusynyň ýerine ýetirýändigini görkezdi. Testler üçin 60 000 gowrak dürli zyýan getiriji programmalary saklaýan wiruslar bazasy peýdalanyldy, Kasperskiniň antiwirusy howpuň 97% zyýansyz edip, örän gowy netijeleri görkezdi. Erkin ýaýradylýan antiwirus programma üpjünçiligiň arasynda Avira GmbH nemes kompaniýasynyň Avira AntiVir atly önümi öňdebaryjy orunlary eýelemegi başardy, ol beýleki mugt antiwiruslar bilen deňeşdirilende, gowy netijeleri görkezmegi başardy. Testden geçirmegiň netijelerini has doly görkezýän grafik getirilýär (47-nji surat). Hünärmenler kompýuter wiruslary bilen göreşmegiň uly tejribesine eýedir, olar programma üpjünçiligiň aktual wersiýalaryna we iň soňky antiwirus bazalaryna hemişe eýe bolup durýar. Kompýuter ussasy kompýuteriňizi dürli zyýan getiriji programmalaryndan dyndyrmaga, has netijeli antiwirus programmasyny saýlamaga kömek berer we 147

47-nji surat. Antiwirus programmalaryny testirlemegiň netijeleri

kompýuteriňiziň wiruslardan ygtybarly goragyny üpjün eder. Antiwirus programmasy Kompýuter wiruslary bilen göreşmekde antiwirus programmalary has netijelidir. Antiwirus programmalary zaýalanan faýllary gözlemek we bejermek üçin dürli düzgünleri peýdalanyp bilýär. Polifaglar. Has meşhur we netijeli antiwirus programmalary bolup, polifag antiwirus programmalary (meselem, Kaspersky Anti-Virus, Dr.Web) çykyş edýär. Polifaglaryň iş düzgüni faýllary, diskleriň ýükleýji sektorlaryny we işjeň ýady barlamakdan we olaryň içinde belli bolan we täze (polifaga belli bolmadyk) wiruslary gözlemekden ybarat. Belli bolan wiruslary gözlemek üçin maskalar peýdalanylýar. Wirusyň maskasy bolup, şol anyk wirusa mahsus bolan programma kodunyň bellibir hemişelik yzygiderliligi çykyş edýär. Eger antiwirus programmasy şeýle yzygiderliligi haýsy-da bolsa bir faýlda ýüze çykarsa, onda faýl wirus bilen zaýalanan hasaplanylýar we bejergä degişli bolýar. 148

Täze wiruslary gözlemek üçin «ewristik skanirlemegiň» algoritmler ulanylýar, ýagny barlanylýan obýektde buý­ ruklaryň yzygiderligi barlanylýar. Eger buýruklaryň «şübheli» yzygiderliligi ýüze çykarylsa, onda polifag obýektiň mümkin bolan zaýalanmagy barada habar çykarýar. Polifaglar faýllar işjeň ýada ýüklenen mahaly hem olaryň barlagyny üpjün edip bilýärler. Şeýle programmalara antiwirus programmalary diýilýär. Polifaglaryň artykmaçlyklaryna olaryň uniwersallygy degişlidir. Onuň ýetmezçiliklerine olaryň peýdalanýan antiwirus bazalarynyň uly ölçeglerini degişli edip bolýar, şol bazalar wiruslaryň mümkin bolan maksimal sany baradaky informasiýany saklamalydyr, bu bolsa öz gezeginde wiruslaryň gözleginiň uly bolmadyk tizligine getirýär. Rewizorlar. Rewizorlaryň (meselem, ADinf) iş düzgüni diskde bar bolan faýllar üçin gözegçilik jemlerini hasap­ lamakdan ybarat. Bu gözegçilik jemleri antiwirusyň mag­ lumat gorunda edil beýleki informasiýa ýaly: faýllaryň uzynlyklary, olaryň soňky üýtgedilen wagty we başg. bilen bilelikde saklanylýandyr. Indiki gezek goýberilenlerinde rewizorlar maglumat gorunda saklanylýan maglumatlary hakyky hasaplanylan bahalar bilen deňeşdirýärler. Eger maglumat gorunda faýl baradaky informasiýa hakyky bahalar bilen gabat gelmeýän bolsa, onda rewizorlar faýlyň üýtgedilendigi ýa-da onuň wirus bilen zaýalanandygy barada habar berýärler. Rewizorlaryň ýetmezçiligi täze faýllarda (maglumat göterijilerde saklanýanlarda, arhiwden çykarylan faýllarda, elektron poçtadaky faýllarda) wirusy ýüze çykaryp bilmeýändiginden ybaratdyr, sebäbi olaryň maglumat gorlarynda şol faýllar barada informasiýa ýok. Bekleýjiler. Antiwirus bekleýjiler – «wirus howply» ýagdaýlary tutup, olar barada ulanyja habar berýän programmalar. Şeýle ýagdaýlara, meselem, diskiň ýükleniş sektoryna ýazgynyň edilmegi degişli. Bu ýazgy kompýutere 149

operasion sistema ýüklenilende ýa-da ýükleniji wirus bilen zaýalananda bolup geçýär. Kompýuteriň BIOS-yndaky antiwirus bekleýjileri has köp ulanylýandyr. BIOS Setup programmasy arkaly BIOS‑da sazlamany ýerine ýetirip, diskiň ýükleniş sektoryna islendik ýazgy gadagan ediler (beklener) ýaly edip bolýar hem-de kompýuter ýükleniji wiruslar tarapyndan zaýalanmakdan goranylar. Bekleýjileriň artykmaçlyklaryna olaryň, köpelmeginiň iň irki tapgyrynda wirusy ýüze çykaryp we saklap bilmek ukyby degişlidir. §25. Antiwirus programmalarynyň bazalaryny täzelemek. Antiwirus programmalarynyň ýetmezçilikleri Täze wiruslar we olaryň üýtgedilen görnüşleri her gün ep-esli mukdarda emele gelýär, şol sebäpli, kompýuteri zaýalamakdan goramak üçin, wagtal-wagtal Antiwirusy täzelemek gerek, şeýle hem hepde-de bir gezekden az bolmadyk ýagdaýda täzelenen bazalar arkaly kompýuteri barlamak gerek. Programmanyň täzelenmegi kompýutere aşakdaky obýektleri ýükleýär we gurnaýar: – Antiwirusyň bazalary. Informasiýanyň goragy howpuň signaturalaryny we tor hüjümleriň, kesgitlemelerini, şeýle hem olar bilen göreşmegiň usullaryny saklaýan maglumat gorlaryň esasynda üpjün edilýär. Gorag komponentleri olary kompýuterde howply obýektleri gözlemek we zyýansyzlandyrmak üçin peýdalanýarlar. Bazalar wagtal-wagtal täze howplar we olar bilen göreşmegiň usullary baradaky ýazgylar bilen doldurylýar. Şol sebäpli, bazalary wagtal-wagtal täzelemek zerurdyr; – Programma modullary. Antiwirus bazalaryndan baş­ ga, programma modullaryny hem täzelemek bolýar. Täze­ lenme paketleri Antiwirusyň gowşak taraplaryny aýyr­ 150

ýarlar, täze funksiýalary goşýarlar ýa-da bar bolanlary gowu­lan­dyrýarlar. Antiwirusyň serwerlerinden täzelenmeleri üstünlikli ýüklemek üçin, Internet tory bilen birleşmek zerurdyr. Deslapdan internet-birleşmäniň sazlamalary programma tarapyndan awtomatiki kesgitlenýär. Emma Internete çykmak üçin, proksi-serwer peýdalanylýan bolsa, onda programmada proksi-serweriň sazlamalaryny öňünden goýmak maslahat berilýär. Kasperskiniň antiwirusynda täzelenmeleri ýüklemegiň intellektual ulgamy amala aşyrylan, şol ulgamda bazalar diňe programmanyň işläp duran komponentleri üçin ýük­lenilýär, bu bolsa ýüklenýän täzelenmeleriň göwrümini we olary ýüklemek üçin gerek bolan wagty azaltmaga mümkinçilik berýär. Komponent goşulanda derrew degişli täzelenmeleriň ýüklenmegi başlanýar, bu bolsa goragyň aktuallygyny üpjün edýär (7-nji tablisa). Tablisadan görnüşi ýaly, täzelenme möçberi boýunça «Kasperskiniň Laboratoriýasy» Antiwirus kompaniýasy gürrüňsiz lider bolup durýar. Zyýan getiriji koduň ýaýramagynyň häzirki zaman depginlerinde antiwirus bazalaryny seýrek ýagdaýda täzelemek düýpli kemçilik bolup durýandyr, şol sebäpli gije‑gündizine täzelenmeleriň ortaça sany 1,5-den kiçi bolan (birinji 3 sanysyndan başga) kompaniýalaryň öz müşderilerini howpuň täze görnüşlerinden gorap biljekdigi barada şübhe döreýär. Emma tejribelikden görnüşi ýaly, Kasperskiniň Antiwirusy, öz artykmaçlyklary bilen bilelikde, birnäçe ýetmezçiliklere hem eýedigini görkezdi, olaryň arasynda iň esasysy bolup, tagaşyksyzlygy çykyş edýär (elbetde, käbir adamlar üçin bu fakt obýektiw däl bolmagy mümkin). Gözegçilikde saklamak hem-de özüne gözegçilik etmek boýunça dürli funksiýalaryň köplügi, dürli skanerler we monitorlar, operasion sistemanyň, diýmek, ulanyjynyň hem işini haýal edýär. 151

7-nji tablisa

Dürli öndürijileriň antiwirus bazalaryny täzelemegiň ýygylygy №

Öndüriji

1 Kasperskiniň laboratoriýasy 2 Dr Web 3 Sophos 4 BitDefender 5 ClamAV 6 AntiVir 7 F-Secure 8 Panda Software 9 Ikarus 10 Symantec (Intelligent Updater)* 11 Trend Micro 12 eTrust (Computer Associates) 13 F-Prot 14 eTrust (VET) 15 Avast 16 AVG (Grisoft) 17 Command 18 NOD32 (Eset) 19 Norman 20 RAV 21 McAfee 22 aSafe (Aladdin) 23 Symatec (LiveUpdate)*

152

Bir aýda täzelenmeleriniň sany

Bir gije-gündizine täzelenmeleriň ortaça sany

332 83 54 48 43 43 39 34 34

10,7 2,7 1,7 1,5 1,4 1,4 1,3 1,1 1,1

30 29

1,0 0,9

23 19 17 17 17 17 15 8 7 6 6

0,7 0,6 0,5 0,5 0,5 0,5 0,5 0,3 0,2 0,2 0,2

573

18,5

48-nji surat. Eset NOD antiwirusy

Sistemanyň artyk «müňkürlik etmegi», ýagny howp­ ly ýa-da howpy mümkin bolan programmalaryň sanawyna hem-de karantin ulgamyna zyýansyz programmalaryň düşmegi, kompýuterde doly derejede durnukly işlemäge mümkinçilik bermeýär, aýratyn hem eger kompýuterde programma üpjünçiligi döredilýän bolsa päsgelçilik güýçlenýär. Şol sebäpli kompýuter ulanyjylaryň köpüsi, Kas­perski­ niň antiwirusynyň çäklendirmelerinden ýadamak bilen, öz kompýuterlerini goramak üçin Eset NOD и Dr Web we ş.m. ýaly meşhur antiwiruslary ulanmagy maksadalaýyk görýärler. Eset NOD antiwirusy durmuşda örän aňsat ulanylýar işde bolsa ýeterlik derejede öndürijiliklidir. Öz işi bilen operasion sistemanyň işini haýallatmak boýunça ulanyjylar tarapyndan kän bir şikaýatlara eýe däl. Eset NOD antiwirus programmasy faýl wiruslaryna garşy has hem gowy hereket edýändir, ol şol wiruslary operasion sistemanyň içine girmedik ýa-da gönümel mag­ 153

lumat göterijiniň içinde ýok edýär, şeýlelik bilen, olaryň kompýuteriň içine girmeginiň öňüni alýar. Belli bolşy ýaly, faýl wirusy iň howply wirus programmalaryň biri bolup durýar. Eset NOD antiwirus programmasy zyýan getiriji programmalaryň öňüni almak üçin gowy, emma zäherlenen kompýuterde ol ejizdir (48-nji surat). Şol ýa-da başga wirusyň saýlanylmagy – bu ulanyjynyň öz işidir, mundan başga-da, antiwirus programma üpjün­ çiliginiň netijeliligi köp derejede ony ulanýan adama hem-de onuň nähili ulanylýandygyna bagly bolup durýar, şol sebäp­ li antiwirus programmasynyň haýsy biriniň gowudygyny anyk kesgitläp bolmaýar, ony diňe wagt we ýagdaýlar görkezer. Zyýan getiriji programmalara garşy göreşe türkmen hünärmenleri hem öz goşandyny goşýarlar. Mysal hökmünde Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginde resmileşdirilip patent alnan «Antitroýan» programmasyny getirmek bolýar, ol has howply troýan hüjümlere garşy göreşmek üçin Türkmenistanda döredildi. Bu programma barada seslenme berip, daşary ýurt internet portlary onuň aňsat ulanylýandygyny, özi öwrenip bilýändigini hem-de beýleki antiwirus programmasy bilen bilelikde we zäherlenen kompýuterde işläp bilýändigini belläp geçdiler. §26. Informasiýa bolan rugsatsyz elýeterliginden goramak. Parol goragy Informasiýa rugsatsyz elýeterlikden kadaly goragy amala aşyrmak üçin aşakdakylar zerurdyr: 1. Kompýuterde saklanylýan we işlenip taýýarlanylýan informasiýany toparlara bölmek. 2. Şol informasiýanyň ulanyjylaryny toparlara bölmek. 3. Informasiýanyň we ulanyjylaryň alnan toparlaryny biri-birine bellibir laýyklyga goýmak. 154

Ulanyjylaryň informasiýanyň dürli toparlaryna bolan elýeterliligi parollaryň ulgamyna laýyklykda amala aşyrylmalydyr, ol hökmünde aşakdakylar çykyş edip biler: – adaty parollar; – hakyky gulplar we açarlar; – ulanyjylary identifikatlaşdyrmagyň ýörite testleri; – identifikatlaşdyrmagyň ýörite algoritmleri. Informasiýany rugsatsyz elýeterlikden goramagyň ulgamlary aşakdaky funksiýalaryň ýerine ýetirilmegini üpjün edýär: 1. Identifikatlaşdyrma; 2. Autentifikatlaşdyrma; 3. Şahsy elektron hasaplaýjy maşynlaryna (Şkompýu­ ter) ulanyjylaryna elýeterliligi aýdyňlaşdyrmak; 4. Serişdeleriň (programmalar, maglumatlar, we ş.m.) üstündäki amallar boýunça ulanyjylaryň elýeterliligini aýdyňlaşdyrmak (программы, данные и т.д.); 5. Administrirleme: a) goranylýan serişdelerine elýeterliligiň hukuklaryny kesgitlemek; b) hasaba alnyş žurnallaryny işläp taýýarlamak; ç) şahsy elektron hasaplaýjy maşynlaryna gorag ulgamyny gurnamak; d) şahsy elektron hasaplaýjy maşynlaryndan gorag ulgamyny aýyrmak. 6. Aşakdaky hadysalary hasaba almak: a) ulanyjynyň ulgama girmegi; b) ulanyjynyň ulgamdan çykmagy; ç) elýeterliligiň hukuklarynyň bozulmagy. 7. Rugsatsyz elýeterliligiň synanyşyklaryna bolan reaksiýa. 8. Gorag ulgamlarynyň bitewüligini we işe ukyplygyny gözegçilikde saklamak. 9. Bejergi-öňüni alyş işleri geçirilende, informasion howpsuzlygyny üpjün etmek. 10. Heläkçilik ýagdaýlarynda informasiýany üpjün etmek. 155

Ulanyjyny identifikatlaşdyrma we autentifikat­laş­ dyrma Serişdelere elýeterliligi almazdan öň, ulanyjy kompýuter ulgamyna tanyşdyryş prosesinden geçmelidir, ol öz içine iki tapgyry alýar: – identifikatlaşdyrma – ulanyjy ulgama onuň talaby boýunça öz adyny habar berýär (identifikator); – autentifikatlaşdyrma – ulanyjy ulgama unikal, beýleki ulanyjylara belli bolmadyk özi baradaky informasiýany (meselem, paroly) girizip identifikatlaşdyrmagy tassyklaýar. Ulanyjyny identifikatlaşdyrma we autentifikatlaşdyrma proseduralary diňe bir ulanyjynyň eýe bolýan gizlin informasiýasyna (parol, gizlin açar, şahsy identifikator we ş.m.) esaslanman bilýär. Häzirki wagtda biometriki identifikatlaşdyrma we autentifikatlaşdyrma has köp peýdalanylýar, ol mümkin bolan ulanyjyny adamyň fiziologiki parametrlerini we häsiýetnamalaryny, onuň özüni alyp barmagyň aýratynlyklaryny ölçemek arkaly ynamly identifikatlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Identifikatlaşdyrmagyň we autentifikatlaşdyrmagyň bio­metriki usullarynyň esasy artyklygy şulardan ybarat: – unikal bolany sebäpli biometrik alamatlary boýunça identifikatlaşdyrmagyň hakykatlylygyň ýokary derejesi; – biometrik alamatlaryň işe ukyply şahsdan aýrylmazlygy; – biometrik alamatlary galplaşdyrmagyň kynçylygy. Mümkin bolan ulanyjyny identifisirlemek üçin biomet­ rik alamatlary hökmünde aşakdakylar peýdalanyp bilner: – gözleriň reňkli ýorkasynyň we setçatkasynyň nagşy; – barmaklaryň yzy; – eliň geometriki formasy; – ýüzüň formasy we ölçegi; – ýüzüň termogrammasy; – gulaklaryň formasy; – sesiň aýratynlyklary; 156

– DNK; – el golunyň biomehaniki häsiýetnamalary; – «klawiatura ýazuwynyň» biomehaniki häsiýetnamalary. Hasaba alyşda ulanyjy bir ýa-da birnäçe gezek özüne mahsus bolan biometriki alamatlaryny görkezmelidir. Bu alamatlar (hakyky hökmünde belli bolan) ulgam tarapyndan kanuny ulanyjynyň gözegçilik «keşbi» hökmünde hasaba alynýar. Ulanyjynyň bu keşbi elektron görnüşinde ýatda saklanylýar hem-de degişli kanuny ulanyjy hökmünde özüni tanadýan her bir adamyň hakykylygyny barlamak üçin ulanylýar. Gözleriň reňkli ýorkasynyň we setçatkasynyň nagşy bo­ýunça identifikatlaşdyrma ulgamlary iki topara bölünip bilner: – gözleriň reňkli ýorkasynyň suratyny peýdalanýan; – gözüň setçatkasynyň gan aýlanyş damarlarynyň suratyny peýdalanýan. Informasiýanyň goragy gurnalanda berjaý edilmekleri maksadalaýyk bolan bellibir kadalar bar: informasiýany goramak ulgamlaryny döretmek we peýdalanmak çylşyrymly we jogapkärli prosesdir. Gorag ulgamy ýeterlikli, ygtybarly, netijeli we dolandyrylýan bolmalydyr. Parol goragy Gizlinligi berjaý etmek üçin, goragyň wajyp usullaryň biri bolup, elýeterliligi çäklendirmek çykyş edýär. Ilkinji köp ulanyjylyk operasion sistemalarynyň döredilen pursadyndan başlap, elýeterliligi çäklendirmek üçin parollar peýdalanylýar. Häzirki wagtda peýdalanylýan operasion sistemalarda autentifikatlaşdyrmagyň parol usulynyň ýeterlikçe derejede ygtybarly goragy peýdalanylýar. Emma şol bir wagtda, Microsoft kompaniýasynyň (eger Windows operasion sistemasy barada gürrüň edilse) aşakdaky maslahatlaryny ýerine ýetirmek zerur: 157

– parolyň uzynlygy azyndan 8 simwola barabar bolmalydyr; – parolda uly we kiçi harplar, sanlar we ýörite simwollar bolmalydyr; – parolyň hereket edýän wagty 42 günden uzak bolmaly däldir; – parollar gaýtalanmaly däldir. Paroly bir gezek peýdalanýan sistemalaryna aýratyn se­ retmek gerek, olar internet-tehnologiýalaryň giňden ösmegi sebäpli has köp ýaýrap başladylar, şeýle hem biomet­rik autentifikatlaşdyrma ulgamlaryna aýratyn üns bermek gerek. Häzirki wagtda informasiýanyň rugsatsyz elýeterli­ likden goragynyň esasy usuly hökmünde AAA ulgam­ larynyň (Authentication, Authorization, Accounting – au­ten­ tifikatlaşdyrma, awtorlaşdyrma, ulanyjylaryň hukuklaryny dolandyrmak) ornaşdyrylmagy çykyş edýär. Şol tehnologiýa ulanylanda ulanyjy diňe identifikatlaşdyrma we autentifikatlaşdyrma proseduralaryndan üstünlikli geçenden soň kompýutere elýeterliligi alýar. Identifikatlaşdyrma we autentifikatlaşdyrma meseleleri çözmezden günäkäri tapmak mümkin däldir! Esasy howpsuzlyk serwisleri: – identifikatlaşdyrma we autentifikatlaşdyrma; – goranyjylyga gözegçilik etmek; – informasiýanyň bitewüligine we asyl nusgalygyna gözegçilik etmek; – torara ekranlama; – VPN gurmak; – protokollaşdyrma/audit; – elýeterliligi çäklendirmek; – howpsuzlygy dolandyrmak; – kontenti filtrlemek; – şifrleme. Häzirki wagtda, ulgamlaryň has tertipleşdirilen bolýan döwründe, elýeterliligi dogry çäklendirmegiň wajyplylygy158

na artyk baha bermek kyndyr. Şonda autentifikatlaşdyrma ulgamlaryň hem-ä daşky, hem-de içki jenaýatçylardan has ygtybarly goragy zerur bolup durýar. Ulanyjylar öz durmuşyny kynlaşdyrman has aňsat parollar bilen peýdalanjak bolýandygy barada pikirlenmek we düşünmek gerek. Şeýlelik bilen, bu ýagdaýlary geljekde aradan aýyrmak üçin, adaty parollaryň deregine autentifikatlaşdyrmagyň programma-enjam serişdeleri has köp peýdalanylar. Identifikatlaşdyrma we autentifikatlaşdyrma se­ rişde­lerini toparlaşdyrmak Identifikatlaşdyrmagyň we autentifikatlaşdyrmagyň serişdeleriniň häzirki zaman programma-enjam serişdeleri identifikasion alamatlar boýunça elektron, biometrik we utgaşdyrylan görnüşlerine bölüp bolýar. Ýörite ýagdaýlarda ulanylýandyklary sebäpli, elektron serişdeleriniň düzümine girýän bir gezeklik parol ulgamlaryny aýratyn kömekçi topara degişli edip bolýar (49-njy surat). Identifikatlaşdyrma we autentifikatlaşdyrma ulgamlary Elektron

Biometriki

Utgaşdyrylan

Gatnaşyk smart-kartalar

Statiki

Gatnaşyksyz smart-kartalar we USB-açarlar

Gatnaşyksyz smart-kartalar USB-açarlar iButton

Dinamiki

Gibrid smart‑kartalar

Bir gezeklik parollar Wagt boýunça täzelenme Gatnaşyksyz smart-kartalar we USB-açarlar

Biometriki we USB-açarlar Bir gezeklik parol ulgamy we USB-açarlary

49-njy surat. Identifikatlaşdyrma we autentifikatlaşdyrma programma‑enjam ulgamlaryny toparlara bölmek

159

Enjam-programma we parol autentifikatlaşdyrmagyň dürli tehnologiýalaryna seretmek bilen, parollaryň peý­ dalan­magy howpsuzlygyň talaplaryna kem-kemden laýyk gelme­ýändigi barada netije çykaryp bolýar, sebäbi parolyň çylşyrymly­lygynyň ýokarlanmagy we onuň sanynyň köpelmegi bilen olary ýatda saklamak üçin adam faktorynyň orny artyp durar: – ulanyjylar elmydama has ýönekeý parollary saýlarlar; – parol syýasaty has berkleşende ulanyjylar her-hili hilegärliklere ýüz urarlar (monitora, klawiatura paroly saklaýan kagyzlary ýelmemek, paroly kitapça ýazmak we ş.m.), olar parollar bilen işlemegi aňsatlaşdyrar, emma welin, howpsuzlygyň derejesini peselder; – hasaplaýjy kuwwatlyklaryň artmagy bilen parollary barlap görmek prosesi has tiz bolup geçer. Şol sebäpli köp faktorly autentifikatlaşdyrmaga geç­ meklik zerurdyr, onuň hemme görnüşleriniň arasynda hä­zirki wagtda iň ygtybarly bolup USB-açarlaryň (smart‑kartalaryň) peýdalanmagy çykyş edýändir. Amaly işler Spamdan goranmak Birinji usul Elektron salgyny grafiki şekil görnüşde görkezmek bolýar. 1. Munuň üçin islendik grafiki redaktorynda, meselem, PhotoShop-da, sahypanyň fonunyň reňkine eýe bolan ýa-da ýöne ak fonly adaty suraty döredýäris, onda elektron salgyny ýazýarys. 2. Soňra bu suraty Web üçin özgerdýäris (onuň hasa­ byna elektron salgyly grafiki suratyň minimal ölçegi gazanylýar) we ony saýtyň gerekli sahypasynda ýerleşdirýäris. Ikinji usul 1. Elektron salgyda @ simwoly Unicode@ simwol görnüşinde görkezýäris. Meselem, şol usul bilen gorany160

lan [email protected] elektron salgysy [email protected] görnüşe eýe bolar; 2. Bu ýagdaýda elektron salgy kän bir oňyn görnüşe eýe bolmaýar, emma oňa garamazdan, onuň üstüne basylanda poçta programmasy goýberiler we ulanyjy hat ýazyp biler. Kaspersky Internet Security toplumyň düzümine Anti-Spam komponenti girýär, ol poçta gelýän hemme hatlary gerekmez hatlardan (spamdan) filtrlemek bilen ulanyjy tarapyndan goýlan parametrlere laýyklykda tertipleşdirýär (50-nji surat). Anti-Spam komponentiniň howpsuzlyk derejesini üýt‑ getmek Anti-Spam-yň howpsuzlyk derejesini üýtgetmek üçin aşakdaky ädimleri ýerine ýetirmeli: 1. Programmanyň baş penjiresini açmaly. 2. Ýokarky sag burçda Настройка düwmesine basmaly. 3. Настройка penjiresinde Центр защиты goşma­ çasyna geçmeli we Anti-Spam komponenti saýlamaly. 4. Howpsuzlygyň gerek bolan derejesini goýuň. 5. Настройка penjiresinde ОК düwmesine basmaly. 6. Programmanyň baş penjiresini ýapmaly. Şeýle hem, spam faktoryň we mümkin bolan spamyň faktorynyň ähtimallyk bahalaryny goýup bolýar hem-de poç­ta barlanylanda Anti-Spam komponenti tarapyndan

50-nji surat. Anti-Spam komponenti işletmek 11. Sargyt № 1307.

161

ulanyljak takyk we bilermen usullaryny saýlap bolýar (parametrleri özbaşdak sazlamak üçin, Настройка düwmesine basmaly). Bu ýagdaýda Другой derejesi kesgitlener, ýagny Kasperskiniň laboratoriýasynyň hünärmenleri tarapyndan bellenilenden tapawutlysy. Kasperskiniň antiwirusyny gurnamak Gurnamadan öň aşakdaky ädimleri ýerine ýetirmäge maslahat berilýär: – kompýuteriň Kasperskiniň antiwirusynyň ulgamlaýyn talaplaryna laýyk gelýändigine göz ýetiriň. – Kasperskiniň laboratoriýasynyň beýleki önüm­ leriniň ýa-da özge öndürijiniň laýyk gelmeýän antiwirus programma üpjünçiliginiň gurnalandygyny barlaň. – eger kompýuterde özge öndürijiniň laýyk gelmeýän antiwirus programma üpjünçiligi ýa-da Kasperskiniň labo­ratoriýasynyň beýleki programma üpjünçiligi gurnalan bolsa, onda ony ýok ediň. – hemme işleýän programmalary ýapmaly. – eger Kasperskiniň antiwirusy Windows 8 operasion sistemasyna gurnalýan bolsa, onda programmany gurnamaga başlamak üçin Microsoft Design Language interfeýsinde Рабочий стол (Desktop) düwmesine basyp Iş meýdanyna (Рабочий стол) geçiň. 1. Standart gurnama Kaspersky Security programmasynyň gapyrjak­laýyn wersiýasy (kompakt-diskdäki) alnan bolsa hem-de önü­miň gurnalmagy kompakt-disk CD-ROM (DVD‑ROM) gur­lu­ şyna goýlandan soň awtomatiki baş­lanan bolsa program­ manyň gurnalmagynyň 2-nji ädimine geçiň. Eger Kaspersky Security programmasy internet-dükanda satyn alnan bolsa ýa-da bellibir sebäplere görä kompakt-disk CD-ROM (DVD-ROM) gurluşyna goýlandan soň awtomatiki gurnalma başlanmadyk bolsa, programmanyň gurnalmagynyň 1-nji ädimine geçiň. 162

1-nji ädim. Kaspersky Security programmasy internet‑dükanda satyn alnanda gurnaýjy faýla salgy alyn­ ýar, ony özbaşdak goýbermeli bolýar. Kaspersky Security programmaly kompakt-disk CD-ROM (DVD-ROM) gurluşyna goýlandan soň, awtomatiki gurnalma başlan­ madyk bolsa, onda hem gurnaýjy faýly özbaşdak goýbermeli bolýar. Internet-dükandan ýa-da Kasperskiniň laboratoriýa­ syndan gelen hatdaky salgy boýunça programmanyň distributiwini göçürip alyň. Faýly nähili göçürip almak barada informasiýany aşakdaky sahypalarda tapyp bolýar: – Windows 8 OS ulanyjylary üçin; – Windows 7 OS ulanyjylary üçin; – WindowsVista OS ulanyjylary üçin. 2-nji ädim. Gurnama ussasynyň penjiresinde gurnamany başlamak üçin Установить düwmesine basmaly. 3-nji ädim. Kasperskiniň laboratoriýasynyň Ygty­ ýarnama ylalaşygy bilen tanşyň. Ylalaşygy ünsli okamaly hem‑de eger onuň hemme bentleri bilen ylalaşylsa, Принять düwmesine basmaly. Programmanyň kompýutere gurnalmagy dowam etdiriler. 4-nji ädim. Programmanyň gurnalmagynyň tamamlanmagyna garaşyň. 5-nji ädim. Запустить Kaspersky Security baýda­ jy­gyň goýlandygyna göz ýetiriň we Kaspersky Security programmasynyň gurnalmagyny tamamlamak üçin Завершить düwmesine basmaly. 6-njy ädim. Çykýan penjiräni ýapyň. 7-nji ädim. Aktiwirleme koduny girizmeli we Акти­ вировать düwmesine basmaly. 8-nji ädim. Завершить düwmesine basmaly. Gurnalmadan soňky maslahatlar Programma kompýutere gurnalandan soň aşakdaky ädimleri ýerine ýetirmäge maslahat berilýär: 1. Antiwirusyň bazalaryny täzelemek. 163

2. Programmanyň baş penjiresinde kompýuteriň gora­ gynyň ýagdaýyny barlamak. 3. Kompýuteriň doly barlagyny geçirmeli. Antiwirus bazalaryny täzelemek Kasperskiniň antiwirusynyň we Kaspersky Internet Security programmasynyň wirus bazalaryny internete baglaşmadyk kompýuterde täzelemek. Täzelemek utilitasy Kasperskiniň laboratoriýasy­nyň goşundylarynyň bazalaryny we modullaryny täzelemegiň faýllaryny aýratyn bukja göçürip almak we ýatda saklamak üçin niýetlenendir (51-nji surat). KasperskyUpdater täzelenme utilitasyny göçürip almak – updateutility_win_2.1.2.88_Release_ru.zip 1. Internete çykyşy bolan kompýuterde utilitaly arhiwi islendik boş bukjada arhiwden çykaryň. Utilitany

51-nji surat. Kaspersky Updater utilitasy

164

goýbermek üçin UpdateUtility-Gui.exe faýly goýbermeli. 2. Utilitanyň penjiresinde «Программы» buýrugyna bas­maly: 3. Täzelenmeleri antiwirusyň haýsy wersiýalary üçin ýüklemelidigini belläň we «ОК» düwmesine basyň (52-nji surat). 4. «Запустить» düwmesine basyň we faýllaryň ýüklen­ mesiniň tamamlanmagyna garaşyň. 5. Täzelenmeler utilitany saklaýan bukjada ýerleşýän «Updates» bukjasyna ýüklener. Bu bukjany internete birikmedik kompýutere göçürip goýuň. 6. Internete birikmedik kompýuterde antiwirusy «Updates» bukjasyndan täzelemeli (53-nji surat). Sazlamalarda «Дополнительно» goşmaçany açyň we «Обновление» buýrugyna basyň:

52-nji surat. Täzelenmeli obýektleri saýlamak

165

53-nji surat. Täzelenmeleri sazlamak

54-nji surat. Täzelenme çeşmesini sazlamak

166

«Настроить источник обновлений» buýrugyny saýlamaly we açylan penjirede «Добавить» düwmesine basmaly (54-nji surat). «Updates» bukjasyna ýoly görkeziň we «ОК» düwmesine basyň. Kasperskiniň antiwirusynyň we Kaspersky Internet Security programmasynyň wirus bazalaryny internete baglaşan kompýuterde täzelemek Kompýuteri hemişe goramak üçin bazalary gündelik täzelemek gerekdir. Bazalary awtomatiki hem-de eldeki ýagdaýda täzelemek mümkindir. 1-nji ädim. Kasperskiniň antiwirusyny açyň. Ony Пуск menýusyndan ýa-da habar beriş töwereginde degişli nyşana basmak arkaly amala aşyrmak bolýar. Açylan penjirede Обновление düwmesine basmaly. 2-nji ädim. Täze penjirede Обновить düwmesine basmaly. 3-nji ädim. Antiwirus bazalaryň täzeleniş prosesi baş­lanar. Ýüklenişiň gidişi göterimde görkeziler. Belligiň 100% derejesine ýeten ýagdaýy antiwirusyň täzelenendigini aňladýar. Täzelenme tamamlanandan soň antiwirus bazalaryň we programma modullaryň işjeň ýagdaýy barada habar berer. Wirus programmalaryny ýükleýjilerini antiwirusy peýdalanmazdan kesgitlemek we ýok etmek Winlock wirusyny eldeki ýagdaýda ýok etmek. Wirus tarapyndan zaýalanandan soň Windows 7 operasion sistemanyň işiniň dikeldilmegi. Bu ýerde Windows 7 sistemada ulanyjynyň iş meýdanyny bekleýän wiruslary (Trojan, Winlock wiruslaryň maşgalasy) ýok etmegiň ýönekeýje usullary barada gürrüň ediler. Bu wiruslar sistemada gizlenmeýär, tersine özüniň bardygyny maksimal bildirjek bolýar, ýörite «bekleýşi ýatyrmak koduny» girizmekden başga ähli işleri kynlaşdyrýar. 167

Ekrana haýwatly habarlar çykýar, meselem, ygtyýarnamasyz programmalar peýdalanylandygy ýa-da gerekmez saýtlara girilendigi sebäpli kompýuteriň işiniň saklanmagy barada hem-de ş.m. habarlar, ýagny ulanyjyny gorkuzmak maksady bilen görkezilýär. Mundan başga-da, wirus Windows gurşawynda işleri ýerine ýetirmäge päsgel berýär – «Пуск» düwmesiniň menýusyny, «Выполнить» buýrugyny, meseleler dispetçerini we ş.m. çagyrmak üçin peýdalanylýan ýörite klawişalaryň basylmagyny gadagan edýär. Syçanjygyň görkezijisini wirusyň penjiresiniň daşyna çykaryp bolmaýar. Kada bolşy ýaly, bu ýagdaý Windows howpsuz düzgüninde ýüklenende hem gaýtalanýar. Eger beýleki kompýuter ýok bolsa, beýleki operasion sistemadan ýüklenmek ýa-da çalşyrylýan maglumat göterijiden (LIVE CD, ERD Commander, antiwirus skaneri) ýüklenmek mümkinçiligi ýok bolsa, onda ýagdaý çykalgasyz ýalydyr. Emma köp ýagdaýlarda çykalga bardyr. Sistemany konfigurirlemegiň MSCONFIG.EXE anyk­ laýyş utilitasyndan peýdalanmak bolýar. 1. Windowsy howpsuz düzgüninde buýruk setiri goldamak bilen ýüklemeli we buýruk setiriň cmd.exe inter­ pretatorynyň penjiresinde msconfig.exe ýazmaly we ENTER klawişasyna basmaly (55-nji surat). Açylan penjirede «Общие» goşmaçasynda Windowsy ýüklemegiň aşakdaky düzgünlerini saýlap bolýar: 1. Adaty ýükleniş – sistemanyň adaty ýüklenmegi. Anyklaýyş goýberiliş – sistema ýüklenende zerur bolan ulgam gulluklarynyň we ulanyjynyň programmalarynyň minimal sanynyň goýberilmegi ýerine ýetiriler (56-njy su‑ rat). Saýlap goýberiş – ýüklenişde ulgam gulluklarynyň we ulanyjynyň programmalarynyň goýberilmeli sanawyny düzmegi mümkin edýär. 2. Wirusy aýyrmak üçin anyklaýyş goýberilmek düzgüni saýlamak has amatly we ýeňildir, utilitanyň özi awtomatiki goýberilmeli programmalaryň sanawyny kesgitleýär. Eger 168

55-nji surat. Howpsuzlyk düzgüninde ýüklenmek

56-njy surat. Sistemany konfigurirlemek penjiresi

169

bu ýagdaýda iş meýdanyň beklenmegi bes edilse, onda indiki tapgyra geçmeli. Bu tapgyrda programmalaryň haýsy biriniň wirus bolup çykyş edýändigini kesgitlemeli. Munuň üçin saýlap goýberiş düzgünini ulanmak bolýar, ol aýratyn programmalaryň goýberilmegini amala aşyrmaga ýa-da aýyrmaga mümkinçilik berýär. 3. «Службы» goşmaçasy, sazlamalarynda «Автома­ тически» bellik duran ulgam gulluklarynyň goýberilmegini amala aşyrmaga ýa-da ýatyrmaga mümkinçilik berýär. Gullugyň adynyň öňünde belligiň aýrylmagy, sistema ýük­lenende şol gullugyň goýberilmeýändigini aňladýar. MSCONFIG utilitasynyň penjiresiniň aşaky böleginde «Не отображать службы Майкрософт» düzgünini goýmak üçin meýdan bar, şol düzgün işledilende diňe başga öndürijileriň gulluklary görkeziler (57-nji surat). WindowsVista / Windows 7 gurşawynda howpsuzlygyň standart sazlamalarynda sistemanyň, ulgam gullugy hökmünde gurnalan wirus bilen zaýalanmagynyň ähtimal­

57-nji surat. Ulgam gulluklaryň awtomatiki goýberilmegini sazlamak

170

58-nji surat. «Автозагрузка» goşmaçasy

lygy örän kiçidir, şol sebäpli wirusyň yzyny ulanyjylaryň awtomatiki goýberilýän programmalarynyň sanawyndan («Автозагрузка» goşmaçasyndan) gözlemeli bolar (58-nji surat). Edil «Службы» goşmaçasyndaky ýaly, MSCONFIG tarapyndan görkezilýän sanawda bar bolan islendik prog­ rammanyň awtomatiki goýberilmegini işledip ýa-da ýatyryp bolýar. 4. Eger wirus sistemada reýestriň ýörite açarlary ýa-da «Автозагрузка» bukjasynyň içi arkaly işläp başlaýan bolsa, msconfig arkaly ony diňe bir zyýansyzlandyrman, eýsem, bozulan faýlyň ýoluny we adyny kesgitläp bolýar.

171

V bölüm. Innowasion tehnologiýalary

§27. Innowasiýalar barada düşünje. Innowasion prosesi. Innowasion önümi Şu dersiň öňki kursundan innowasion tehnologiýa düşünjesiniň näme barada gidýändigi, olaryň haýsy gör­ nüşlere bölünýändigi hem-de onuň nähili we nirede amala aşyrylýandygy barada umumy düşünje berildi. Bu soraglara has çuň seretmek wagty geldi. Şol sebäpli innowasion tehnologiýalaryň düzüm gurluşyny anyk kesgitlemek gerek. Innowasion tehnologiýalaryň esasy manysy innowasiýalardan we olar bilen bagly bolan innowasion proseslerde we önümlerden ybaratdyr. Innowasiýa – ylmyň we öňdebaryjy tejribäniň gazananlaryny ulanmaklyga esaslanan, tehnika, tehnologiýa, zähmeti guramak ýa-da dolandyryş ugrunda täzelik. «Innowasiýa» adalgasy «novatio» latyn sözünden gelip çykýar, ol «täzelenme» (ýa-da «üýtgeme») manysyny berýär hem-de «in» goşulmasyndan ybarat, ol latyn dilinden «ugurda bolmak» diýlip terjime edilýär, eger sözme-söz terjime edilse «Innovatio» – «üýtgemeleriň ugrunda» bolýar. Innovation düşünjäniň özi ilkinji gezek XIX asyrdaky ylmy gözleg­ lerinde emele geldi. Täze ähmiýete «innowasiýa» düşünjesi XX asyrda awstriýaly ykdysadyýetçi Ý. Şumpeteriň ylmy işlerinde eýe boldy. Innowasiýa – täze bilimi, adamlaryň durmuşynyň ugurlaryny täzelemek boýunça öň peýdalanmadyk pikiri (tehnologiýalar, önümler, sosiumyň ýaşamagynyň guramaçylyk formalary, meselem, bilim, dolandyryş, zähmeti guramak, hyzmat, ylym, informatizasiýa we ş.m. ýaly) işläp düzmek 172

we almak üçin intellektual çözgüdi inwestirlemegiň netijesi hem-de goşmaça gymmatlyklary (girdeji, öňürtme, liderlik, ileri tutulmak, düýpli gowulanma, hil taýdan ösme, täzelik, ösüş) kesgitlenen möçberde almak bilen ony ornaşdyrmagyň prosesi. Şeýlelik bilen, şu proses zerur bolup durýar: maýa goýumlar – işläp düzmek – ornaşdyryş prosesi – hil taýdan gowulandyrmagy almak. Innowasiýa – bu islendik bir täzelik ýa-da täze girizilen zat däldir, ol hereket edýän ulgamyň netijeligini düýpli galdyrýandyr. Innowasiýa – şu görnüşlerde amala aşyrylan maýa goýum işiniň ahyrky netijesidir: – bazarda ýerlenýän täze ýa-da kämilleşdirilen önüm; – tejribelikde peýdalanylýan täze ýa-da kämilleşdirilen tehnologiki proses. Häzirki wagtda innowasiýalaryň görnüşlerini kesgitlemek üçin köp çemeleşmeler bardyr. Ynha olaryň biri. Innowasiýalaryň görnüşleri: – tehnologik – bar bolan önümiň, tehnikanyň täze ýa-da netijeli önümçiligini gazanmak, täze ýa-da kämilleşdirilen tehnologiki prosesler. Önümçiligi guramak we dolandyrmak ugrundaky innowasiýalar tehnologik görnüşine degişli däl; – durmuş taýdan (proses) – sosiumyň gaýtadan gur­ nalyşynda adamyň durmuşynyň ugurlarynyň täzeleniş prosesi (pedagogika, dolandyryş ulgamy, hemaýatkärlik, hyzmat ediş, prosesi guramak); – önümleýin – täze we peýdaly häsiýetli täze önümleri döretmek; – guramaçylyk – menejment ulgamyny kämilleşdirmek; – marketing – önümleriň bezeginde we gaplanyşynda düýpli üýtgemeleri öz içine alýan, täze we ep-esli gowulandyrylan marketing usullaryny amala aşyrmak, önümleri (hyzmatlary) ýerlemegiň we mahabatlandyrmagyň täze 173

usul­laryny, satmak üçin, olary bazarlara hödürlemegiň dürli usullaryny ulanmak, täze nyrh strategiýalaryny döretmek. Innowasiýanyň görnüşi, işlemegiň netijesinde innowasion önümi emele getirýän prosesi kesgitleýändir. Innowasion prosesi Innowasion prosesi – pikiriň haryda öwrülýän prosesidir, ol düýpli we amaly barlaglar, gurnawçylyk işler, marketing, önümçilik we ýerlemek tapgyrlaryny geçýändir. Umuman innowasion prosesini iki sany esasy tapgyra bölmek bolýar: birinji tapgyr (ol iň dowamlydyr) öz içine ylmy barlaglary we gurnawçylyk işleri alýar, ikinji tapgyr özi bilen önümiň ýaşaýyş döwri bolup durýar. Innowasion taslamanyň çylşyrymlylygyna baglylykda, innowasion prosesiniň birinji tapgyrynda çözülýän meseleler örän dürli bolup bilýändir. Ýagny uly innowasion taslamalar işlenip düzülende we özleşdirilende beýleki toparlar tarapyndan dürli wagtda gazanylan ylmy-tehniki işiň

59-njy surat. Innowasion prosesiniň tapgyrlary

174

netijeleriniň ulgamlaýyn integrasiýasy, aýratyn kömekçi ulgamlaryň hem-de tutuş tehnologiýalaryň sazlanmagy we goşmaça işlenmegi amala aşyrylýar. Bu tapgyrda işleri ýerine ýetiriji bolup ýokary okuw mekdepleriň, uniwersitetleriň, institutlaryň, ylmy-tehniki merkezleriň alymlarynyň we inžener-tehniki işgärleriniň döredijilik toparlary çykyş edýärler (59-njy surat). Innowasion önümi Innowasion önümiň ýaşaýyş döwri Täze girizilen zadyň ýaşaýyş döwri – täze pikiriň döremeginden başlap, onuň täze önümlerde amaly taýdan amala aşmagynyň şol önümleriň tä könelişmegine we önümçilikden aýrylmagyna çenli wagtdyr. Ýaşaýyş döwri 6 tapgyrdan ybaratdyr: 1) pikiriň döremegi we oýlanyp tapylan zadyň döremegi; 2) ylmy barlaglar we oýlanyp tapylan zatlaryň amala aşmagynyň mümkinçiliklerini tejribe taýdan barlamak; 3) täze önümiň bazarda emele gelmegi we islegleriň emele gelmegi (ösüş); 4) täze önümleriň köpçülikleýin taýýarlanylmagy; 5) bazary kanagatlandyrma; 6) satuwlaryň kem-kemden peselmegi we önümiň bazardan gysylyp çykarylmagy. Tehnologiýany (diýmek, önümi) peýdalanýanlar: Täzelikçi – tehnologiki täzelikleri yzarlaýarlar. Kada bolşy ýaly, olar bazarda täzelikler heniz giňden ýaýramanka olara elýeterligi almaga çalyşýarlar. Irki tarapdarlar – olaryň satyn almak baradaky çözgüdi täze tehnologiýanyň artykmaçlyklarynyň we olaryň bähbitleriniň arasyndaky olaryň akyl ýetirýän laýyklyk derejesine esaslanýandyr. Irki köpçülik – olar üçin täze tehnologiýanyň amaly taýdan ähmiýeti wajyp bolup durýar. Giçki köpçülik – olar, önüm tä umumy ykrar edilen standart bolýança garaşýarlar. 175

Yza galýanlar – tehnologiki täzelikleri yzarlamaýarlar hem-de şol tehnologiýa bir haryda siňdirilen bolsa satyn alýarlar, emma ony peýdalanmaýarlar. §28. Kompýuter tehnologiýasyndaky innowasiýalar Soňky 25 ýylyň dowamynda tehnologiýalaryň ösmegi biziň durmuşymyzy we gatnaşyk görnüşini düýpli üýtgedendir. Emma dünýä belli CNN kanaly tarapyndan 25 sany iň gowy oýlap tapylan zatlaryň sanawyny düzmek üçin çagyrylan bilermenler topary biziň durmuşymyzy internet döwrüniň gelmegi ýaly hiç bir zat şeýle güýçli üýtgeden däldir diýip hasaplaýar. 1980-nji ýylda ykjam telefonlar ýokdy, adamlar informasiýany kitapdan alýardylar hem-de ol soňky owaz ýazgylaryny satyn almak isleýän bolsa ol ýörite owaz önümleri satylýan dükanyna barýardy. Häzirki wagtda biz şolaryň hemmesini öýden çykman internetiň kömegi bilen alyp bilýäris. Informasion tehnologiýalaryň döwründe informasiýa bolan tiz elýeterlilik ösüş üçin iň esasy şert bolup durýar. Pudaklaryň bir toparynda innowasiýalar hakyky özgerişe getirdi. Dünýäde kompýuterleriň peýdalanylyşynyň ösmegi bilen, kompýuteriň «beýni» hasaplanylýan pro­ses­ sor­laryň ölçegi kiçelýändir. Kompýuter çipleri tehno­logiki innowasiýalaryň sanawynda 9-njy orna eýe bolupdyrlar. Häzirki wagtda, barmagyň ujunda ýerleşýän çip, informasiýanyň uly mukdaryny saklap bilýändir. Ykjam telefonlarda ýa-da sanly fotoenjamlarda (bilermenleriň düzen sanawynda 10-njy orunda durýar) informasiýanyň uly mukdaryny saklamak ukyby tehnologiki täzelikleri ykjam edip goýýar. Emma internet tehnologiýalarynyň kämilleşmegi bilen, wiruslar we spam (sanawda 20-nji orun) hem olar bilen bile kämilleşýändir. Internet döwrüniň başynda ol ýylansyz jennet ýaly görünýärdi. Emma häzirki wagtda biz internetdäki dürli aldawçylar we wiruslar tarapyndan döre176

dilen kynçylyklar bilen duşuşýarys, olar bolsa kompýuteri hatardan çykaryp ýa-da şahsy maglumaty ogurlap bilýärler. Biziň durmuşymyzy üýtgeden innowasiýalaryň köpüsi ylmy tejribehanalarda emele geldi. Alymlar kompýuter gen inženeriýasy arkaly köp jandarlaryň genetiki düzümini anyk­lapdyrlar (sanawda 7-nji orun), bu bolsa biotehnologi­ ýanyň – jandaryň genetiki materialyny dolandyrmak baradaky ylmyň ösüşine getirdi. Senagat önümçiliginde robotlaryň emele gelmegi işleri has tiz we arzan ýerine ýetirmäge mümkinçilik berdi. Robotlar, şeýle hem önümçilikde kompýuter modelirlemesiniň tehnologiýalary sanawda 23 orna eýe boldular. 12-nji orun optiki-süýümli kabele – örän inçe aýna sapaklaryna berildi, olaryň üsti bilen iberilýän şekiller we informasiýa adaty kabeller we simler bilen tapawutlylykda has gowy hil bilen geçirilýär. Süýümli optika telefon aragatnaşygynyň hilini gowulandyrdy hem-de telefon torlarynyň kuwwatlyk­ laryny giňeltmäge mümkinçilik berdi. Tehnologiýalaryň we internetiň ösüşi maliýe amallaryny amala aşyrmagy we bank hyzmatlaryndan (sanawda 8-nji orunda dur) peýdalanmagy üýtgetdi. Lazer tehnologiýalaryna (sanawda 6-njy orun berildi) bolan patent 1960-njy ýylda alnan hem bolsa, bu tehnologiýalar örän köp ýyllardan soň peýdalanyldy – lukmançylykda, CD we DVD diskleriň ýazylmagynda we aýtdyrylmagynda. Innowasiýalar we kompýuter tehnologiýalary Çykarylýan önümiň ulanyjylyk häsiýetini gowulandyrmaga we onuň bahasynyň peselmegine gönükdirilen işjeň innowasion işi bäsdeşlik bazarynda amatly orunlary eýe­ lemegiň we saklamagyň zerur bolan şerti hökmünde çykyş edýändir. Emma ony amala aşyrmak üçin uly intellektual, maddy serişdeler we wagt gerekdir. Şu ýerde inženerçilik seljermäniň we taslamanyň komp­ýuter tehnologiýalaryny düýpli häsiýetini aýratyn 12. Sargyt № 1307.

177

bel­lemek gerek. Kompýuter tehnikasynyň we informasion tehnologiýalarynyň güýçli ösmegi oýlap tapyjylygyň dünýä tejribesine esaslanan, oýlap tapmagyň täze intellektual teh­ nologiýalaryny işläp düzmäge mümkinçilik berýär. Beýleki tehnologiýalardan tapawutlylykda kompýuter we informasion tehnologiýalary innowasiýany diňe bir ulanýan bolmaýar-da, olar innowasion prosesiň wajyp guraly, köplenç, innowasion taslamanyň ösüş ugruny beriji hökmünde çykyş edýär. Geliň indi, kompýuter tehnologiýalarynyň iň soňky innowasion gazananlaryna seredeliň. 3D-skaner – fiziki obýekt seljerýän we alnan maglu­ matlaryň esasynda onuň 3D modelini döredýän gurluş. 3D-skanerler skanirlemegiň usuly boýunça iki görnüşe bölünýärler: – gatnaşykly, bu usul skaneriň barlanylýan obýekt bilen hökmany gatnaşmagyna esaslanýar; – gatnaşyksyz Gatnaşyksyz gurluşlar öz gezeginde iki aýry topara bölüp bolýar: – aktiw skanerler; – passiw skanerler. Aktiw skanerler obýektlere bellibir gönükdirilen tolkunlary (köplenç, ýagtylygy lazeriň şöhlesini) ýaýradýarlar we seljermek üçin onuň serpikmesini alýarlar. Ulanylýan şöhlelenmäniň mümkin bolan görnüşleri öz içine ýagtylygy, ultrasesi ýa-da rentgen şöhlelerini alýandyr. Passiw skanerler obýekte şöhle ýaýratmaýarlar, olar serpikdirilen daşky şöhlelenmäni tapmaklyga esaslanýar. Şeýle skanerleriň köpüsi elýeterli daşky şöhlelenme bolup durýan görünýän ýagtylygy kesgitleýärler (60-njy surat). 3D-skanirlemegiň dowamynda model gönümel ekranda şekillendirilip başlanýar, şol sebäpli onuň kemçiliklerini görüp bolýar hem-de hakyky obýekti gerekli ýagdaýa öwrüp bolýar ýa-da gerek bolan ýere skaneri golaýlaşdyryp bol­ 178

60-njy surat. 3D-skanirleme

61-nji surat. Skanirlemek üçin obýekt – çylşyrymly binagärçilik kompozisiýasy

ýar. Şonda skanirleme bir tapgyryň çäginde üznüksiz bolup geç­ýär. Şol sebäpli soňundan az wagt bejerilýän has takyk model­leri alyp bolýar. Skanirlemegiň netijesinde alnan maglumatlar awtomatiki faýl görnüşinde sak­lanylýar, şol faýly 3D modelirlemek üçin toplumyň içine (3DS-MAX, AutoCAD we başg.) geçirip bolýar ýa-da çap edip bol­ýar. 3D-skanerler binagärçilik desgalary, ýagny sütünler, heýkeller we emblemalar, bütin bezegleri skanirlenende örän peýdalydyr (61-nji surat). 3D-skanerler toplumlaýyn organlaryň we süňkleriň gurluşynyň ýokary takyklykda ýerine ýetirilen reproduksiýalaryny döretmäge mümkinçilik berýär, lukmançylyk biliminiň netijeliligini ýokarlandyrýar. Mundan başga‑da, 3D-skaner ortodontik skobalaryň we hususy sargytlar boýunça takyk goldaw üçin beýleki gurallaryň taýýarlanmagyny düýpli ýeňilleşdirýär. 3D-printer – sanly 3D model boýunça fiziki obýektiň gatlaklaýyn dörediliş usulyny peýdalanýan gurluş. 3D-çap işi dürli usullar arkaly we dürli materiallar bilen amala aşyrylyp bilýändir, emma olaryň islendiginiň esasynda gaty obýekti gatlaklaýyn döretmek (ösdürmek) düzgüni bardyr (62-nji surat).

179

62-nji surat. 3D-printer hem-de onuň önümi

63-nji surat. Kiçi önümleri döretmek üçin 3D-printer

Häzirki wagtda 3D-printerleriň örän köp sany bardyr. Geliň olaryň käbirlerine seredeliň. Cube 3D printeri reňkli 3D çap üçin professional printer hökmünde tanalýar. Toplanmagyna baglylykda 3D printer bir, iki we 3 üç material arkaly çap edýär (63-nji surat). Printer reňkli plastikden bolan zatlary döretmäge mümkinçilik berýär, bu enjam çap etmegiň dowamynda reňkleri utgaşdyr­maga mümkinçilik ber­ýär. Umuman 18 sany reňk we olaryň 4 000 sany utgaşmasy bardyr.

64-nji surat. 3D-printerde çap edilen kiçi Eýfel minarasy bilen tigir

180

Ilkibaşda 3D-printerler kiçi şaýlary döretmek üçin döredilipdi, emma soňra tehniki gurluşlar we tigir ýaly hereketleniş serişdeleri «çap edilip» başlandy (64-nji surat). Emma eýýam birnäçe ýyllaryň dowamynda 3D-printer­ leriň ulanylmagy senagat ölçeglerine ýetdi. Alymlaryň aýtmagyna görä basym jaýlaryň gurluşygy dolulygyna awtomatlaşdyrylmaly. Günorta Kaliforniýa uniwersitetiniň professory Berok Hoşnewis bir günüň dowamynda meýdany 250 kw.m. bolan aýratyn jaýy gurup bilýän 3D-printeri işläp düzüpdir. Hoşnewisiň oýlap tapan zady ägirt uly robot bolup durýar, onuň çarçuwasynda lüle ýerleşdirilýär, onuň içinden beton garyndysy geçýär hem-de kompýuteriň öňünden bellenilen meýilnamasy boýunça gatlaklaýyn goýulýar. «Hakykatda, bu gurluşyk üçin 3D-printeriň görnüşidir» − diýip, professor aýdýar. Alymyň işi Contour Crafting tehnologiýasyna esas­ lan­ýar: işçilerden talap edilýän zat – relsleri geljekde

65-nji surat. 3D çap etmegiň Contour Crafting tehnologiýasy

181

bolmaly jaýyň ugry boýunça gurnamak we onuň üstünde 3D-prin­teriň gurnawyny goýmakdyr. Galan işi kompýuter ýerine ýetirýär: robot relsleriň ugry boýunça hereketlenip, tä jaý gurulýança beton garyndysyny goýup durýar. Gurluşykçy­l aryň paýyna taýýarlanan boşluk ýerlerde äpişgeleri we gapylary goýmak galar (65-nji su‑ rat). Hoşnewisiň aýtmagyna görä, Contour Crafting tehnologiýasy jaýy gurmak üçin çykdajylary azaltmaga mümkinçilik berer, mundan başga-da, bu ulgamy ýer titremesinden we beýleki tebigy betbagtçylyklardan zeper çeken jaýlary bejermek üçin ulanyp bolar. Oýlap tapyjy öz oýlap tapan zadynyň gurluşyk pudagynda işçi ýerlerini azaltmajakdygy barada kepil berýär, eýsem, tersine, ol täze iş ýerleri döreder diýip çaklaýar. Täze jaýlaryň gurluşygyna çekilen işçiler ýokary hünär derejesine eýe bolar, «çap edilip gurlan» binalaryň hili örän ýokary bolar, gurluşyga sarp edilýän wagt we energiýa resurslary tygşytlanar. Täze tehnologiýa üçin geljekde ähmiýetli ugur diýip, professor, Aýyň we Mars planetasynyň üstünde binalaryň gurluşygyny hasap edýär. Täze planetalardaky ýeriň ba-

66-njy surat. «Çap edilen» jaý

182

zalary tutuşlygyna 3D-printerler arkaly gurlar diýilýär; sebäbi adaty gurluşykçylardan tapawutlylykda, iş üçin kislorod gerek däl hem-de olar ekstremal ýagdaýlarda, meselem, wakuumda ýa-da ýokary temperaturalarda işläp bilýärler. Gurlan ulgam barlagçy alymlar tarapyndan testirlenýär, olar geljekde bu sistemany täjirçilik tarapyndan ulanmaga berip biljekdiklerine ynamlary bar (66-njy surat). Eýýam häzirki wagtda senagat 3D-printerleri arkaly «çap edilen» jaýlaryň mysallary bar. Meselem, uzynlygy 150 m, ini 10 m we çuňlugy 6 m bolan Şanhaýdaky printer bir günüň dowamynda birnäçe jaýy «çap edýär». Gymmat plastiga derek hytaý kompaniýasy gaýtadan işlenen gurluşyk we senagat galyndylardan, şeýle hem şahtanyň zyňyndylaryndan edilen garyndyny peýdalanýar. Şolar ýaly jaýyň her biri önümçilikde 5000$ gymmat durmaýar. Biotehnologiýa we bioinformatika Tehnologiýalaryň tiz depginli ösýän döwründe biotehnologiýa ugrunyň örän ýokary gyzyklanma eýe bol­ ýandygyny göz ýetirmek kyn däl. Tehnologiýanyň bu ugry janly organizmleri, olaryň sistemalaryny tehnologiki meseleleri çözmek üçin ulanmak mümkinçiligini, şeýle hem gen inženeriýasynyň usuly arkaly zerur bolan häsiýetli janly organizmleri döretmek mümkinçiligini öwrenýän ylymdyr. Biotehnologiýanyň esasyny tebigy ylymlar, ýagny genetika, molekulýar biologiýa, embriologiýa we öýjük biologiýa, şeýle hem amaly dersler – himiýa we maglumat tehnologiýalary we robototehnika düzýär. Innowasion kompýuter tehnologiýalarynyň ösmegi biotehnologiýanyň täze ugrunyň – bioinformatikanyň döremegine getirdi. Bioinformatikanyň esasy maksady – biologiýa proseslerine düşünmäge ýardam bermek. Bioinformatikanyň beýle183

67-nji surat. Biotehnologiýanyň obýektleri

ki usullardan esasy tapawudy – bu maksada ýetmek üçin intensiw hasaplaýyş usullary döretmekdir. Munuň üçin keşpleri tanamak, data mining, maşyn öwrediş algoritmleri hem-de biologiýa maglumatlaryny şekillendirmek ýaly usullar peýdalanylýar. Barlagçylaryň esasy ünsi yzygiderlikleri deňleşdirmek, genleri tapmak, genomy aýdyňlaşdyrmak, dermanlary düzmek we işläp taýýarlamak ýaly meselelere gönükdirilen. Häzirki wagtda bioinformatika, biologiýa maglumatlaryny dolandyrmakda we seljermekde emele gelýän amaly we nazary meseleleri çözmek üçin maglumatlar goruny, algoritmleri hasaplaýyş we hasabat usullary döretmegi we kämilleşdirmegi göz öňünde tutýandyr (67-nji surat). Bioinformatikanyň esasy düzüm gurluşyny, elbetde, kompýuter programmalary düzýändir: – JalView – nukleotid we aminoturşulyk yzygiderlikleri köp gezekli deňleşdirmegiň redaktory; – Populations – populýasiýa-genetiki seljerme; – MEGA – molekulýar-ewolýusiýa genetiki seljerme; 184

68-nji surat. Jalview programmasy

– Mesquite – Java dilinde deňeşdirme biologiýa üçin programma hem-de beýleki programmalar. Bu programmalar ägirt uly (adamyň başarmaýan) tizlikde biologiki we beýleki maglumatlary işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýärler (68-nji surat). Bu görkezilen zatlar innowasion kompýuter tehnologiýa­ larynyň häzirki güne çenli gazanan netijeleriniň doly sanawy däldir, esasy açyşlar geljekde ediler. Amaly işler Internet tory arkaly kompýuter tehnologiýasy ug­ rundaky soňky innowasiýa önümleri bilen tanyşmak 1. 20-nji asyrda gazanylanlary we oýlap tapylan zatlary seljermek. Siziň pikiriňiz boýunça adamlaryň durmuşyna we gözýetimine, daşky gurşaw we öz-özi bilen özara gatnaşygyna has köp derejede täsir eden, 20-nji asyrda oýlap tapylan zatlaryň (nowasiýalaryň, innowasiýalaryň) sanawyny berlen tablisa boýunça dörediň. 185



Ady

1.

Döredilen wagty

Mümkinçilikleri, ondan öň ulanylan zatdan tapawudy

2. Internetiň maglumatlaryny seljermek Kompýuter we informasion tehnologiýalary ugrunda soňky ýylda amala aşyrylan açyşlaryň we oýlanyp tapylan zatlaryň gözlegini ýerine ýetiriň, özbaşdak ol barada gysgaça maglumat ediň, hemme zerur bolan maglumatlaryny görkeziň – adyny, awtorlaryny, ulanylýan ýerini, täzeligini, mümkinçiligini, geljegini we ş.m. Şol ugurda iň görnükli açyşy kesgitlemek boýunça okuwçylaryň arasynda bäsleşik geçiriň. Soraglar 1. Innowasiýa näme hem-de oňa nähili kesgitlemeleri berip bolýar? 2. Innowasiýanyň görnüşlerini sanap geçiň. 3. Innowasion prosesi haýsy esasy tapgyrlardan ybarat? 4. Innowasion önümiň ýaşaýyş döwri nämeden ybarat? 5. Innowasion tehnologiýalary peýdalanýanlaryň haýsy görnüşlerini bilýärsiňiz?

186

Mazmuny Sözbaşy.................................................................................... 7 I bölüm. Informasion sistemalar §1.

§2. §3. §4. §5. §6. §7. §8.

Özara hereket edýän elementler bilen emele gelen sistemalar, elementleriň ýagdaýlary, elementleriň arasynda informasiýanyň alyş-çalşygy........................................ 9 Dolandyryş çözgüdi taýýarlaýyş, kabul ediş we dolandyryjy täsiri işläp düzmek hökmünde. Dolandyryş ters baglanyşygyň orny.......................... 15 Özüni dolandyrýan sistemalar, olaryň aýratynlyklary............................................................ 20 Dolandyryşyň çylşyrymly sistemalary barada düşünje, sistemalaryň iýerarhiýa tertibi................... 22 Özi guralýan sistemalar............................................. 26 Informasiýanyň mukdary bilimleriň kesgitsizliginiň peseltmek ölçegi hökmünde............. 28 Informasiýany gözlemek we saýlap almak. Gözleg usullary. Saýlap almagyň ölçegleri....................................................................... 30 Informasiýanyň saklanylmagy, informasiýany saklamagyň usulyny saýlamak.................................. 38

187

§9.

Informasiýany işläp taýýarlamak. Informasiýany ulgamlaşdyrmak. Informasiýany görkezmegiň görnüşini üýtgetmek. Formal kadalaryň esasynda informasiýany özgertmek........................................... 44 §10. Maglumatlary awtomatlaşdyryp işläp taýýarlamagyň mümkinçilikleri, artykmaçlyklary we ýetmezçilikleri.......................... 48 §11. Jemgyýetde, tebigatda we tehnikada prosesler seljerilende IKT-niň esasy serişdelerini peýdalanmak......................................... 56 §12. Şahsy informasion gurşawy guramak....................... 61 II bölüm. Maglumat bazalary §13. MS Access goşundynyň SQL diline giriş................... 68 §14. Esasy SQL sözlemleri: SELECT, FROM we WHERE................................................................. 73 §15. SQL dilinde tertipleşdirme we toparlaşdyrma......... 76 §16. Çylşyrymly SQL talaplaryny döretmek. Goşmaça sözlemleri peýdalanmak............................................. 79 III bölüm. Kompýuter torlary arkaly informasiýanyň alyş‑çalşygynyň serişdeleri we tehnologiýalary (tor tehnologiýalary) §17. Aragatnaşyk kanallary we olaryň esasy häsiýetnamalary. Päsgelçilikler, zen-zele, geçirilýän informasiýanyň üýtgemegi....................... 94 §18. Informasiýanyň artyklygy onuň geçirilmeginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak serişdesi hökmünde. Ýalňyşlyklary tapmak we düzetmek boýunça kodlary ulanmak........................................ 100

188

§19. Tor tehnologiýalarynyň mümkinçilikleri we artykmaçlyklary........................................................ 104 §20. Internetde salgylanma............................................. 117 §21. Alyş-çalyş protokollary. Maglumatlary ibermegiň TCP/IP protokoly................................... 121 §22. Web-saýtlary döretmegiň gural serişdeleri............ 133 IV bölüm. Informasiýa‑kommunikasiýa sistemalarynda howpsuzlyk §23. Wirus hüjümi. Bagt hatlary. Spam. Internetde howpsuzlyk................................................................ 141 §24. Antiwirus goragy. Antiwirus programmasy............ 147 §25. Antiwirus programmalarynyň bazalaryny täzelemek. Antiwirus programmalarynyň ýetmezçilikleri........................................................... 150 §26. Informasiýa bolan rugsatsyz elýeterliginden goramak. Parol goragy............................................. 154 V bölüm. Innowasion tehnologiýalary §27. Innowasiýalar barada düşünje. Innowasion prosesi. Innowasion önümi................... 172 §28. Kompýuter tehnologiýasyndaky innowasiýalar...... 176

189

Maksat Çüriýew, Serdar Gandymow, Annamuhammet Nurmuhammedow, Irkýam Abdurahmanowa Informasiýa-kommunikasiýa we innowasion tehnologiýalary Umumy orta bilim berýän mekdepleriň XI synpy üçin synag okuw kitaby

Redaktor Teh. redaktor Surat redaktory Neşire jogapkär

190

A. Aşyrowa O. Nurýagdyýewa G. Orazmyradow T. Weliýew

Çap etmäge rugsat edildi. Ölçegi 60х901/16. Şertli çap listi. Şertli reňkli ottiski. Hasap-neşir listi. Çap listi 12,0. Sargyt № 1307. Sany. Türkmen döwlet neşirýat gullugy. 744000. Aşgabat. Garaşsyzlyk şaýoly, 100.

191

Okuw kitabynyň peýdalanylyşy barada maglumat Okuwçynyň ady № we atasynyň ady 1 2 3 4

Okuw ýyly

Kitabyň saklanyş ýagdaýy Okuw ýylynyň Okuw ýylynyň başynda ahyrynda